Adam howpsuzlygy babatyndaky Bilelikdäki maksatnamanyň iş topary milli hyzmatdaşlary gazanylan üstünlikler bilen tanyşdyrýar
28 iýul 2022
- BMG-niň gatnaşýan düzümleýin edaralary tehniki toparyň üçünji ýygnagynda “Global pandemiýa bilen baglanyşykly köpdürli töwekgelçilikleri we howplary azaltmak üçin habarlylygy ýokarlandyrmak we bu işe ýaşlary çekmek” atly Bilelikdäki maksatnamany durmuşa geçirmek ugrunda gazanylan üstünlikleri Hökümete hödürledi.
Duşuşyga Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, ýerli hakimlikleriň, Türkmenistanyň Ýaşlar guramasynyň, Aýallar bileleşiginiň we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň 18 wekili gatnaşdy we saglyga, jemgyýete, daşky gurşawa we şahsy howpsuzlyga gönükdirilen, ýaşlaryň ýolbaşçylygyndaky jemgyýetçilik başlangyçlaryny durmuşa geçirmegiň utgaşdyrylan çemeleşmelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Gatnaşyjylar saglyk pandemiýasy bilen baglanyşykly islendik töwekgelçilikleri azaltmaga ýardam edýän öňüni alyş çäreleriniň ähmiýetini we bu tagallalary güýçlendirmek üçin ýaşlaryň meýletinçiliginiň we olaryň mümkinçiliklerini giňeltmegiň möhüm ornuny belläp geçdiler. Bilelikdäki maksatnamanyň çäginde meýletinçiligiň mundan beýläk-de ösmegi, ýaşlaryň mümkinçiliklerine maýa goýumlaryny höweslendirip biler, bu bolsa öz gezeginde olaryň jemgyýetleriniň durnuklylygyny ýokarlandyrmaga ýardam eder.
BMG-niň we Türkmenistanyň Hökümetiniň Bilelikdäki maksatnamasy, döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda, dört jemgyýetçilik başlangyçlaryny meýilleşdirmek, işläp düzmek we durmuşa geçirmek arkaly Lebap we Daşoguz welaýatlarynda ýaşlaryň mümkinçiliklerini giňeltmegi we olary bu işlere çekmegi maksat edinýär. Bu başlangyçlar, adam howpsuzlygy baradaky çemeleşmäni öz içine alýar we “hiç kimi ünsden düşürmezlik” ýörelgesine laýyklykda Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň iň ejiz toparlaryna gönükdirilendir.
Tehniki iş topary Bilelikdäki maksatnamany dolandyrmagyň bir bölegi hökmünde döredildi we Maksatnamanyň durmuşa geçirilişiniň hilini üpjün etmek üçin döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we BMG-niň düzümleýin edaralarynyň tehniki ýolbaşçylaryny öz içine alýar. Şeýlelik bilen, tehniki iş topary kararlary kabul edýär, maksatnamanyň durmuşa geçirilişine gözegçilik edýär we tehniki goldaw berýär.
***
Birleşen Milletler Guramasynyň Adam howpsuzlygyny üpjün etmek üçin maksatly gaznasy we BMG-niň düzümleýin edaralary (UNFPA, UNICEF, UNODC we IOM) tarapyndan maliýeleşdirilýän “Global pandemiýa bilen baglanyşykly köpdürli töwekgelçilikleri we howplary azaltmak üçin habarlylygy ýokarlandyrmak we bu işe ýaşlary çekmek” atly BMG-niň we Türkmenistanyň hökümetiniň Bilelikdäki maksatnamasy jemgyýetiň jebisligini, adamlaryň eklenjini we mertebesini ýokarlandyrmak arkaly ýaşlar bilen döwlet işgärleriň arasyndaky sebitleýin derejede gepleşikleri pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Adam howpsuzlygy babatyndaky çemeleşme iň amatly konsepsiýa hökmünde ulanylýar, çünki ol adamlara gönükdirilen, sebite laýyklykda we toplumlaýyn, hem-de öňüni alyş çäreleri tekli edýän gurallar toplumyny hödürleýär.
Bu maksatnamanyň amala aşyrylmagyna ÝUNFPA, Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasy we Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi ýolbaşçyk edýär. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan utgaşdyrylan beýleki hyzmatdaşlar BMG-niň Çagalar gaznasy, Halkara migrasiýa guramasy, BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirligi we Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi, Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Döwlet, Hukuk we Demokratiýa Instituty, Türkmenistanyň Adalatçysynyň Diwany we jemgyýetler bilen işleýän ýerli jemgyýetçilik guramalary.
Habarlaşmak üçin:
Natalýa Çemaýewa
Bilelikdäki maksatnamanyň dolandyryjysy, ÝUNFPA
Elektron poçta: chemayeva@unfpa.org