BMG Durnukly ösüş maksatlary boýunça Meýletin milli syna taýýarlanmak üçin döwlet gullukçylary bilen duşuşyklary geçirýär. Bu syn 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibiniň durmuşa geçirilişinde gazanylýan öňegidişlikler barada bolup, ol indiki ýyl BMG-niň Ykdysady we jemgyýetçilik geňeşiniň saýasynda geçiriljek Ýokary derejeli syýasy forumda görkeziler.
Türkmenistanyň ministrlikleriniň we bölümleriniň wekilleri, şeýle-de BMG-niň gulluklary 4-nji, 8-nji, 10-njy, 13-nji, 16-njy we 17-nji maksatlar boýunça ugurlaryň, görkezijileriň we maglumatyň elýeterliligi barada maslahatlaşdy.
Duşuşygyň dowamynda milli hasabaty taýýarlamak boýunça hereketleriň maksatnamasy görkezildi. Gatnaşyjylar gözegçilik ediş boýunça teklip edilen senenamany ara alyp maslahatlaşdy, bu senenama görä, degişli döwlet institutlary milli hasabat üçin maglumaty ýygnar, derňar we degişli hasabatlary düzer.
Ondan başga-da, olar maglumat ýygnamagyň we ony derňemegiň ýygylygy, esasy görkezijileriň elýeterliligi we olaryň tapawutlylygynyň derejesi barada hem ylalaşdy.
Döwlet gullukçylary milli maksatnamalara girizmek üçin ugurlary we görkezijileri ara alyp maslahatlaşdy we öňegidişlikleri gazanmak we olara gözegçilik etmek ugrunda jogapkär ministrlikleri belledi.
Bu maglumatlar Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini durmuşa geçirmekde gazanan üstünliklerini görkezmäge, BMG-niň gulluklaryna bolsa geljekki goldaw beriş işleri üçin maksatnamalary işläp düzmäge ýardam berer.
Durnukly ösüş maksatlary boýunça duşuşyklar işlenilip düzülmeli usulyýetler we maglumaty ýygnamagyň täze usullary babatda zerurlyklary ýüze çykarmaga ýardam berer. Ondan başga-da, olar ýokary derejeli milli hasabata taýýarlanmagy üpjün eder.