BMG-niň “Hemmeler üçin irki duýduryş” başlangyjy hemme ýerde durmuşa geçirilýär
21 mart 2023
Howanyň üýtgemegine sebäp bolmadyk adamlar howa şertleriniň zyýanly täsirinden ejir çekýärler
Irki duýduryş howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagyň täsirli we tygşytly usulydyr
Nýu-Ýork, 2023-nji ýylyň 21-nji marty - 2027-nji ýyla çenli irki duýduryş arkaly ýeriň ýüzündäki her bir adamy goramak boýunça global başlangyç hemme ýerde batly depginde durmuşa geçirilýär. Ýakynda, Günorta-Gündogar Afrikada ýokary derejä ýeten tropiki siklon adatdan daşary howa hadysalary zerarly adamlary we olaryň ýaşaýyş üçin zerur bolan şertlerini halas etmek üçin bu hyzmatlaryň möhüm ähmiýete eýedigini görkezdi.
Bu başlangyja goldaw bermek üçin BMG-niň Baş sekretary António Guterriş "Hemmeler üçin irki duýduryş" başlangyjyny hemme ýerde durmuşa geçirmek maksady bilen syýasy, tehnologiki we maliýe taýdan has uly ähmiýet bermek üçin 21-nji martda BMG-niň düzümleýin edaralarynyň, köptaraplaýyn ösüş banklarynyň, ynsanperwer guramalaryň, raýat jemgyýetiniň, ätiýaçlandyryş we IT kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň maslahat toparyny bir ýere jemledi.
Öňümizdäki aýlarda 30 ýurtda, esasanam töwekgelçilikli ýurtlarda, şol sanda ösýän kiçi ada ýurtlarda we ösüşi pes bolan ýurtlarda utgaşdyrylan çäreler güýçlendiriler. Bu maksatnama goşmaça ýurtlaryň goşulmagy garaşylýar, çünki hyzmatdaşlar bilen bu möhüm işiň göwrümi we çeşmeleri ýaýbaňlaşar.
Şol bir wagtda adamlary we olaryň ýaşaýyş şertlerini halas etmek, şeýle hem beýleki döwletleriň arasynda durnuklylygyny ýokarlandyrmak boýunça BMG-niň alyp barýan çäreleri we başlangyçlary dowam eder, şeýlelik bilen “Hemmeler üçin irki duýduryş” kampaniýasynyň wadalary millionlarça ejiz adamlar üçin halas ediji bolar. Esasy maksat eýýäm bar bolan zadyň üstünde täzeden işlemek däl-de, özara täsirleşmek we bilelikdäki hyzmatdaşlygy ösdürmek, şeýle hem ykjam telefonlaryny we köpçülikleýin habar beriş serişdelerini ulanmak.
“Netijeleri görkezmegiň wagty geldi. Millionlarça adamlaryň durmuşy howp astynda. Çökgünligiň ýüze çykmagyna az derejede sebäp bolan ýurtlaryň we halklaryň iň ýokary derejede ejir çekmekligine rugsat berilmeli däldir" - diýip, BMG-niň Baş sekretary António Guterriş aýtdy.
“Afrikada, Günorta Aziýada, Günorta we Merkezi Amerikada hemd-e kiçi ada döwletlerinde howa betbagtçylygynyň ýaramaz täsiri sebäpli ölümleriň sany 15 esse ýokarydyr. Bu ölümleriň öňüni alyp bolar. Munuň subutnamasy aýdyň: irki duýduryş ulgamlary, betbagtçylyklar sebäpli ölümleri we ykdysady ýitgileri azaltmaga ýardam edýän, töwekgelçilikleri azaltmak we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak üçin iň täsirli çäreleriň biridir."- diýip, jenap Guterriş aýtdy.
Zerurlyk gyssagly
- Soňky 50 ýylda hasaba alnan betbagtçylyklaryň sany bäş esse artdy, bu bolsa esasan, biziň howa şertlerimize ep-esli derejede täsir edýän antropogen taýdan howanyň üýtgemeginiň sebäbidir. Bu tendensiýanyň dowam etmegine garaşylýar.
- Hereket etmezden, 2030-njy ýyla çenli orta ýa-da uly göwrümli tebigy betbagtçylyklaryň sanynyň ýylda 560 ýa-da bir günde 1,5-e ýetjekdigi çaklanylýar.
- Gazap howanyň ýüze çykmagy we howanyň üýtgemeginiň täsiri bütin dünýäde kynçylyklaryň, näbelliligiň we adatdan daşary ýagdaýlaryň ýokarlanmagyna sebäp bolar.
Ölümleriň öňüni almak mümkinçiligi
Dünýäde ýurtlaryň ýarysynyň ýeterlik derejede irki duýduryş ulgamlary ýok, we olaryň diňe käbirleriniň adatdan daşary ýagdaýlarda irki duýduryşy dessin meýilnamalar bilen baglanyşdyrmak üçin kanuny esaslary bar.
"Tropiki siklon Freddi sebäpli Mozambikde, Malawide we Madagaskarda görlüp-eşidilmedik suw joşmagy howa we ygalyň has ýitileşýändigini we suw bilen baglanyşykly meseleleriň artýandygyny ýene bir gezek subut edýär" - diýip, Bütindünýä Meteorologiki Guramasynyň Baş sekretary professor Petteri Taalas aýtdy. "Iň köp zyýan çeken sebitlerde birnäçe günüň içinde bir aýlyk ýagyş ýagdy we sosial-ykdysady netijeler heläkçilikli".
“Anyk irki duýduryşlar, tebigy betbagtçylyklaryň utgaşykly dolandyryşy bilen bilelikde pidalaryň sanynyň hasam köpelmeginiň öňüni alýar. Ýöne biz has köp işleri amala aşyryp bileris, şonuň üçin hem “Hemmeler üçin irki duýduryş” başlangyjy Bütindünýä Meteorologiki Gurama üçin ileri tutulýan ugurdyr. Töwekgelçilikleriň öňüni almakdan başga-da, meteorologiki, howa we gidrologiki hyzmatlar oba hojalygy, howa, deňiz we gury ýer transporty, energetika, saglygy goraýyş, syýahatçylyk we dürli görnüşli kärhanalar üçin ykdysady taýdan peýdalydyr"- diýip, ol aýtdy.
Bütindünýä Meteorologiki Gurama we Birleşen Milletler Guramasynyň Betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak bölümi (BMG BTAB), Halkara telekommunikasiýa bileleşigi (HTB) we Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Jemgyýetleriniň Federasiýasy (HGH we GÝJF) bilen bilelikde “Hemmeler üçin irki duýduryş” başlangyjyna ýolbaşçylyk edýärler.
“Bu başlangyjyň durmuşa geçirilmegi, BMG ulgamynyň we hyzmatdaşlarynyň adamlary halas etmek we olaryň ýaşaýyş şertlerini betbagtçylyklardan goramak üçin bilelikde hyzmatdaşlyk edip biljekdiginiň esasy mysalydyr. Inklýuziw we köp howplary göz öňüne tutýan irki duýduryş ulgamlary, sunami ýaly howa we geofiziki howplar bilen baglanyşykly howplaryň töwekgelçiligini azaltmagyň iň oňat usullarynyň biridir. Muňa ýetmek diňe bir Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak üçin Sendaý çarçuwaly maksatnamasynyň maksady däl, eýsem ahlak taýdan bir borçdyr "- diýip, Baş sekretaryň betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça ýörite wekili we Birleşen Milletler Guramasynyň Betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak bölüminiň ýolbaşçysy Mami Midzutori aýtdy.
Howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak
Irki duýduryş ulgamlary howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagyň aňsat ýoly hökmünde kabul edilýär, sebäbi olar adamlary we olaryň emläklerini tupan, suw joşmalary, yssy tolkunlar we sunami ýaly howplardan goramagyň has arzan we täsirli usulydyr ýöne bular olaryň diňe käbirleridir.
- Irki duýduryş ulgamlary maýa goýumlaryň on essesinden hem köp bölegini yzyna gaýtarýar.
- Ýakynlaşyp gelýän howply hadysa barada bary-ýogy 24 sagat öň duýduryş, soňundan peýda boljak 30 göterim zyýany azaldyp biler.
- Global uýgunlaşma komissiýasy, ösýän ýurtlarda şeýle ulgamlara 800 million dollar sarp etmegiň ýylda 3 - 16 milliard dollar aralygyndaky ýitgileriň öňüni alyp biljekdigini anyklady.
"Tebigy betbagtçylyklaryň ýüze çykan wagtynda adamlar we jemgyýetler goldaw hökmünde tehnologiýa ýüz tutup bilerler" – diýip, Halkara Elektroaragatnaşyk Bileleşiginiň Baş sekretary Dorin Bogdan-Martin aýtdy. Mowzugy “Duýduryşlary ýaýratmak we bu barada habar bermek” bolan BMG-niň “Hemmeler üçin irki duýduryş” başlangyjynyň çäginde alnyp barylýan işlere ýolbaşçylyk etmek bilen Halkara Elektroaragatnaşyk Bileleşigi üstüne howp abanýan adamlara ýardam etmek üçin howanyň ýaramaz şertlerine sezewar bolan dünýäsinde öz wagtynda çäre görümegini üpjün edýär".
Duýduryşlar radio we telewideniýe, sosial ulgamlar we sirenalar arkaly köpçülige ýaýradylyp bilner. Halkara Elektroaragatnaşyk Bileleşigi, Umumy duýduryş protokolyny (CAP) ulanmak arkaly inklýuziw we adamlara gönükdirilen çemeleşmäni teklip edýär, bu bolsa dürli kanallarda habarlaryň yzygiderliligini üpjün etmek üçin umumy duýduryşlar üçin standart maglumatlardyr.
“Taýýarlyk we çäre görmek - bu adamlary halas edýän irki duýduryşlardyr. Howa bilen baglanyşykly tebigy betbagtçylyklar ýygy-ýygy, güýçli we ölüm howply bolandygy sebäpli, bular hemmeler üçin möhümdir, emma dünýäde üç adamyň biri henizem mundan peýdalanmaga mümkinçiligi ýok. Irki duýduryş ulgamlary adaydan daşary howa hadysalary sebäpli ynsanperwerlik çökgünliginiň ýüze çykmagynyň öňüni almak üçin iň täsirli we abraýly usuldyr, esasanam bu çökgünligiň esasy kynçylyklaryny bşdan geçirýän iň ejiz we uzaklyklarda ýaşaýan jemgyýetler üçin. Öňüni alyp boljak betbagtçylyklar sebäpli hiç bir adam ölmeli däldir "- diýip, Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň Baş sekretary aýtdy.
Maslahat topary
“Hemmeler üçin irki duýduryş” başlangyjy 2023-2027-nji ýyllar aralygynda möçberi 3,1 milliard dollar bolan başlangyç täze maksatlaýyn maýa goýumlaryny göz öňünde tutýar – bu bolsa geljek peýdalar bilen deňeşdirilende ýönekeý bir san bolup galýar. Bu, uýgunlaşma işleriniň maliýeleşdirilmesi üçin talap edilýän 50 milliard ABŞ dollarynyň az paýydyr (takmynan 6 göterimi). Ol betbagtçylyklaryň töwekgelçiligi barada bilimi ýokarlandyrmak, gözegçilik etmek we çak etmek, taýýarlygyň we çäreleriň görülmegini üpjün etmek, şeýle hem irki duýduryşlary köpçülige ýaýratmak ýaly ugurlary öz içine alar.
Ýeriň ýüzündäki her bir adamy goramak meýilnamasyny durmuşa geçirmek üçin birnäçe täze we eýýäm bar bolan innowasion maliýe çözgütleri zerurdyr. Bularyň arasynda Howa töwekgelçilikleriniň irki duýduryş ulgamlar boýunça başlangyçlar (CREWS), Ulgamlaýyn gözegçilik işlerini maliýeleşdirmek gaznasy (SOFF), Ýaşyl howa gaznasy (GCF) hem-de Uýgunlaşma gaznasy ýaly gaznalarynyň tizleşdirilen maýa goýum maksatnamalary, esasy Köptaraplaýyn ösüş banklary (MDB), şeýle hem irki duýduryşyň gymmaty zynjyryna gatnaşýanlaryň hemmesi üçin innowasion täze maliýe gurallary bar.
Maslahat toparynyň ýygnagynda köp howplar barada Irki duýduryş ulgamlarynyň (MHEWS) dört esasy komponentiniň gidişi ara alnyp maslahatlaşyldy:
- Betbagtçylyklaryň töwekgelçiligi barada bilim we dolandyryş (374 million ABŞ dollary): howplar, gowşak taraplar we tendensiýalar barada bilimi ýokarlandyrmak üçin maglumatlary ýygnamaga we töwekgelçiliklere baha bermäge gönükdirilen. Halkara Meteorologiki Guramasynyň (HMG) goldawy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak bölümi tarapyndan ýolbaşçylyk edilýär.
- Howplary ýüze çykarmak, gözegçilik etmek, derňemek we çak etmek (1,18 milliard ABŞ dollary). Howplara gözegçilik etmek we irki duýduryş hyzmatlaryny ösdürmek. HMG-niň ýolbaşçylygynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM), Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, Ylym we Medeniýet Guramasy (UNESCO) we Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky Gurşaw Maksatnamasy (UNEP) tarapyndan goldanýar.
- Paýlaşma we aragatnaşyk (550 million ABŞ dollary). Töwekgelçilikler barada maglumatlar hemmelere we mätäç bolan adamlara düşnükli we elýeterli görnüşde habar berilmeli. HEB tarapyndan ýolbaşçylyk edilýär we Halkara Gyzyl Haç Komiteti, BMGÖM we HMG tarapyndan goldanýar.
- Taýýarlyk we çäre görmek (1 milliard ABŞ dollary): Milli we ýerli derejede çäre görmek mümkinçiliklerini döretmek.
- Halkara Gyzyl Haç Komitetiň ýolbaşçylygynda Töwekgelçiliklere garşy öz wagtynda çäre görmek hyzmatdaşlygy (REAP), Ynsanperwerlik meselelerini utgaşdyrmak müdirligi (OCHA), BMG-niň Azyk we oba hojalygy guramasy (FAO) we Bütindünýä azyk maksatnamasy (WFP) tarapyndan goldanýar.
Başlangyjyň taryhy
Hemmeler üçin irki duýduryş başlangyjy (EW4All) BMG-niň Baş sekretary tarapyndan 2022-nji ýylyň noýabr aýynda Şarm El Şeýh şäherinde geçirilen COP27 maslahatynda resmi taýdan başlandy.
Bu başlangyç, 2027-nji ýylyň ahyryna çenli bütin dünýäde irki duýduryş ulgamlarynyň durmuşa geçirilmegini talap edýär.
“Hemmeler üçin irki duýduryş” taslamasyna HMG we BMG-niň Betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça müdirligi bilelikde ýolbaşçylyk edýär. Ýerine ýetiriji hyzmatdaşlar: BMG-niň Azyk we oba hojalygy guramasy, Ynsanperwerlik meselelerini utgaşdyrmak müdirligi, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy, Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky Gurşaw Maksatnamasy, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, Ylym we Medeniýet Guramasy, Töwekgelçiliklere garşy öz wagtynda çäre görmek boýunça hyzmatdaşlygy we Bütindünýä azyk maksatnamasy.
Maslahat topary maksatlara ýetmek üçin alnyp barylýan proseslere gözegçilik eder we bu barada BMG-niň Baş sekretaryna hasabat berer, hem-de aşakdaky wezipeleri ýerine ýetirer:
(1) “Hemmeler üçin irki duýduryş” başlangyjyň maksatlaryna we wezipelerine laýyklykda onuň gidişine baha bermek.
(2) Syýasy we umumy tizlik döretmek we “Hemmeler üçin irki duýduryş” başlangyjyna goldaw bermek.
(3) Çeşmeleri herekete getirmek boýunça umumy maslahat bermek we
(4) Irki duýduryş ulgamlary bilen baglanyşykly ylmy we tehniki işlere gözegçilik etmek.
Ilkinji döwletler
BMG-niň Baş sekretary, ýurtlaryň birinji toparynyň döwlet we hökümet baştutanlaryna utgaşdyrylan we maksatlaýyn goldaw almak haýyşy bilen hat iberdi. Bu sanaw geljekde giňeldiler we bu aralykda BMG-niň beýleki ýurtlara berýän goldawy dowam etdiriler.
Aziýa we Ýuwaş umman: Bangladeş, Maldiw adalary, Nepal, Laos (Halk Demokratik Respublikasy), Kamboja, Kiribati, Samoa, Süleýman adalary, Fiji, Tonga
Afrika: Jibuti, Somali, Sudan, Çad, Komor adalary, Efiopiýa, Liberiýa, Madagaskar, Mawrikiý, Mozambik, Niger, Günorta Sudan, Uganda.
Latin Amerika we Karib: Gaýana, Gaiti, Barbados, Antigua-Barbuda, Gwatemala, Ekwador.
Merkezi Aziýa: Täjigistan
Maslahat toparyna agzalyk
Petteri Taalas, HMG-niň Baş sekretary
Mami Mizutori, BMG-niň Baş sekretarynyň betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça ýörite wekili
Jagan Çapagein, Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň Baş sekretary
Dorin Bogdan-Martin, HEG-niň Baş sekretary
Ýerine ýetiriji hyzmatdaşlar:
Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy
Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw maksatnamasy
BMG-niň zenanlaryň meseleleri boýunça müdirligi
Ösüşi pes bolan ýurtlaryň, deňize çykalgasy bolmadyk ösýän ýurtlar we ösýän kiçi ada ýurtlaryň meseleleri boýunça ýokary wekiliň müdirligi (OHRLLS)
Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüşi Utgaşdyryş Müdirligi (UNDCO)
Birleşen Milletler Guramasynyň Ynsanperwerlik meselelerini utgaşdyrmak bölümi
Baş sekretaryň ýerine ýetiriji edarasy
Ýaşyl howa gaznasy
Microsoft
GSMA
Äýaçlandyryş Ösüş Forumy
Howanyň üýtgemegine garşy hereket etmek ulgamy
Baş sekretaryň ýaşlar maslahat topary
Afrika Ösüş Banky
COP 27-iň ýolbaşçylygy
COP 28-iň ýolbaşçylygy