Press reliz

BMG-niň Aziýa we Ýuwaş okean sebiti üçin ykdysady we durmuş komissiýasy Türkmenistan üçin “Hiç kim ýatdan çykarylmaly däl” statistika seljermesi boýunça amaly okuw geçirdi

28 aprel 2023

26-27-nji aprel aralygynda Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Aziýa we Ýuwaş okean sebiti üçin ykdysady we durmuş komissiýasy BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy bilen bilelikde Türkmenistan üçin “Hiç kim ýatdan çykarylmaly däl” (HKÝÇ) statistika seljermesi boýunça  amaly okuw geçirdiler. Iki günlük çärede ministrlikleriň we döwlet edaralarynyň, şeýle hem BMG-niň gulluklarynyň statistika işgärleri we hünärmenleri gatnaşdylar.

Netijede, okuwa gatnaşyjylar HKÝÇ onlaýn platformasynyň içki gurluşy bilen tanyşdylar we R statistika koduny ulanmak arkaly tejribe işleri geçirdiler. Bu kod Türkmenistanyň 2019-njy ýyldaky köp görkezijili toparlaýyn gözleginiň esasynda (MICS-19) Durnukly Ösüş Maksatnamasynyň (DÖM) 16 görkezijisi boýunça maglumatlary taýýarlaýar, analiz edýär we çykaryp berýär.

Şeýle hem, gatnaşyjylar HKÝÇ usulyýetini häzirki wagtda platformada elýeter bolan DÖM-iň 16 görkezijisinden başga-da görkezijiler üçin hem ulanmagy öwrendiler. Olar bu öwrenen bilimleriniň kömegi bilen beýleki milli hojalyk boýunça barlaglary seljerip bilerler.

Okuwyň üstünlikli geçendigi barada Jemgyýetçilik soraglar boýunça hünärmen Selşah Paşali şeýle diýdi: “Aziýa we Ýuwaş okean sebiti üçin ykdysady we durmuş komissiýasy öz agza ýurtlaryny DÖM-i üstünlikli ýerine ýetirmekde goldamaga çalyşýar. Biz Türkmenistanda R statistika koduny ulanyp, HKÝÇ analizini geçirmekde ýurduň milli statistika işgärleriniň mümkinçiliklerini ýokarlandyrjak bu treningi geçirenimize diýseň begenýäris.”

Hiç kim ýatdan çykarylmaly däl (HKÝÇ) – bu 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüşiň Gün tertibiniň we onuň maksatlarynyň iň esasy, garaýşy özgerdýän borçnamalarynyň biridir. HKÝÇ ilatyň orta we umumy ösüş bahasyndan olaryň böleklere bölünen ähli toparlary üçin üpjün ediş ösüşe geçişini aňladýar

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

RCO
United Nations Resident Coordinator Office
UN ESCAP
BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman üçin ykdysady we sosial komissiýasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz