Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlar maslahaty türkmen ýaşlaryna mümkinçilik döredýär
Daşoguz şäheri, 3-nji oktýabr, 2023 ý.
Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlar maslahatynyň (COY18) we BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşýan taraplaryň maslahatynyň (COP28) 28-nji mejlisiniň öňüsyrasynda, Türkmenistanyň Hökümeti bilen bilelikde BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy, şeýle-de Beýik Britaniýanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Türkmenistandaky ilçihanalary tarapyndan gurnalan Ýaşlar maslahaty geçirildi. Daşoguz şäherindäki Türkmen oba hojalyk institutynyň binasynda geçirilen çärä daşky gurşaw bilen baglanyşykly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we howanyň üýtgemegine garşy çärelere ýaşlaryň hem gatnaşmagynyň mümkinçiliklerini öwrenmek maksady bilen welaýatyň ähli künjeginden ýaşlar gatnaşdy.
Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlar maslahaty howanyň üýtgemegi, durnukly oba hojalygy, Aral deňziniň meselesi we oba hojalygyny howanyň üýtgemegine uýgunlaşdyrmak ýaly daşky gurşawa degişli ýaşaýyş ähmiýetli meseleler boýunça Türkmenistanyň ýaşlaryna bilim bermäge we bu ugurda olaryň mümkinçiliklerini artdyrmaga gönükdirildi. Bu çäre tejribe alyşmak, mümkinçilikleri artdyrmak we global meselelere garşy innowasion çözgütleri tapmak üçin oňaýly platforma öwrüldi.
Çärä 17-30 ýaş aralygyndaky ýaşlar, DÖM-iň ýaş ilçileri, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy jenap Dmitriý Şlapaçenko, Beýik Britaniýanyň we BAE-niň ilçihanalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Milli hyzmadaşlardan bolsa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Bilim ministrliginiň, Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, bilim merkezleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen bir hatarda howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak boýunça bilermenler we hünärmenler gatnaşdylar.
Maslahata gatnaşyjylar praktiki (tejribe) seminarlaryň dowamynda gyzgalaňly diskussiýalara gatnaşyp, jemgyýetde oňyn özgerişleri döretmek üçin zerur bolan bilimleri aldylar. Olar durnukly geljegi gurmak üçin ýerli tagallalaryň halkara borçnamalaryna, hususan-da, Pariž ylalaşygyna gabat gelmelidigini bellediler.
Gyzyklanýan taraplaryň birnäçesiniň gatnaşmagynda geçirilen bu maslahat, ýaşlaryň howanyň üýtgemegine garşy göreşmek we daşky gurşaw meselelerini çözmek boýunça sebit we dünýä derejesinde alnyp barylýan işlere goşant goşmak isleýändiklerini görkezdi, şeýle hem bu çylşyrymly meseleleri çözmekde inklýuziw we pudagara çemeleşmäniň ulanylmagyna mümkinçilik döretdi.
Bu maslahat howanyň üýtgemegine garşy göreşde ýaş nesliň esasy hyzmatdaş hökmünde ornunyň möhümdigini görkezdi, Türkmenistanly ýaşlaryň howanyň üýtgemegine garşy taslamalara işjeň gatnaşmagyna höwes döretdi, şeýle-de Türkmenistanyň tebigatyna täsir edýän howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga we olara garşy çözgüt tapmaga mümkinçilik döretdi. Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlar maslahatynyň üstünlikli geçirilmegi Türkmenistanly ýaşlaryň howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly gaýragoýulmasyz meseleleri çözmäge ygrarlydygyna şaýatlyk edýär. Ýaş nesliň höwesliligi, täzelikçilligi we hyjuwlylygy Türkmenistan we bütin dünýä üçin durnukly gelejegi üpjün etmekde möhüm orun eýelejekdigi äşgärdir.