Press reliz

BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasy ynsanperwer ugurdaky milli başlangyçlary goldaýar

26 dekabr 2023

25-nji dekabr, Aşgabat – Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işine bagyşlanyp maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýokary derejeli wekilleriniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň hem-de ministrlikleriň we döwlet edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen çärede, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili we BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji hanym Narine Saakýan hem çykyş etdi.

Hanym Saakýan haýyr-sahawat gaznasynyň soňky bir ýylyň dowamynda alyp baran ynsanperwer işi diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem kyn ýagdaýda galan çagalara kömek berilýän beýleki ýurtlarda hem ykrar edilendigini belläp geçdi. Ol şeýle-de Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň möhüm iş alyp barýandygyny we merkeziň sagaldyş-dikeldiş tejribelerinden ýurtduň ähli künjeginde peýdalanlymagynyň maksada laýyk boljakdygyny aýtdy.

Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň işi bilen baglanyşykly hanym Saakýan, BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň bu ugurda ileri tutýan ugrunyň inklýuziwliligi öňe sürmek we maýyplygy bolan adamlaryň, şol sanda çagalaryň hukuklaryny goramakdygyny aýtdy.

BMG-niň Türkmenistandaky Agentlikleri ýaşlary we çagalary sagaltmak-dikeltmek bilen baglanyşykly birnäçe taslamalara işjeň gatnaşýarlar. Maýyplygy bolan adamlaryň jemgyýete goşulyşmagy, olar barada maglumat ýygnamak, şeýle hem olaryň hukuk, hünär we kompýuter bilimlerini kämilleşdirmek ugrunda işler alnyp barylýar.

2022-nji ýylyň dekabrynda milli ilat ýazuwynyň sowalnamasyna ilkinji gezek maýyplyk bilen baglanyşykly soraglar girizildi we bu soraglar maýyplygy bolan adamlar bilen baglanyşykly anyk statistiki maglumatlary elde etmäge kömek etdi. Şeýle bitewi we anyk maglumatlaryň ulanylmagy maýyplygy bolan adamlaryň talaplaryny göz öňünde tutýan milli meýilnamalary taýýarlamaga ýardam berer.

BMG-niň ýardam bermeginde milli kanunçylyga baha bermek işi geçirildi we onuň netijesi boýunça milli hyzmatdaşlara maýyplygy bolan adamlaryň hünär bilimini almagyny we olaryň iş bilen üpjün edilmegini öňe sürmek boýunça teklipler berildi. Şeýle hem inklýuziw bilim boýunça  strategiýa taýýarlanyldy hem-de irki goşulyşmak we çaganyň irki ösüşi boýunça milli ulgam döredildi. Bilelikdäki tagallalar bilen görmek mümkinçiligi bolmadyk adamlara ýazgyny sesli görnüşe öwürýän programma işe girizildi. Görmek mümkinçiligi bolmadyk adamlar bu tehnologiýany ulanmak arkaly türkmen dilindäki tekstler bilen tanşyp bilerler.

Tehniki goldaw bermek arkaly Türkmenistanyň körler we kerler jemgyýetiniň önümçilik kärhanasy häzirki zaman karton we çaphana enjamlarynyň doly toplumy bilen täzelendi we täzeden enjamlaşdyryldy. “Ýenme” hojalyk jemgyýetine bolsa kömege mätäç ýaşlar üçin hünär bilim merkezini döretmekde ýardam berildi we ol ýerde ýaşlar dürli hünärler boýunça bilim alýarlar. Bu başlangyçlaryň hemmesi, maýyplygy bolan adamlaryň ýurduň durmuş-ykdysady we jemgyýetçilik durmuşyna doly goşulmagy üçin hukuklarynyň durmuşa geçirilmegine we ygtyýarlyklarynyň artmagyna goşant goşýar.

BMG-niň Türkmenistandaky Agentlikleri ençeme ýyl bäri Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýeti bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Muňa mysal hökmünde inçekeselli näsaglara berilýän psihososial goldawy we bu goldawyň näsaglary bejergi almaga gönükdirýändigini hem-de bejerginiň oňyn netijeleri berýändigini görkezmek bolar. Mundan başga-da innowasion we sanly tehnologiýalar arkaly bu ugurda goldaw bermek meýilleşdirilýär. BMG-niň Türkmenistandaky Wekilhanasy milli hyzmatdaşlara innowasion täzeliklere ygrarlylyklary üçin minnetdarlyk bildirýär.

Hanym Sahakýan çykyşynyň ahyrynda BMG ulgamynyň Türkmenistanyň hökümeti we raýat jemgyýeti bilen maýyplaryň, şol sanda çagalaryň we ýaşlaryň hukuklaryny we bähbitlerini öňe sürmekde hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga taýýardygyny ýene bir gezek nygtady.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

RCO
United Nations Resident Coordinator Office
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz