Büzmeýiniň ýaşlarynyň durnukly geljek üçin eko başlangyçlary
13 sentýabr 2024
Türkmenistan, Büzmeýin, 2024-nji ýylyň 13-nji sentýabry - Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlar maslahatynyň (COY19) we BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşýan taraplaryň maslahatynyň (COP29) 29-nji mejlisiniň öňüsyrasynda, Türkmenistanda welaýat Ýaşlar maslahaty geçirildi. Maslahat Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy, BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM), şeýle-de Azerbaýjan respublikasynyň, Beýik Britaniýanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Türkmenistandaky ilçihanalary bilen bilelikde gurnaldy. Çäre Büzmeýindäki Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda geçirilip, Ahal welaýatynyň dürli künjeklerinden gelen ýaşlar häzirki daşky gurşaw meselelerini ara alyp maslahatlaşmak we ýaşlaryň bu meseleleri çözmekde has işjeň gatnaşmagy üçin mümkinçilikleri öwrenmek üçin ýygnandylar.
Maslahata Azerbaýjan Respublikasynyň ilçisi Gismet Fizuli ogly Gezalow, Beýik Britaniýanyň ilçisi jenap Stiwen Konlon, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy jenap Dmitriý Şlapaçenko, DÖM-iň ýaş ilçileri, eko-aktiwistler, 17-35 ýaş aralygyndaky ýaşlar, şeýle hem BMGÖM-iň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň wekilleri we milli ministrlikleriň we bölümleriň wekilleri gatnaşdylar.
Açylyş dabarasyndan soň ilkinji sessiýa başlady we DÖM-iň ýaş ilçileri ozalky maslahatlaryň netijelerini, tejribelerini we gazanylan üstünlerini paýlaşdylar, şeýle hem daşky gurşawyň ýagdaýyny gowulandyrmak baradaky teklipleri hödürlediler.
Ikinji sessiýada gatnaşyjylar iş toparlaryna bölündiler. Hünärmenler we iş toparynyň utgaşdyryjylary gatnaşyjylara duşuşygyň maksatlaryny we garaşylýan netijelerini düşündirdiler. Soňra Arkadag şäherinde innowasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, ulag infrastrukturasynyň howanyň üýtgemegine täsiri we ulag pudagynda durnukly ösüş tehnologiýalary, uglerod aýak yzlaryny azaltmak üçin innowasion çözgütler ýaly mowzuklar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ikinji sessiýanyň ahyrynda her bir iş topary Milli Ýaşlar Beýannamasynyň deslapky nusgasyna girizmek üçin teklipler taýýarlady.
Maslahatyň ahyrynda iş toparlarynyň ýolbaşçylary öz netijelerini hödürlediler we Milli Ýaşlar Beýannamasynyň Ýol kartasyna goşmak üçin anyk çäreleri teklip etdiler.
Maslahat türkmen ýaşlaryny howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri çözmäge we ýurduň geljegi üçin durnukly çözgütleri işläp düzmekde möhüm ädim boldy.