Press reliz

Türkmenistanyň Hökümeti bilen 2021-2025-nji ýyllar üçin strategik hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek

03 dekabr 2019

  • BMG-niň Ilat gaznasy we Türkmenistanyň Hökümeti Birleşen milletler guramasynyň Ilat gaznasynyň şanly 50 ýyllygyny we Ilat we ösüş boýunça halkara maslahatynyň şanly 25 ýyllygyny “Türkmenistanyň Hökümeti we BMG-niň Ilat gaznasy:

Ähli adamlar üçin hukuklary we azatlyklary üpjün etmek ugrunda hyzmatdaşlyk” atly ýokary derejeli maglumat beriji çäre bilen belledi. Çärä esasy hökümet ministrlikleriň we edaralaryň, BMG-niň gulluklarynyň, ösüş boýunça halkara hyzmatdaşlaryň, diplomatik wekillikleriň, jemgyýetçilik we hususy guramalaryň, akademiýalaryň, habar beriş serişdeleriň ýokary derejeli wekilleri we ýaşlar ýygnandy.

Ähli hyzmatdaşlar we BMG-niň Ilat gaznasy ýetilen sepgitleri bellemek, tamamlanmadyk gün tertibi we borçlar barada bellemek we Hökümet bilen BMG-niň Ilat gaznasynyň 2016-2020-nji ýyllar üçin häzirki maksatnamasynyň esasynda öwrenilen sapaklary hem-de maslahatlary şöhlelendirmek üçin bile ýygnandy. 2030-njy ýyla çenli ösüş boýunça Gün tertibiniň maksatlaryny we wezipelerini durmuşa geçirmek boýunça geljekki bäş ýyl üçin zenanlar we ýetginjekler boýunça maksatnamalary bilelikde ýerine ýetirmek üçin zerur bolan strategik üýtgeşmeler barada hem ara alnyp maslahatlaşyldy. 3 sany täsirli gürrüňiň üsti bilen häzirki hyzmatdaşlygyň netijeleri barada habar berildi. Bu gürrüňlere maşgalany meýilleşdirmek boýunça kämilleşdirilen hyzmatlary alan maşgalanyň gürrüňi, reproduktiw saglygy we gender deňligi barada wajyp maglumaty paýlaşan “Y-PEER” maksatnamasynyň meýletinçisiniň gürrüňi we çagany dogurmak kararyna gelen we saglygy goraýyş işgärinden zerur bolan goldawy alan mümkinçiligi çäkli zenanyň gürrüňi degişli.

Ilat we ösüş boýunça halkara maslahatynyň milli beýanlarynyň daşyndan, ýokary derejeli çärede BMG-niň Ilat gaznasynyň “2019-njy ýyl boýunça dünýä ilatynyň ýagdaýy” atly Bütindünýä hasabaty, noýabr aýynda geçirilen Bütindünýä Naýrobi sammiti we esasy üç ugur boýunça çykdajylar babatda esasy maglumat hem getirildi. Bu üç ugra 2030-njy ýyla çenli eneleriň öňüni alyp bolan ölümleriniň soňuny goýmak, maşgalany meýilleşdirmekde kanagatlandyrylmadyk zerurlyklary ýerine ýetirmek we gender aýratynlyklaryna esaslanan zorlugyň soňuny goýmak degişli.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary Täçmyrat Siliýew eneleriň saglygy ugrunda 1994-nji ýyldan bäri ýetilen sepgitler barada aýratyn belledi we Naýrobide geçirilen Ilat we ösüş boýunça halkara maslahatynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan çärede bellenen maliýe we syýasat borçlaryny görkezdi. “Kairdaky maslahatdan 25 ýyl soň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi Naýrobide geçirilen Ilat we ösüş boýunça halkara maslahatynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan çärede ýene bir gezek Türkmenistanyň wekilýetine ýolbaşçylyk etdi” diýip, ministriň orunbasary aýtdy. “Sammitde biz reproduktiw saglygyň we enäniň saglygynyň kämilleşdirilmeginiň hemmelere elýeter bolmagyna, ýetginjekler üçin reproduktiw saglygy baradaky umumy bilimleriň giňelmegine ýetmek, gender deňligini öňe sürmek we gender aýratynlyklaryna esaslanan zorluklaryň öňüni almak, şeýle-de, ykdysady we durnukly ösüşi üpjün etmek üçin ýokary hilli maglumaty ulanmak ugrunda syýasy islegimizi berkitdik.”

Durnukly ösüş ugrunda 2030-njy ýyla çenli Gün tertibi sagdyn planetada hemmeler üçin ýagty geljegiň meýilnamasy” diýip, BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy hanym Ýelena Panowa aýtdy. “1994-nji ýylda Kair şäherinde geçirilen Ilat we ösüş boýunça halkara maslahatynda dünýä liderleri ilkinji gezek ilatyň, ösüşiň we adam hukuklarynyň, şol sanda reproduktiw hukuklarynyň arasynda arabaglanyşygy barada belledi. Ondan başga-da, olar gender deňligini öňe çykarmagyň dogrudygyna we hemmeler üçin durnukly ösüş we kämil ýaşaýyş ugrunda iň gowy ýol bolup durýandygyna düşündi,” diýip, ol belledi.

Türkmenistanda Hökümet bilen  BMG-niň Ilat gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk 30 ýyl mundan ozal başlandy. Şu gün BMG-niň Ilat gaznasynyň Türkmenistana berýän goldawy strategik hyzmatdaşlyga öwrüldi, ýurt boýunça häzirki maksatnama bolsa Hökümet tarapyndan bilelikde maliýeleşdirilýär. “Hökümet hyzmatdaşlary, jemgyýetçilik guramalary, zenanlar, erkekler we ýaşlar bilen giňeldilen maslahatlaryň esasynda, biz geljekki bäş ýyl üçin hyzmatdaşlygymyzyň täze strategik ugurlaryny ýüze çykaryp bildik” diýiň, BMG-niň Ilat gaznasynyň wekiliniň kömekçisi Aýna Seýitliýewa aýtdy. “Bu ugurlara zenanlaryň, ýetginjekleriň we ýaşlaryň abadançylygyny ösdürmek ugrunda Hökümete tehniki goldaw we syýasy maslahaty bermek, ilat boýunça ýokary hilli maglumatyň elýeterliligini üpjün etmek, gender deňligini öňe çykarmak ugrunda maksatnamalary we mehanizmleri durmuşa geçirmek we ýokary hilli hem-de hemmeler üçin elýeter bolan reproduktiw saglygy boýunça hyzmatlary üpjün etmek degişli. Bu wezipeler wajyp bolup, olary biz diňe golaý hyzmatdaşlygyň üsti bilen ýerine ýetirip bileris,” diýip, ol belledi.

2030-njy ýyl üçin hyzmatdaşlygyň maksatnamasy boýunça 10 ýaşly gyzyň gürrüňi getirildi. Ol özüniň arzuwlaryny we doly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek ugrunda ösdürýän dünýäni göz öňüne getirýär. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby we “Y-PEER” maksatnamasynyň meýletinçisi Gunça Annageldiýewa Türkmenistanyň gelin-gyzlarynyň isleýän durmuşyny ýokary derejeli myhmana beýan etmek üçin täsirli söz sözledi.

“Eger 10 ýaşly çaganyň hukuklary kanunlar, hyzmatlar, maglumat we maýa goýumlary tarapyndan goralsa, ol öz mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge we ösýän jemgyýetiň gymmatly agzasy bolmaga ukyply bolar” diýip, Gunça aýtdy. “Dünýämiziň ýene 10 ýyldan nähili boljakdygy şu gün 10 ýaşly gyzyň mümkinçiliklerini ösdürmek ugrunda edýän tagallalarymyza we ýurdumyzda durnukly ösüşe ýetmegimize bagly bolar.”

 

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz