Azyk we oba hojalyk guramasy DÖM-iň görkezijileri boýunça milli mümkinçilikleri güýçlendirýär
16 iýun 2025
Türkmenistan, Aşgabat, 2025-nji ýylyň 13-nji iýuny – Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO), BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasynyň goldamagynda Türkmenistanyň Döwlet statistika komiteti bilen ýakyn hyzmatdaşlykda 2025-nji ýylyň 10–13-nji iýun aralygynda ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň, statistika edaralarynyň we beýleki ugurdaş guramalarynyň wekilleri üçin dört günlük onlaýn okuw sapaklaryny guradylar. Bu çäre Durnukly Ösüş Maksatlarynyň (DÖM) möhüm görkezijileri boýunça usulyýet, maglumat ýygnamak we milli derejede ornaşdyrmak babatynda mümkinçilikleri ösdürmäge gönükdirildi.
Okuw sapaklarynda gender deňligi boýunça ýer eýeçiligi hukuklary (DÖM 5.a.1), suw serişdelerini dolandyrmak (DÖM 6.4.2), durnukly oba hojalygy (DÖM 2.4.1), ownuk azyk öndürijileri goldamak (DÖM 2.3.1 we 2.3.2), we balyk gorlarynyň durnuklylygy (DÖM 14.4.1) ýaly ugurlar boýunça giňişleýin maglumatlar berildi.

FAO-nyň hünärmenleri halkara ülňülerine laýyklykda görkezijileriň usulyýetini, maglumat talaplaryny düşündirdiler hem-de bu görkezijileriň milli şertlere laýyk uýgunlaşdyrylyşy boýunça maslahat berdiler.

DÖM 2.4.1 görkezijisi aýratyn üns merkezinde bolup, onuň ykdysady, ekologik we durmuş taraplaryna degişli subgörkezijileri, maglumat çeşmeleri, soragnamalaryň ulanylyşy we bu görkezijiniň milli derejede kabul edilmegi boýunça sessiýalar geçirildi. Iň soňky gün bolsa ownuk oba hojalyk önümlerini öndürijiler tanamak we görkezijileri hasaplamak boýunça Excel programmasynda amaly işler ýerine ýetirildi, şeýle-de balyk serişdeleri boýunça hasabat bermek üçin institusional taýýarlyk ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bu okuw çäresi maglumat esasly syýasat ýöretmäge we Türkmenistanda DÖM-niň üstünlikli ýerine ýetirilmegine gönükdirilen BMG-niň tagallalarynyň aýdyň mysaly bolup durýar.