Gün energiýasynyň esasynda alynýan suw Türkmenistanyň çölünde ýaşaýşy dikeldýär
Türkmenistanyň Garagum çölünde gün ýaşan wagty, gülgüne reňkli inçe çyzyk asmandan geçýär.
Iň golaýdaky şäherden 120 km daşlykda, Esenaman diýlen ýerde möhüm myhmany kabul etmäge taýýarlanýarlar. Köp wagtyň dowamynda bu ýerlerde ümsümlik bolupdy, emma häzir üýtgeşmeler başlanýar.
Geçmişe syýahat
Öňki wagtlarda Esenaman obasy Garagum çölüniň esasy suwa ýakyş ýerleriniň biridi: ol Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň iň ýokary girdejili sektorlarynyň biri bolupdy. Indi bolsa diňe suwly rezerwuara eltýän poslan polat turbalary onuň geçmişi barada şaýatlyk edýär.
Esenaman obasynyň ýuwaş-ýuwaşdan pese düşmegi sardobalaryň ýok edilmegi bilen bagly. Sardobalar – çölüň içinde öri meýdanlarda gurulýan we öňden ulanylýan suw rezerwuarlary. Olarda suw ýygnalýar we saklanýar, soň bolsa bu suw süri mallarynyň suwa ýakylmagy üçin ulanylýar.
Emma, 1995-nji ýyldan bäri gaýtalanýan ýowuz howa şertleri, ýagny ýagşyň örän az ýagmagy zerarly sardobalar gurap başlady. Öz süri mallary üçin suwuň ýetmezçiligi zerarly, çopanlar ýuwaş-ýuwaşdan Esenaman obasyndan daşlaşyp başlady we öri meýdanlaryň gözleginde öz sürülerini golaýdaky zolaklara göçürip başlady.
Suwuň ýetmezçiligi we azyk önümler ugrunda bäsdeşligiň ýokarlanmagy süri mallarynyň baş sanynyň we hiliniň birden peselmegine getirdi. Bu öri meýdanlara edilýän zor salmalar golaýdaky obalarda çölleşmäniň tizlenmegine getirdi.
Indi galdyrylyp gidilen Esenaman obasy has uly kynçylyklara duçar boldy. Öri meýdanlar gurady we ýok boldy, çopanlar üçin ýerli jaýlar jaýrylyp, weýran bolup başlady, umuman, bu çäk dolulygyna çölleşip başlady. Indi süri mallar üçin ýaramsyz bolan Esenaman obasy käbir wagtyň dowamynda ýatdan çykaryldy.
2019-njy ýylda ýurtda ygalyň köp mukdarynyň ýagmagy bilen, howa şertleri gowulaşdy. Şol wagta çenli, sardobalar bolsa weýran boldy, we indi bolsa suwuň ýetmezçiligi däl-de, suwuň ýygnanmagy mesele boldy.
Gurak döwrüň tamamlanmagy bilen, Esenaman obasyna gaýdyp gelip, ony dikeltmegiň wagty ýetdi.
Çölüň ümsümligi ýetip gelýän motosikliň sesi bilen bozulýar. Dürli reňkli şarflaryndan başga haki reňkli eşige geýnen adam motosiklden düşýär we adaty bina tarap barýar. Ýerli çopan Ýagmyr Kakaýew Esenaman obasynyň pese düşmeginiň şaýady bolupdy, indi bolsa ol bu obanyň täzeden dikeldilmeginiň şaýady bolmak üçin geldi. Emma, bu bina adaty bina däl: onda Esenaman obasynyň suw bilen üpjünçiligini dikeltmek üçin iň täze innowasion çözgütler bolan gün energiýasynda işleýän paneller ýerleşdirilen.
Onuň manysy gün energiýasynda işleýän suw nasoslaryny işe girizmekden ybarat, bu nasoslar çöle geçirmek mümkin bolmadyk elektrik ulgamynyň çölüň merkezine geçirilmegine hem-de Esenaman obasynyň suwa ýakylýan esasy ýere täzeden öwrülmegine ýardam berer.
Bu soňky ýyllarda Esenaman obasynyň mallaryna öri meýdanlary ulanmaga beren golaýdaky öri meýdanlara bolan zor salmalaryň peselmegine ýardam berer. Esenaman obasynyň dikeldilmeginiň üç-dört ýylynyň dowamynda diňe bir süri mallaryň sany köpelmän, eýsem beýleki öri meýdanlarda peselen ösüş derejesi hem ýokarlanyp biler.
Meýdana seretjek Ýagmyra gün energiýasynda işleýän panelleriň gurnalmagy we işe girizilmegi bilen meşgullanýan “Täze Energiýa” kärhanasy tarapyndan iberilen tehnik, şeýle-de panellere hyzmat etmek boýunça taýýarlygy geçýän ýerli maldar Saparmyrat Muhanow dagylar goşuldy.
Gün energiýasynda işleýän batareýalardan başga, zeper ýetilen sardobalar hem täzeden dikeldildi we geljekde mallara zeperiň ýetilmeginiň öňüni almak üçin, sardobalaryň daşyndan haýat goýuldy. Ondan başga-da, mallaryň suwa ýakylmagy üçin iň täze enjamlar gurnaldy. Indi olaryň Esenaman obasynda gaýdyp gelmeginiň wagty geldi.
Geljekde näme bolar?
Türkmenistanda BMG-niň Ösüş maksatnamasy çölde howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak ugrunda işleýär we ol gün energiýasy bilen işleýän beýleki çözgütleriň başyny goýdy, emma Bütindünýä ekologik gaznasynyň bu taslamasy maldarlar bilen içgin gatnaşyklaryň ilkinji tejribesi bolup hyzmat edýär. Iş bilen üpjünçilik boýunça mümkinçilikleriň çäkli bolan ýerlerinde ýerli et önümçiliginiň daşky gurşawa ýetirýän täsirini çäklendirmegiň ýollaryny gözlemek – iňňän möhüm bolan bu pudagy durnukly etmegiň ýeke-täk usuly bolup durýar.
Işden gönüden-göni peýda gazanýan ýerli hyzmatdaşyň bolmagy desgalara has gowy hyzmatdaşlyk etmäge gymmatly goşandyň goşulmagyny we uly ünsüň berilmegini aňladýar.
Esenaman obasyna geljekde näme garaşýar? Ilki bilen, suwuň täzelenen çeşmesi bilen bu çäkde hasyllylygy ýokarlandyrmagyň meýilleri bar. Mallaryň köpelýän döwründe çopanlaryň bu çäkde ýaşamagy üçin, çopanlar üçin bar bolan jaýlar dikeldilýär.
Esenaman obasy boýunça dikeldiş işleriniň maksady diňe bir bu obanyň süri mallarynyň suwa ýakylýan ýerine öwrülmeginden däl-de, ýadan çopanlaryň hem-de daýhanlaryň dynç almagy üçin oazise öwrülmeginden ybarat. Esenaman obasyny üçin agyr döwür geçdi, indi bolsa bu ýerde täzeden ýaşaýşy başlamagyň wagty geldi.
Howa şertlerine durnukly bolan iş ýerlerini goldamak boýunça BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň we Bütindünýä ekologik gaznasynyň taslamasy, şeýle-de Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän “Merkezi Aziýa gatnaşyklary boýunça dialogyň taslamasy” Esenaman obasynda uýgunlaşdyryş mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak maksady bilen innowasion tehnologiýalary tanyşdyrmak ugrunda tagallalaryny birleşdirdi.