Press reliz

Türkmenistan 2020-2025-nji ýyllar üçin iýmitlenmegiň milli maksatnamasyny kabul etdi

02 mart 2020

  • UNICEF Türkmenistanyň 2020-2025-nji ýyllar üçin Ilatyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça milli maksatnamasynyň we bu maksatnama boýunça hereketleriň meýilnamasynyň kabul etmegini makullaýar, çünki bu maksatnama ýurduň jemgyýetçilik-ykdysady abadançylygyna we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegine ýardam berer.

UNICEF-iň we BSSG-niň tehniki goldaw bermeginde işlenilip düzülen iýmitlenmek boýunça bu milli maksatnama saglygyň berkidilmegine we iýmitlenmek bilen baglanyşykly ýokunç däl keselleriň öňüniň alynmagyna gönükdirilen.

Milli maksatnama Türkmenistanyň ilatyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça öňde goýlan wezipelerini çözmek ugrunda saglygy goraýyş ulgamynyň öňüni alyşa, durmuş mobilizasiýasyna we ysnyşykly pudagara täsire gönükdirilmegi ugrunda tagallalaryna goldaw berer. Syýasatyň we strategiýalaryň saglygy goraýyş, bilim, durmuş goraglylygy, oba-hojalyk, azyk senagaty, azyk howpsuzlygy we ähli beýleki degişli pudaklaryň arasynda özara ylalaşyklylygy maksatnamanyň esasy ugurlary bolup durýar.

Iýmitlenmek boýunça maksatnama çagalaryň we ulularyň iýmitlenmegini derňeýär we ene süýdi bilen iýmitlendirmek, anemiýanyň we ýokumly elementleriň azlygy, aşa semizligiň görkezijileri, ösüşiň saklanmagy we az iýmitlenmek ýaly saglyk we iýmitlenmek bilen baglanyşykly esasy görkezijileri aýratynlaşdyrýar, bu görkezijiler Durnukly ösüş maksatlarynyň wezipelerine gözegçilik etmekde hem ulanylýar. Maksatnama hökümetiň we gyzyklanýan taraplaryň öňünde raýatlaryň iýmitlenmeginiň ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça birnäçe wezipeleri goýýar. Bu ileri tutulýan ugurlara sagdyn iýmitlenmek barada habarlylygy ýokarlandyrmak, nädogry iýmitlenmek zerarly ýüze çykýan keselleriň öňüni almak maksady bilen saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek, göwreli zenanlaryň we çagalaryň sagdyn iýmitlenmegini üpjün etmek, aşa semizligiň we iýmitlenmek bilen baglanyşykly ýokanç däl keselleriň öňüni almak, şeýle-de sagdyn we howpsuz azyk önümlerini durnukly ýagdaýda üpjün etmek degişli.

Iýmitlenmek boýunça täze milli maksatnama 2013-2017-nji ýyllaryň maksatnamasyna we oňa baha berişe esaslanan. Baha berişiň netijelerine görä, ýurtda ähli derejelerde Maksatnamany durmuşa geçirmegi güýçlendirmek, şol sanda çagalar we eneler üçin iýmitlenmek boýunça hyzmatlaryň elýeterliligini ýokarlandyrmak; azyk önümleriniň hiline we howpsuzlygyna berk gözegçilik etmek; azyk önümleriniň ülňülere laýyk öndürilmegini üpjün etmek; ýurtda sagdyn iýmitlenmek ugrunda barlaglary dowam etmek we hünärmenleri taýýarlamak zerur.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz