Press reliz

BMG we Türkmenistanyň hökümeti durmuş taýdan hyzmat ediş boýunça ilkinji bilelikdäki maksatnamasyna badalga berýär

06 mart 2020

  • Türkmenistanda “Ýerli derejede hemmetaraplaýyn ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny girizmek arkaly durmuş goraglylygy ulgamyny kämilleşdirmek” baradaky Birleşen Milletler Guramasynyň we Türkmenistanyň hökümetiniň bilelikdäki maksatnamasyny dolandyryjy komitetiniň ilkinji duşuşygy geçirildi.

Duşuşyga Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri we BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy bilelikde ýolbaşçylyk edilip, onuň esasy maksady bilelikdäki maksatnamany amala aşyrmak üçin döredilen dolandyryjy komitetiň we iş toparynyň wezipe-jogapkärçiliklerine gaýtadan seretmeklik we tassyklamaklykdan ybarat boldy.  

Dolandyryjy komitetiň agzalylygyna giren Türkmenistanyň ministrlikleri, Türkmenistanyň Mejlisi, we BMG-niň dürli gulluklary Iş meýilnamasyna gaýtadan seretdiler we bu meýilnamany amala aşyrmaklygyň indiki basgançagy, has takyky, 45 sany durmuş taýdan hyzmat berýän işgärleri işe almaklyk barada ylalaşdyrlar.

“Durmuş taýdan berilýän hyzmatlary kämilleşdirmeklik birnäçe ýylyň dowamynda Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygynda ileri tutýan ugurlarynyň biri bolup gelýär. Bu BMG-niň durmuş taýdan berilýän hyzmatlaryň modelini düýpgöter özgertmeklige köptaraplaýyn çemeleşmekligi hödürleýän ilkinji bilelikdäki tagallasy bolup durýär” diýip, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa belledi.

Bilelikdäki maksatnama şu aşakdaky maksatlary amala aşyrmaklyk üçin üç bölümden ybaratdyr:

  1. Inklýuziw jemgyýetçilik esasda durmuş taýadan hyzmat ediş modelini onuň esasy bölümleriniň nusgasyny döretmek arkaly ösdürmek;
  2. Täze jymgyýetçilik esasly durmuş taýdan hyzmatlar ulgamyny döretmek üçin institusional gurallary döretmek we kanunçylyk ulgamyny we normatiw-hukuk bazasyny üpjün etmek;
  3. Ýurt möçberinde durmuş taýdan hyzmat ediş ulgamyny güýçlendirmek we onuň işçi güýjini artdyrmak

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz