Press reliz

BMG-niň Ösüş maksatnamasy adam potensialynyň ösüşi barada hasabat berdi

04 mart 2017

  • Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça işe başlady we ýakynda bu maksatlary durmuşa geçirmek boýunça işi öwrenmäge we ony derňemäge jogapkär bolan Durnukly ösüş maksatlary boýunça merkez dörediler.

Ýaşlaryň, hökümet işgärleriniň, jemgyýetçilik birleşikleriň we halkara guramalaryň 300-den gowrak wekili BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň 2016-njy ýyl boýunça Adam potensialynyň ösüşi barada bütindünýä we sebitleýin hasabatyna bagyşlanan maslahatyň açylmagyna gatnaşdy.

“Hemmeler üçin adam potensialynyň ösdürilmegi” we “Öňegidişlik howp astynda: Gündogar Ýewropada, Türkiýede we Merkezi Aziýada deňsizlik we adam potensialynyň ösdürilmegi” atly hasabat Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi bilen hyzmatdaşlykda görkezildi.  

Açylyşda sözlän sözünde Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministriniň orunbasary BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň hem-de Türkmenistanyň Hökümetiniň maksatlarynyň deň gelýändigini belledi we ýaňy-ýakynda Durnukly ösüş maksatlarynyň kabul edilmegini onuň bir mysaly hökmünde getirdi. “Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen milletler guramasynyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek ýurduň strategik ösüşiniň esasy ugry bolup hyzmat edýär. 2016-njy ýylda Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji sessiýasynyň wise-başlygy hökmünde çykyş etdi we häzirki wagtda BMG-niň üç sany komitetine baştutanlyk edýär.”

BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň hünärmenleri hasabatlar bilen çykyş edip, olarda döwlet statistika edaralary tarapyndan üpjün edilen ýokary derejeli maglumata esaslanan çözgütleri kabul etmek işiniň möhümligini belledi. Hasabatlarda ösüşiň bütindünýä ýörelgeleri jemlenýär, dünýäde baýlygyň paýlanyşynyň deň däldigi barada netije çykarylýar we bu babatda ähli adamlaryň bähbitleriniň hasaba alynmagyny üpjün etmek zerurlygy barada bellenilýär.   

Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň wekili öz çykyşynda Türkmenistanda 2007-nji ýyldan bäri şäherleriň we oba ýerleriň deň ösmegini gazanmak we ýurduň her raýatynyň durmuş hyzmatlaryndan we ýokary derejeli ýaşaýyş şertlerinden peýdalanmagyny üpjün etmek boýunça köpdürli maksatnamalaryň kabul edilýändigini belledi. Ondan başga-da, Türkmenistan Müňýyllygyň ösüş maksatlaryndan Durnukly ösüş maksatlaryna geçmek işine hem gatnaşýar we öz raýatlarynyň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmakda uly öňegidişlikleri gazanýar. Hut şu sebäpden, Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda bu ýurtda deňsizligiň derejesi “pes” hökmünde bellenýär.

“Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi bilen bilelikde, 2016-njy ýyl boýunça Adam potensialynyň ösüşi barada bütindünýä we sebitleýin hasabatyna bagyşlanan maslahaty açmak meniň üçin uly bagtdyr. BMG-niň Ösüş maksatnamasy Türkmenistanyň Hökümeti bilen ösüş pudagynda öňegidişlikleriň netijeleriniň adalatly ýagdaýda paýlanylmagyny we bu ýagdaýda hiç kimiň çetde galmazlygyny üpjün etmek üçin ýakyndan işleşýär. Hemmeler üçin adam potensialynyň ösüşi has maksadalaýyk milli syýasatlary we maksatnamalary barada habar almak üçin ýokary hilli maglumaty we onuň derňewini talap edýär. Biz ösüş babatda ýetilen üstünlikleriň paýlanmalydygyna ynanýarys, çünki bu parahatçylykly, adalatly we hemmeler üçin açyk jemgyýetiň esaslaryny saklamakda örän möhümdir” diýip, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa belledi.

BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň maslahatçylary Ben Sleý we Ýelena Danilowa-Kross Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň 500 sany talyby we fakultetiniň agzasy üçin umumy okuwy geçirdi. Umumy okuw adam potensialynyň ösüşi baradaky temany wagyz etmek we onuň talyplar we fakultetiň agzalary üçin möhümligini düşündirmek maksady bilen geçirildi.

“Adam potensialynyň ösüşi ykdysady, jemgyýetçilik, syýasy we ösüşleriň beýleki görnüşleri üçin esas bolup hyzmat edýär. Ondan başga-da, ol Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilişiniň derejesini ýüze çykarmagyň görkezijisi bolup hem hyzmat edýär. Şeýlelik bilen, bu işe okuw jaýlarynyň goşulmagy örän möhüm, çünki ol ýerlerde geljekki nesil ýetişdirilýär” diýip, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň baş maslahatçysy Ben Sleý belledi.      

Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça işe başlandygy we ýakynda bu maksatlary durmuşa geçirmek boýunça işi öwrenmäge we ony derňemäge jogapkär bolan Durnukly ösüş maksatlary boýunça merkeziň dörediljekdigi bellendi. 

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz