Press reliz

Türkmenistan esasy waksinalara maýa goýum goýýar

27 aprel 2017

  • ÝUNISEF ýurtda ähli çagalaryň örän möhüm waksinalar bilen mugt hem-de amatly esasda üpjün edilmegini üpjün etmek maksady bilen immunizasiýa prosesine ýokary hem-de durnukly maýa goýumlary goýandygy üçin Türkmenisanyň Hökümetine minnetdarlyk bildirýär.  

“Immunizasiýa jemgyýetçilik saglygy goraýşa iň möhüm we ykdysady taýdan netijeli maýa goýum bolup, ol çagalaryň sagdyn geljegini üpjün etmäge ýardam berer. Bütin dünýäde her ýyl, takmynan, 1,5 million çaga waksinalaryň edilmändigi sebäpli geçen kesellerden aradan çykýar. Bu ýagdaýyň birnäçe sebäbi bar, mysal üçin waksinasiýa hyzmatlarynyň elýeterlilik meselesi, immunizasiýa maksatnamalary üçin bölünip berlen zähmet güýjüniň we maliýe serişdeleriniň azlygy. Türkmenistanyň immunizasiýa prosesine durnukly we giň möçberli maýa goýumlary ýurduň enäniň we çaganyň saglygyny gowulandyrmaga we geljekki nesilleriň mümkinçiliklerini giňeltmäge bolan isleginiň amaly taýdan aňladylmasy bolýar. Zenanlaryň, çagalaryň we ýetginjekleriň abadan ýaşaýşyny, saglygyny we abadançylygyny üpjün etmek ähli Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmagyň esasyny düzýär. ÝUNISEF Hökümete waksina ediş işlerini geçirmek üçin zerur bolan immunizasiýa gurallaryny satyn almak boýunça şertleri üpjün etmekde, şeýle-de milli immunizasiýa meýilnamasyna täze waksinalary girizmekde goldaw bermegini dowam eder” diýip, ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Şahin Nilofer Bütindünýä Immunizasiýa hepdesi mynasybetli belledi.        

2015-nji ýylda geçirilen birnäçe görkeziji boýunça klaster barlagynyň netijelerine laýyklykda, çagalaryň arasynda immunizasiýa prosesi 95%-den gowrak görkezijä ýetdi, bu bolsa güýçli syýasy erkiň we immunizasiýa, şeýle-de saglygy goraýşa, bilime we çagalar hem-de maşgalalar boýunça jemgyýetçilik goraglylygy boýunça maksatnamalara döwlet serişdeleriniň bölünip berilmeginiň netijesidir. Immunizasiýa diňe bir ýaşaýşy halas etmän, ol jemgyýetiň jemgyýetçilik we ykdysady abadançylygyna goşant goşýar we saglygy goraýyş, kesel zerarly ýiten aýlyk haklarynyň we öndürijilik boýunça harajatlaryň öňüni almagynyň üsti bilen, maýa goýum hökmünde goýlan 1 amerikan dollarynyň 16 amerikan dollary hökmünde yza gelmegini üpjün edýär.     

2015-nji ýylda Türkmenistanyň Hökümeti bilen ÝUNISEF 40 million amerikan dollardan gowrak möçbere halas ediji waksinalary satyn almak boýunça düşünişmek hakyndaky 5 ýyllyk Ähtnama gol çekdi. Ähtnamanyň çäginde, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi çagalaryň ýaşaýşyny we saglygyny goramak üçin zerur bolan dermanlary we enjamlary satyn alýar. Umumy möçber öňki 6 ýyllyk ylalaşygyň möçberinden iki esse köpeldildi, bu bolsa Hökümetiň waksinalaryň üsti bilen öňüni alyp bolýan kesellerden çagalary goramaga bolan islegini tassyklaýar.   

Türkmenistanyň Hökümeti bilen ÝUNISEF-iň arasynda immunizasiýa boýunça hyzmatdaşlyk 1994-nji ýylda başlandy, çünki şol ýyl Hökümet “Waksinalaryň garaşsyzlygy boýunça başlangyç” atly ylalaşyga gol çekdi. Şol wagtlardan bäri, Türkmenistan waksinalary doly derejede satyn almaga mümkinçiligi bolan ýurda öwrüldi we immunizasiýa derejesiniň ýokary bolmagyny üpjün etdi. ÝUNISEF we Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy Türkmenistanyň Hökümetine poliomielit keselini ýok etmäge, immunizasiýa maksatnamasyny dolandyrmaga we howpsuz immunizasiýa usullaryny öwretmage, ulgamyň bar bolan düzüm böleklerini täzelemage, şeýle-de waksinalary bölüp bermäge we olary ulanmaga gözegçilik etmegiň kompýuterleşdirilen ulgamyny döretmäge ýardam berdi. Geçen ýyl Türkmenistanyň Hökümeti baş saglygy goraýyş edaralaryň ählisi üçin enjamlar ulgamyny täzeledi, şeýle-de ýurtda ähli 9 ýaşly çagalar (gyzlar we oglanlar) üçin Adamyň täze papilloma wirusyna garşy waksina ulanylyp başlandy.     

Ayna Seyitliyeva

Ayna Seyitliyeva

UNICEF
Communication for Development Officer

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz