Press reliz

Daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek

20 aprel 2018

  • BMG Ösüş boýunça hyzmatdaşlaryň utgaşdyryjy toparynyň nobatdaky duşuşygyny geçirdi.

Duşuşyga ýurduň maliýeleşdiriji we ösüş jemgyýetleriniň, şol sanda köptaraply hem-de ikitaraply halkara guramalaryň we diplomatik wekillikleriň 25 sany wekili gatnaşdy.

2018-nji ýylda geçirilen birinji duşuşygyň esasy maksady ösüş boýunça jemgyýetini howanyň üýtgemeginiň täsirleri boýunça daşky gurşawy goramak babatda milli syýasatlary hem-de bähbitleri bilen tanyşdyrmakdan, şeýle-de bu ugurda işleýän halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmekden ybaratdy. Bu mesele ösüş boýunça hyzmatdaşlarda uly gyzyklanma döretdi, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň başlygy Batyr Ballyýew Türkmenistanyň Hökümetiniň halkara üňlüler bilen ähli işlerini düzgünleşdirýändigini hem-de olary daşky gurşawy goramak boýunça milli kanunçylykda şöhlelendirýändigini belledi. Hut şonuň üçin, bu ugurda halkara hyzmatdaşlyk we goldaw örän peýdaly bolup durýar.    

Duşuşygyň dowamynda, ösüş boýunça hyzmatdaşlar ýakyn geljekde ýurtda we sebitde geçiriljek iri maslahatlar barada maglumat berdi. Olara 2018-nji ýylyň maý aýynyň 30-31-ne Aşgabatda geçiriljek Talabalaýyk dolandyryş we ykdysady gatnaşyklar boýunça ÝHHG-niň Sebitleýin ministrleriň maslahaty; 2018-nji ýylyň iýun aýynyň 20-ne BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň guramagynda Aşgabatda geçiriljek Ösüşi maliýeleşdirmek ugrunda hyzmatdaşlyk maslahaty; 2018-nji ýylyň oktýabr aýynda Taşkent şäherinde geçiriljek Halkara ösüşi boýunça ABŞ-nyň gullugynyň Merkezi Aziýada söwda forumy; Almaty şäherinde geçiriljek Ýewropa Bileleşiginiň Hökümete degişli bolmadyk guramalaryň sebitleýin ýygnagy hem-de 2018-nji ýylyň oktýabr aýynda Merkezi Aziýa üçin sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň çäginde Aşgabatda geçiriljek ministrleriň maslahaty degişli.       

BMG 2017-nji ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda işe girizilen Durnukly ösüş maksatlary boýunça milli okuw we usulyýet merkeziniň maksady we wezipeleri bilen tanyşdyrdy. BMG jemgyýeti durnukly ösüşe goşant goşmagy we Türkmenistanyň Hökümetine innowasion pikirleri hem-de ylmy-barlaglary geçirmäge mümkinçilik berýän bu merkezi kämilleşdirmäge ýardam bermegi çagyrdy.

Türkmenistanda ösüş boýunça jemgyýetiň arasyndaky ylalaşyga görä, BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy Ösüş boýunça hyzmatdaşlaryň utgaşdyryjy toparynyň başlygy hökmünde durmuşa geçirilýän maksatnamalar hem-de işler barada maglumaty alyşmak hem-de bilelikdäki işler boýunça mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen ýylyň dowamynda iki gezek duşuşyklary geçirer.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

OHCHR
BMG-niň adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň müdirligi
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNESCO
BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen guramasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNHCR
BMG-niň Bosgunlar baradaky ýokary komissary
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz