Press reliz

Türkmenistanda UNICEF ähli çagalary Halkara çagalar güni bilen gutlaýar

01 iýun 2020

  • Türkmenistanda giňden bellenilýän Halkara Çagalar güni mynasybetli, UNICEF-iň wekili Kristina Weýgand «Watan» habarlar gepleşiginde ýaýlyma berlen, şeýle hem çap edilýän we onlaýn görnüşli metbugatda çap edilen gutlag bilen ýurduň ähli çagalaryna ýüzlendi.

“Iýun aýynyň birinji güni dünýäniň köp ýurtlarynda çagalaryň hormatyna bellenilýär. Bu gün diňe bir tomsuň ilkinji güni we uzak mekdep dynç alyşlarynyň ilkinji güni däl-de, eýsem çagalaryň geljegi üçin has möhüm bir hadysany aňladýar” – diýip, Kristina Weýgand nygtady.

Bu aýratyn günde UNICEF milli telewideniýe bilen bilelikde UNICEF-i öz içine alýan iki sany telewizion programma taýýarlady – olaryň biri UNICEF bilen Hökümetiň çagalaryň hukuklary ugrundaky hyzmatdaşlygy barada, beýlekisi çaganyň irki ösüşi barada, çünki iýun aýynda ene-atalaryň tertip berişi hem-de «Çaganyň durmuşynyň ilkinji 1000 güni - bagtly geljegiň binýady» atly kampaniýasynyň dördünji ýyly bütin dünýäde bellenilýär.

Mundan başga-da, şu gün UNICEF we Bilim ministrligi ýurtdaky ähli 1075 sany mekdebe çenli çagalar edarasynyň çagalarynyň arasynda «Meniň bagtly maşgalam» atly mowzugynda surat çekmek boýunça çäresini yglan etdiler. Şu aýyň ahyrynda bolsa UNICEF “Türkmen Owazy” teleýaýlymy bilen tanymal türkmen aýdymçylarynyň gatnaşmagynda çaganyň irki ösüşi barada gepleşigi taýýarlamak ugrunda hyzmatdaşlyk eder.

Çagalar üçin telewideniýe gepleşiginde, şeýle hem UNICEF-iň sosial torlarynda meşhur alyp baryjy Aşyr Däde çagalary bu aýratyn güni bilen gutlar. UNICEF we Ombudsmeniň edarasy şu hepde milli metbugat üçin bilelikdäki makalany çap eder. 

«Çagalar biziň geljegimizdir. Geliň, ähli çagalaryň öz hukuklaryndan peýdalanyp, sagdyn bolup, döredilen mümkinçiliklerden peýdalanyp, her gün täze bir zat öwrenip, dostlary we maşgalalary bilen ýakyn gatnaşykda bolar ýaly, bilelikde işleşeliň! Çagalarymyzyň çagalyk ýyllaryndan lezzet almagy üçin birleşeli» - diýip, UNICEF-iň Türkmenistandaky wekili Kristina Weýgand nygtady.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz