Press reliz

Halkara Zähmet guramasy we UNICEF: COVID-19 ýene millionlarça çagany çaga zähmetine iterip biler

12 iýun 2020

  • 2000-nji ýyldan bäri çaga zähmeti 94 milliona azaldy, ýöne bu üstünlik indi howp astyndadyr

Nýu-Ýork / Ženewa – Halkara Zähmet guramasy bilen UNICEF-iň täze gysga hasabatyna görä, COVID-19 zerarly ýüze çykan çökgünlik sebäpli millionlarça çaga üçin çaga zähmetiniň töwekgelçiligi ýokarlandy, bu bolsa 20 ýyllyk ösüşden soň ilkinji gezek zaga zähmetiniň ýokarlanmagyna getirip biler.

COVID-19 we çaga zähmeti: çökgünlik döwri, hereket etmeli wagt” (COVID-19 and child labour: A time of crisis, a time to act) atly resminama görä, ​​2000-nji ýyldan bäri çaga zähmetiniň göwrümi 94 milliona azaldy, ýöne bu üstünlik indi howp astyndadyr.

Hasabatda çaga zähmetine gatnaşýan çagalaryň indi has uzak ýa-da ýaramaz şertlerde işläp biljekdigi aýdylýar. Has köp çagalar zähmetiň saglyga we howpsuzlyga ep-esli zyýan ýetirýän iň erbet görnüşlerine gatnaşmaga mejbur bolarlar.

Halkara Zähmet guramasynyň baş müdiri Gaý Raýder: “Pandemiýanyň maşgala girdejilerine zyýanly täsir edýändigi sebäpli, köp maşgala goldaw berilmese, olar çagalaryny işe ibermeli bolar” – diýip nygtady. “Çökgünlik döwründe durmuş goragy möhümdir, çünki ol has ejizlere kömek edýär. Çaga zähmeti bilen baglanyşykly meseläniň bilim, durmuş goragy, adalat, zähmet bazarlary hem-de halkara adam hukuklary we zähmet hukuklary ýaly has giň syýasata goşulmagy iňňän möhüm ähmiýete eýe.”

Hasabata görä, COVID-19 garyplygyň ýokarlanmagyna we, netijede, çaga zähmetiniň köpelmegine sebäp bolup biler, çünki öý hojalygy ýaşamak üçin ähli serişdeleri ulanýar. Käbir gözlegler käbir ýurtlarda garyplygyň bir göterim ýokarlanmagynyň çaga zähmetiniň azyndan 0,7% ýokarlanmagyna sebäp bolýandygyny görkezýär.

UNICEF-iň ýerine ýetiriji direktory Genrietta For: “Çökgünlik döwründe köp maşgala üçin çaga zähmeti garyplyga garşy göreş mehanizmine öwrülýär” – diýip nygtady. “Garyplygyň ýokarlanmagy, mekdepleriň ýapylmagy we durmuş hyzmatlaryna elýeterliligiň azalmagy sebäpli has köp çaga işçi güýjüne goşulmaga mejbur bolýar. COVID-den soňky dünýäni täzeden göz öňüne getirmegimiz bilen, biz çagalaryň we olaryň maşgalalarynyň geljekde şuňa meňzeş meselelere garşy durmak üçin zerur gurallarynyň bardygyna göz ýetirmeli. Ýokary hilli bilim, durmuş goragy hyzmatlary we has amatly ykdysady mümkinçilikler ýagdaýy düýpgöter üýtgedip biler.”

Resmi däl ykdysadyýetde işleýänler we migrant işçiler ýaly gowşak ilat toparlary ykdysady çökgünlikden, resmi däl pudagyň giňeldilmeginden we işsizligiň ýokarlanmagyndan, durmuş derejesiniň umumy pese gaçmagyndan, saglyk ýagdaýynyň peselmeginden, durmuş goragy ulgamlarynyň ýeterlik däldiginden we beýleki agyr faktorlardan has köp ejir çeker. 

Subutnamalar pandemiýa döwründe mekdepleriň ýapylmagy bilen çaga zähmetiniň köpelendigini görkezýär. Mekdepleriň häzirki ýagdaýda wagtlaýyn ýapylmagy 130-dan gowrak ýurtda 1 milliarddan gowrak okuwça täsirini ýetirdi. Sapaklar täzeden başlanandan soň hem, käbir ene-atanyň çagalaryny mekdebe ibermäge mümkinçiligi bolmaz.

Netijede, has köp çagalar howply işe mejbur edilip, ekspluatasiýa sezewar edilip bilner. Hasabatda görkezilişi ýaly, jyns deňsizligi has hem agyrlaşyp biler, sebäbi gyzlar oba hojalygynda we öý işlerinde işledilmäge has ejizdir.

Hasabatda has giňişleýin durmuş goragyny üpjün etmek, garyp maşgalalar üçin karz almak işini ýeňilleşdirmek, ulular üçin mynasyp işlemegi höweslendirmek, okuw töleglerini ýatyrmagyň üsti bilen çagalary yzyna mekdebe getirmek hem-de zähmet we hukuk goraýjy edaralary üçin goşmaça serişdeleri bölüp bermek ýaly çaga zähmetiniň ýokarlanmagyna abanýan howpuň öňüni almak üçin birnäçe çäreler teklip edilýär.

Halkara Zähmet guramasy we UNICEF häzirki wagtda COVID-19-yň dünýädäki çaga zähmetine ýetirýän täsirini öwrenmek üçin simulýasiýa nusgasyny taýýarlaýarlar. Çaga zähmeti boýunça täze global bahalandyrmalar 2021-nji ýylda çap ediler.

###

Has giňişleýin maglumat üçin aşakdakylar bilen habarlaşyň:

Rosalind Yarde, Halkara Zähmet guramasy yarde@ilo.org, newsroom@ilo.org

Helen Wylie, UNICEF Nýu Ýork, Tel: +1917/244-2215, hwylie@unicef.org

Halkara Zähmet guramasy barada

BMG-niň ulgamynyň ýeke-täk üç taraplaýyn gullugy hökmünde, Halkara Zähmet guramasy zähmet ülňülerini kesgitlemek, syýasaty işläp düzmek hem-de ähli zenanlar we erkekler üçin mynasyp işlemegi üpjün edýän maksatnamalary döretmek maksady bilen, 1919-njy ýyldan bäri 187 sany agza döwletiň hökümetlerini, iş berijilerini we işçilerini bir ýere jemleýär.

UNICEF barada

UNICEF iň ejiz çagalara ýetmek üçin dünýäniň dürli künjeklerinde örän kyn şertlerde işleýär. Biz dünýäniň hemme ýerinde, her bir çaganyň peýdasyna 190 ýurtda we sebitde işleýäris, ony hemmeler üçin gowulandyrmaga çalyşýarys.

UNICEF we onuň çagalar üçin alyp barýan işleri barada has giňişleýin maglumat üçin şu sahypa giriň www.unicef.org.

UNICEF-e Twitter-de we Facebook-da goşulyň

 

 

 

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

ILO
Halkara zähmet guramasy
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz