Press reliz

ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky täze wekili ýurduň Prezidenti bilen duşuşdy

26 iýun 2019

  • ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky täze wekili hanym Kristin Waýgand onuň Alyhezreti Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa ynanç hatlaryny gowşurdy.

Prezident hanym Waýgandy täze wezipä bellenmegi bilen gutlady we oňa Türkmenistanda işiniň netijeli bolmagyny arzuw etdi. Ol Türkmenistanyň Hökümeti bilen ÝUNISEF-iň arasynda dürli ugurlarda, şol sanda enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bilim we çagalary goramak ýaly ugurlarda öňden gelýän ygtybarly hyzmatdaşlygy barada belledi.

Hanym Waýgand çagalar bilen baglanyşykly meseleleriň hökümetiň üns merkezinde galýandygy üçin Ýurt baştutanyna minnetdarlygyny bildirdi. Ondan başga-da, hanym Waýgand Hökümetiň 2018-2022-nji ýyllar üçin Çaganyň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça hereketleriň milli meýilnamasyny kabul edendigine, şeýle-de immunizasiýa boýunça döwlet maksatnamasynyň durnukly maliýeleşdirilmegine hem ýokary baha berdi.

Şeýle-de, ol Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Durmuş-ykdysady ösüş boýunça döwlet maksatnamasynda we Durnukly ösüş maksatlarynda beýan edilen milli maksatlara ýetmek üçin döwlet býujetiniň 

maliýeleşdirilmegini mundan beýläk kämilleşdirmek ugrunda häzirki wagtda alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Ondan başga-da, ol şu ýyl Çaganyň hukuklary baradaky konwensiýanyň kabul edilmegine 30 ýylyň dolýandygy baradaky habary Döwlet Baştutany bilen paýlaşdy. Türkmenistan bu Konwensiýany kabul etmeginiň şanly 25 ýyllygyny bellär. Hanym Waýgant Türkmenistanyň Prezidentiniň bu şanly sene mynasybetli hökümetiň çaganyň hukuklaryna bolan wepalylygyny täzeden tassyklajak döwlet baştutanlarynyň arasynda ilkinjileriň boljakdygy barada umyt bildirdi.

«Men Siziň ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilliginiň başlygy hökmünde şu möhüm wezipä bellenmegiňiziň Türkmenistan bilen Birleşen milletler guramasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk ösdürilmegine täze itergi berjekdigine ynanýaryn» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti özüniň Kristin Waýganda iberen garşy alyş hatynda belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hanym Waýganda Hökümet bilen ÝUNISEF-iň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk ösdürmegi maslahat berdi we häzirki wagtda durmuşa geçirilýän bilelikdäki maksatnamalardan başga, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bilim, gorag we ideg ediş, şeýle-de arassa suwa bolan elýeterlilik ýaly ugurlara has köp ünsüň berilmegini teklip etdi. Ondan başga-da, Ýurt baştutany Türkmenistanyň milli serhetlerden daşarda çagalara goldaw bermäge taýýardygy barada belledi.

Soňky üç ýylyň dowamynda hanym Kristin Waýgand Eýran Yslam Respublikasynda ÝUNISEF-iň ofisiniň başlygynyň orunbasary wezipesinde işledi. Hanym Waýgand 2012-nji ýylda Madagaskarda ÝUNISEF-iň jemgyýetçilik syýasaty we baha beriş bölümine işe geldi. ÝUNISEF-e işe gelmeginden öň, hanym Waýgand “KfW Entwicklungsbank” alty nemes ösüş bankynda we Bütindünýä bankynda işläpdi. Hanym Waýgand Awstriýanyň raýaty. Ol Niderlandlaryň Maastriht uniwersitetinde halkara ykdysady barlaglary boýunça magistr derejesini aldy. Ol iňlis, fransuz, ispan we nemes dillerinde erkin gürläp bilýär.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz