Press reliz

Durmuş hyzmatlary baradaky Bilelikdäki maksatnamanyň iş toparynyň maslahaty geçirildi

24 dekabr 2020

  • Durmuş hyzmatlary baradaky Bilelikdäki maksatnamanyň iş topary ýerli derejede durmuş hyzmatlaryny etmegiň täze ulgamyny ornaşdyrmaga goldaw bermek boýunça kanunçylyk binýadyny berkitmek we onuň institusional gurallaryny döretmek boýunça alnyp barylýan işleri ara alyp maslahatlaşmak üçin duşuşyklar geçirdi.

Duşuşyklar BMG-niň Ilat gaznasy tarapyndan Türkmenistanyň Hökümeti we BMG-niň bilelikde amala aşyrýan ýerli derejede durmuş hyzmatlary baradaky Bilelikdäki  maksatnamasynyň çäginde gurnaldy.  

BMG-niň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky wekili Aýna Seýitliýewanyň açylyş çykyşy bilen başlanan duşuşyga Türkmenistanyň Mejlisinden, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginden, Türkmenistanyň Bilim ministrliginde, Türkmenistanyň Adalat ministrliginden, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginden, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginden hünärmenler, halkara hünärmenler we Bilelikdäki maksatnamada hyzmatdaşlyk edýän BMG-niň edaralarynyň wekilleri gatnaşdy.   

Duşuşygyň birinji tapgyrynda Bilelikdäki maksatnamanyň halkara hünärmeni durmuş hyzmatlary nukdaýnazaryndan Türkmenistanyň kanunçylygyna syn bermek boýunça ýerine ýetirilen işler barada çykyş edip, duşuşyga gatnaşyjylar bilen bu synyň netijelerini ara alyp maslahatlaşdy. Duşuşygyň ikinji tapgyrynda hünärmenler ýerli derejede durmuş hyzmatlaryny etmeklik ulgamynynyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek baradaky maslahatlar barada pikir alyşdylar.  Şeýle hem, duşuşyga gatnaşyjylar durmuş hyzmatlaryny etmek boýunça milli kanunçylyga teklipleri taýýarlamak babatynda alnyp barylýan taslama bilen tanyşdyryldy.

“Ýerli derejede hemmetaraplaýyn ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny girizmek arkaly durmuş goraglylygy ulgamyny kämilleşdirmek” atly Bilelikdäki maksatnama hyzmatdaşlyk edýän BMG-niň edaralary, ýagny BMG-niň Çagalar gaznasy, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Ilat gaznasy we BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirligi hem-de Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan durmuşa geçirilip, ol BMG-niň Durnukly ösüş maksatlary boýunça Bilelikdäki Gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilýär. Bilelikdäki maksatnama durmuş hyzmatlarynyň ýerli derejede edilýän täze nusgasyny döretmegi, degişli kanunçylyga syn berip, teklip taýýarlamagy we hünärmenleriň durmuş hyzmatlary boýunça bilimlerini we başarnyklaryny artdyrmagy maksat etýär. Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi Bilelikdäki maksatnama boýunça esasy milli hyzmatdaş bolup, beýleki milli hyzmatdaşlarymyz Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligidir.

Ýerine ýetirilmeli möhleti: 2020-2022. 

Guljahan Gochova

UNDP Project Specialist/Communication Specialist for Joint Programme

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz