Türkmenistanyň durmuş hyzmatyny edýän edaralary we guramalary ýerli derejede täze durmuş hyzmatlaryny synagdan geçirmek üçin mümkinçiliklerini artdyrdylar
22 fewral 2021
- Türkmenistanyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden durmuş hyzmatyny edýän döwlet we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bäş gün dowam eden interaktiw onlaýn okuwyň dowamynda maýyplygy bolan adamlara, ata-enesiniň howandarlygyndan galan çagalara, töwekgelçilik toparyna girýän ýaşlara we gender esasly zorlugyň pidasy bolan adamlara täze ýerli derejede durmuş hyzmatyny etmek üçin öz mümkinçiliklerini artdyrdylar.
Bu BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen bilelikde BMG we Türkmenistanyň Hökümetiniň bilelikde alyp barýan hemmetaraplaýyn ýokary hilli durmuş hyzmatlary baradaky Bilelikdäki maksatnamasynyň çäginde durmuş işi boýunça işçi güýjüniň mümkinçiliklerini artdyrmak üçin gurnaýan okuwlarynyň biri bolup durýar.
Okuwda esasan durmuş hyzmatyny etmegiň ýörelgeleri we hil ölçegleri, durmuş işinde şahsy zerurlyklary bahalandyrmagyň we gözegçilik etmegiň nazaryýeti, ölçegleri we usullary, durmuş hyzmatynyň meýilnamasyny düzmek we hyzmaty alyjylaryň durmuş hyzmatyny meýilnamalaşdyrmak we ony durmuşa geçirmek işine işjeň gatnaşmagy, ýöriteleşdirilen durmuş hyzmatlaryny döretmek we durmuşa geçirmek, durmuş hyzmatyny etmekde işçi güýjini dolandyrmak, belli bir durmuş hyzmatyny grant arkaly maliýeleşdirmek üçin teklip taslamasyny taýýarlamak ýaly mowzuklarda okuwa gatnaşyjylaryň hünär kamilligini artdyrmaga üns berildi.
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Aşgabat şäheri boýunça ýalňyz gartaşan raýatlara we maýyplygy bolan adamlara durmuş taýdan hyzmat ediş edarasynyň hünärmeni Jemile Gurbanowa görä, bu okuw gatnaşyjylar üçin örän peýdaly boldy.
Ol “Biz bu okuwda diňe durmuş hyzmatyny etmek boýunça iň öňdebaryjy halkara tejribe bilen tanyş bolman, eýsem bar bolan çeşmelerimiz we mümkinçiliklerimizden peýdalanyp, ýerli derejede ýokary hilli we hemmetaraplaýyn durmuş hyzmatyny döretmegiň tejribesini hem öwrendik” diýip, belledi.
“Okuwyň dowamynda ýerli derejede durmuş hyzmatyny etmegiň aýratynlyklaryny öwrenmek bilen, biz geljekde öz işimizde peýdaly bolup biljek, meselem, durmuş işinde bahalandyrmanyň görnüşleri ýaly, örän köp tejribeleri öwrendik” diýip, Aşgabat şäherinde ýerleşýän “Keýik-Okara” jemgyýetçilik guramasynyň wekili Subu Ibragimowa aýtdy.
Mary şäherinde ýerleşýän “Maşgala” jemgyýetçilik guramasynyň ýolbaşçysy Gurban Bugaýew bolsa, durmuş işini etmekde işçi güýjüni dolandyrmak we çeşmeleri ulanmak boýunça öz bilimini artdyrandygyny belledi. Şeýle-de, ol Bilelikdäki maksatnamanyň çäginde durmuş hyzmatyny etmekde döwlet sargydyny girizmäge ýol açyp biljek täze durmuş hyzmatlarynyň synagdan geçirilmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny belledi.
“Ýerli derejede hemmetaraplaýyn ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny girizmek arkaly durmuş goraglylygy ulgamyny kämilleşdirmek” atly Bilelikdäki maksatnama BMG-niň hyzmatdaşlyk edýän edaralary, ýagny BMG-niň Çagalar gaznasy, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Ilat gaznasy we BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirligi hem-de Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan durmuşa geçirilip, ol BMG-niň Durnukly ösüş maksatlary boýunça Bilelikdäki Gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilýär. Bilelikdäki maksatnama durmuş hyzmatlarynyň ýerli derejede edilýän täze nusgasyny döretmegi, degişli kanunçylyga syn berip, teklipler taýýarlamagy we hünärmenleriň durmuş hyzmatlary boýunça bilimlerini we başarnyklaryny artdyrmagy maksat edýär. Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi, BMG tarapyndan BMG-niň Çagalar gaznasy Bilelikdäki maksatnama boýunça alyp baryjy edara bolup çykyş edýär. Beýlekiler Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligidir.
Ýerine ýetirilmeli möhleti: 2020-2022.