Durmuş işi boýunça psiholog hünäri - Türkmenistanyň kämilleşdirilen durmuş hyzmatlarynyň aýrylmaz bölegidir
Näzik Akyýewa hemişe täze iş gününe sabyrsyzlyk bilen garaşýar.
Her gün dürli-dürli adamlar bilen duşuşýar we şol duşuşyklaryň esasy maksady bolsa – olara ruhy taýdan goldaw bermekden ybarat.
Näzik – çaga psihology –juda ýaş hünär boýunça ýaş hünärmen.
Näzik hemişe psiholog bolmany arzuw ederdi we Magtymguly adyndaky TDU-de hünärmeniň diplomyny, soňra Belarus Respublikasynda psihologiýa ylymlarynyň magistri derejesini alyp, Türkmenistanda adamlara kömek etmek we okuwyň dowamynda alan bilimlerini iş ýüzünde ulanmak üçin ol öz watanyna dolanyp geldi.
Bagtyna, Näzigiň Türkmenistana dolanyp gelmegi BMG we Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan durmuşa geçirilýän “Ýerli derejede hemmetaraplaýyn ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny girizmek arkaly durmuş goraglygy ulgamyny kämilleşdirmek” atly täze bilelikdäki maksatnama gatnaşyjylary seçip almanyň başlanan döwrüne gabat geldi.
«Bu maksatnama gatnaşmak we söýýän hünärim boýunça işlemek miýesser edenligine men örän şat. Durmuş işi boýunça psiholog - bu biziň ýurdumyz üçin täze hünär. Şahsy göreldäm bilen men beýlekileri hem bu hünäri öwrenmäge we ösdürmäge ruhlandyraryn, diýip umyt edýärin.»
Bu maksatnamanyň çäklerinde ýerli derejede hemmetaraplaýyn ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny üpjün etmäge Türkmenistanyň durmuş goraglylygy ulgamyny taýýarlamak meýilleşdirilýär. Bu başlangyç dürli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýan ilatyň ejiz toparlaryna olary çözmäge goldaw bermäge, agyr durmuş ýagdaýlaryndan çykmaga we olara özbaşdak durmuş obrazyny alyp barmaga kömek etmäge gönükdirilendir.
Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň ýolbaşçylygynda we esasy ministrlikleriň we pudak edaralarynyň gatnaşmagynda ýerli derejede hemmetaraplaýyn hyzmatlaryň täze nusgasy 2020-nji ýylyň noýabr aýyndan synag edilip başlandy we durmuş işi boýunça 45 hünärmen işe alyndy we tutuş Türkmenistan boýunça 20 etrapda olar ilkinji durmuş hyzmatlaryny bermek boýunça okuw geçdiler. Şol bir maksatnamanyň çäklerinde, 2021-nji ýylda, ÝUNISEF dört täze ýöriteleşdirilen durmuş hyzmatyny, hususan-da, ýerli derejede çagaly maşgalalary işjeň goldama, maýyp çagaly maşgalalary goldama, çagalar öýlerinden gelen çagalaryň ýaňadan durmuşa goşulyşmagy we internat edaralaryndan gelen ýaşlara maşgala we jemgyýete goşulyşma üçin durmuş goldawyny bermegi synag etdi.
Aşgabatda, bu maksatnamanyň çäklerinde, bu hyzmatlaryň ikisi synag edildi: topar derejesinde çagaly maşgalalary işjeň goldama we maýyplygy bolan çagaly maşgalalary goldama. Näzik eýýäm 18 iş boýunça iş alnyp barylýan bu synag edilýän hyzmatlara gatnaşýar.
Durmuş işi boýunça hünärmenler bilen hyzmatdaşlykda, Näzik köp çagaly maşgalalara, agyr durmuş ýagdaýyny başdan geçirýän maşgalalara, maýyplygy bolan çagaly maşgalalara kynçylyklary ýeňip geçmäge, hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmaga, çaganyň ösmegi we terbiýesi üçin zerur ene-ata başarnyklaryny ösdürmäge we pugtalandyrmaga we ş.m. kömek edýär.
«Biziň durmuş işi boýunça taslamamyzda psihologyň işi durmuş hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ruhy taýdan sagdynlygyny we şahsyýetiň ösüşini üpjün etmekden ybarat. Işimde men psihologiýanyň dürli usullaryndan peýdalanýaryn, mysal üçin, söhbetdeşlik, maslahat berme, aýratyn we toparlaýyn bejergi we beýlekiler. Söhbetdeşlik ýiti psihologik birahatlylyk ýagdaýyny, dartgynlylygy aýyrmak, psihologik birahatlylygyň we agressiýanyň, gorkynyň derejesini peseltmek maksady bilen geçirilýär. Şeýle-de, ol maşgalada, durmuşda we daş-töweregimizde bolup geçýän düşünişmezlikleriň we agzalalyklaryň sebäplerini ýüze çykarmak üçin hyzmatlardan peýdalanýanlar bilen ilkinji tanyşlykda geçirilýär.»
Psihologyň işiniň tapgyrlary psihologik barlaglary geçirmekden we olaryň netijelerini jemlemekden, psihologik zerurlyklara, töwekgelçililere we müşderileriň serişdelerine baha bermekden, olaryň durmuş ýagdaýlarynyň psihologik aýratynlyklaryny we durmuş şertlerini, şeýle-de dürli jemgyýetçilik toparlarynyň adaty psihologik meselelerini ýüze çykarmakdan ybarat bolýar. Soňra, müşderiler bilen bilelikde, sosiallaşdyrmanyň anyk tapgyrlary, durmuşda özüňi alyp barmanyň kadalarynyň emele gelmesi üçin durmuş maksatlaryny we wezipelerini kesgitlemek maksady bilen “hereketleriň meýilnamasy” düzülýär.
«Adamlar özleriniň kömege mätäçligine hemişe düşünip durmaýarlar we olaryň işini üstünlikli çözenimizde, olar hemişe bize minnetdar bolýarlar. Käwagt bolsa, adamlara diňe içini dökmek we hünärmenleriň pikirlerini diňlemek gerek bolýar.»
Soňra, geçirilen barlaglaryň we alnan netijeleriň, «hereketleriň meýilnamasy» düzülende ýüze çykarylan delilleriň we maksatlaryň esasynda durmuş işi boýunça hünärmen bilen birlikde ÖHEM (Özbaşdak hemaýat etmek meýilnamasy) düzülýär we onda öňde goýulan maksatlara ýetmegiň usullary, möhletleri we tärleri beýan edilýär.
«Men öz işimi juda söýýärin, hiç wagt meniň iki birmeňzeş günüm bolmaýar. Adamlar dürli we edil şonuň ýaly-da, olaryň durmuş ýagdaýlary hem dürli bolýar. Iň ýakymly zat - bu biz hakykatdan-da adamlara kömek edip bilýäris, öz işimiziň netijesini we olaryň ýüzlerinde ýylgyryşlary görüp bilýäris.»