Press reliz

BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy Awazada geçirilen ýokary derejeli dialoglarda zenanlaryň liderliginiň, halkara hukugynyň we adamlaryň bähbitlerine gönükdirilen ösüşiň ähmiýetini nygtady

07 oktýabr 2026

Awaza, 2026-njy ýylyň 7-nji oktýabry — Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy hanym Sýaozýun Greýs Wan Awazada zenanlaryň liderligine, demografik üýtgeşmelere we saglygy goraýyş hyzmatlary bilen ählumumy gurşawa bagyşlanan üç sany ýokary derejeli halkara dialoga gatnaşyp, halkara borçnamalary adamlaryň durmuşynda anyk oňyn özgertmelere öwürmegiň möhümdigini nygtady.

Dialoglar parahatçylygy, durnukly ösüşi we adamlaryň abadançylygyny ilerletmek boýunça tejribe we pikir alyşmak üçin Türkmenistandan we beýleki ýurtlardan döwlet edaralarynyň wekillerini, parlament agzalaryny, zenan liderleri, halkara guramalary we ösüş boýunça hyzmatdaşlary bir ýere jemledi.

Türkmenistanyň Mejlisi we Hökümeti tarapyndan guralan “Parahatçylygy üpjün etmekde we durnukly ösüşi gazanmakda zenanlaryň orny” atly halkara dialogda çykyş eden hanym Wan häzirki we geljek nesillere täsir edýän kanunlaryň, syýasatlaryň, institutlaryň we kararlaryň kemala getirilmegine zenanlaryň manyly gatnaşmagynyň möhümdigini belledi.

Zenanlaryň syýasy we ykdysady wekilçiliginde, parahatçylyk proseslerine gatnaşmagynda, zorlukdan goralmagynda we mümkinçiliklere elýeterliliginde dünýä derejesinde henizem dowam edýän deňsizlige ünsi çekip, ol gender deňligine ýetmek ugrundaky ösüşi tizleşdirmegiň zerurdygyny nygtady.

“Öňümizde duran mesele zenanlaryň parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde ornunyň bardygy ýa-da ýokdugy barada däl. Elbetde, bar! Bu ýerde jogap bermeli soragymyz: muny ykrar etmekligi nädip anyk netijelere öwrüp bileris?” diýip, hanym Wan aýtdy.

Ol ösüşiň gazanylmagy üçin zenanlar we gyzlar bilen birlikde erkekleriň we oglanlaryň hem işjeň gatnaşmagynyň, şeýle hem zenanlaryň hukuklaryny, abadançylygyny, wekilçiligini we mümkinçiliklerini berkitmek boýunça bilelikdäki tagallalaryň zerurdygyny nygtady.

Hemişelik utgaşdyryjy ösüşi tizleşdirmegiň üç esasy şertini görkezdi: maglumatlar, syýasatlar we hyzmatlar.

Ol 6 600-den gowrak öý hojalygyny öz içine alan Türkmenistanyň soňky Köp görkezijili klaster barlagyny ösüşiň gazananlaryndan kimleriň peýdalanýandygyny, kimleriň ünsden düşmek howpunyň bardygyny we haýsy ugurlarda goşmaça çäreleriň zerurdygyny kesgitlemek üçin möhüm maglumat çeşmesi hökmünde belledi.

Şeýle hem ol Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekdäki ösüşi boýunça Hökümet tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň goldawy bilen häzirki wagtda taýýarlanylýan üçünji Meýletin milli synynyň milli ösüşi meýilleşdirmekde we syýasaty işläp taýýarlamakda jyns boýunça bölünen maglumatlaryň ulanylyşyny güýçlendirmek üçin möhüm mümkinçilik döredýändigini aýtdy.

2026–2030-njy ýyllar üçin Gender deňligi boýunça Hereketleriň milli meýilnamasyny mübärekläp, hanym Wan häzirki esasy wezipäniň maglumatlary netijeli syýasata, syýasaty bolsa hyzmatlara we zenanlaryň hem-de gyzlaryň durmuşynda ölçäp bolýan oňyn özgertmelere öwürmekden ybaratdygyny nygtady.

Hemişelik utgaşdyryjy sebitleýin hyzmatdaşlygyň we bilim alyşmagyň ähmiýetini belläp, Türkmenistanyň Merkezi Aziýadaky zenan liderleriň arasyndaky dialoga, şol sanda halkara we parlamentara alyşmalar arkaly goşýan işjeň goşandyny ýokary baha berdi. Şeýle hem ol BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň sebit dialogyny, diplomatiýany we hyzmatdaşlygy, şol sanda zenan liderleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy goldamakdaky möhüm işini belledi.

Hanym Wan BMG-niň Ýurt boýunça toparynyň 2026–2030-njy ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasy bilen Türkmenistanyň arasynda durnukly ösüş babatda hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasynyň üsti bilen gender deňligini ilerletmäge ygrarlydygyny ýene-de tassyklady. Bu maksatnama gender deňligini inklýuziw dolandyryş, ykdysady özgertmeler, howanyň üýtgemegine durnuklylyk, saglygy goraýyş, bilim we durmuş goragy ýaly ugurlara birleşdirýär.

Ol BMG-niň maglumat we seljeriş binýadyny berkitmekdäki, milli institutlary goldamakdaky, Türkmenistany halkara tejribesi bilen baglanyşdyrmakdaky, şeýle hem amaly çözgütleri işläp taýýarlamakdaky we olaryň gerimini giňeltmekdäki ornuny nygtady.

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen 2028-nji — Halkara hukugynyň halkara ýylyna taýýarlyk görmek bilen, hanym Wan halkara borçnamalarynyň, şol sanda Aýallaryň hukuklarynyň kemsidilmeginiň ähli görnüşlerini ýok etmek hakyndaky Konwensiýanyň hem-de “Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk” gün tertibiniň amaly ähmiýetini görkezmek üçin bilelikdäki tagallalara çagyrdy.

Ol halkara hukugynyň hakyky ähmiýetiniň borçnamalar syýasatda öz beýanyny tapanda, institutlar anyk netijeleri üpjün edende, zenanlar we gyzlar bolsa gündelik durmuşynda has giň mümkinçilikleri, goragy we adalaty duýanda ýüze çykýandygyny nygtady.

Çykyşynyň ahyrynda Hemişelik Utgaşdyryjy liderligiň manysy barada şeýle diýdi:

“Liderlik biziň haýsy orny eýeleýändigimiz ýa-da şu gün haýsy gapydan girýändigimiz bilen kesgitlenmeýär. Liderlik beýlekiler üçin näçe gapyny açyp bilýändigimiz bilen kesgitlenýär”.

Hanym Wan şeýle hem “Halkara hukugynyň ähmiýeti we parahatçylygy hem-de durnukly ösüşi berkitmekde zenanlaryň orny” atly tematiki mejlisiň moderatory boldy.

Mejlis halkara guramalarynyň, parlamentleriň we zenanlar guramalarynyň wekillerini halkara hukugynyň deňligi ilerletmekdäki, hukuklary goramakdaky, zenanlaryň gatnaşygyny güýçlendirmekdäki we durnukly parahatçylygy goldamakdaky orny boýunça pikir alyşmak üçin bir ýere jemledi.

Ara alyp maslahatlaşmalarda halkara borçnamalary milli kanunçylyk, institutlar, hyzmatdaşlyk we kararlary kabul etmek işine zenanlaryň manyly gatnaşmagy arkaly amaly herekete öwürmegiň möhümdigi nygtaldy.

Hemişelik utgaşdyryjy şeýle hem “Demografik prosesler we durnukly ösüş: häzirki zaman meseleleri we halkara tejribesi” atly halkara dialoga gatnaşdy.

Öz çykyşynda hanym Wan demografik meýilleriň öz-özünden ýurduň geljegini kesgitlemeýändigini belledi. Tersine, jemgyýetleriň demografik özgertmelere taýýarlyk görmek üçin edýän saýlawlary ilatdaky üýtgeşmeleri durnukly ösüş üçin mümkinçiliklere öwrüp biler.

Ol adamlara ir döwürde maýa goýmagyň, zenanlar we ýaşlar üçin mümkinçilikleri giňeltmegiň, saglygy goraýyş we durmuş goragy ulgamlaryny berkitmegiň, şeýle hem geljekdäki zerurlyklary öňünden kesgitlemek we ösüş syýasatlaryny gönükdirmek üçin ygtybarly demografik maglumatlary ulanmagyň möhümdigini nygtady.

Türkmenistanyň ilatynyň deňeşdirilende ýaş bolmagy adam maýasyna we ykdysady özgertmelere maýa goýmak üçin möhüm mümkinçilik döredýär. Şol bir wagtda bu ýagdaý ilatyň garramagyny hem öz içine alýan uzak möhletli demografik üýtgeşmelere taýýarlyk görmegiň möhümdigini görkezýär.

Dialogda ähli ýaşdaky adamlara durnukly ösüşe goşant goşmaga we onuň netijelerinden peýdalanmaga mümkinçilik berýän geljege gönükdirilen syýasatlaryň ähmiýeti nygtaldy.

Hanym Wan şeýle hem “Saglygy goraýyş hyzmatlary bilen ählumumy gurşaw we Durnukly ösüş maksatlary” atly ýokary derejeli dialoga gatnaşdy. Ol ýokary hilli saglygy goraýyş hyzmatlaryna elýeterlilik hem-de güýçli, inklýuziw we durnukly saglygy goraýyş ulgamlarynyň durnukly ösüşe goşýan goşandy boýunça pikir alyşmak üçin gyzyklanýan taraplary bir ýere jemledi.

Ara alyp maslahatlaşmalarda saglygy goraýyş syýasatlarynyň we hyzmatlarynyň ähli adamlaryň, aýratyn-da ösüşden ünsden düşmek howpy abanýanlaryň zerurlyklaryna laýyk gelmegini üpjün etmegiň möhümdigi nygtaldy.

Üç dialog bilelikde demografik üýtgeşmeleriň, gender deňliginiň, saglygy goraýşyň, ykdysady mümkinçilikleriň we jemgyýetiň durnuklylygynyň arasyndaky ýakyn baglanyşygy, şeýle hem Türkmenistanyň durnukly ösüş boýunça ileri tutulýan ugurlaryny ilerletmekde subutnamalara esaslanýan syýasatyň we hyzmatdaşlygyň möhümdigini görkezdi.

Dialoglaryň çäklerinde hanym Wan “BMG-Zenanlar” düzüminiň Merkezi Aziýa boýunça Aragatnaşyk edarasynyň ýolbaşçysy we wekili hanym Jeren Güwen bilen duşuşyp, zenanlaryň liderligi, ykdysady mümkinçiliklerini giňeltmek, ideg ykdysadyýeti we gender nukdaýnazaryndan býujetleşdirmek boýunça hyzmatdaşlygy, şol sanda sebitleýin bilim alyşmak we tehniki tejribäni paýlaşmak arkaly berkitmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy.

Şeýle hem ol Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa boýunça sebit edarasynyň direktorynyň wezipesini ýerine ýetiriji hanym Karinne Kapuano bilen duşuşyp, saglygy goraýyş we durnukly ösüş boýunça ileri tutulýan ugurlar, şol sanda inklýuziw we durnukly saglygy goraýyş ulgamlarynyň ähmiýeti hem-de saglygy goraýyş hyzmatlary bilen ählumumy gurşawa ýetmek ugrunda hyzmatdaşlygy dowam etdirmek barada pikir alyşdy.

Dialoglaryň öňüsyrasynda hanym Wan BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebit edarasynyň sebit wekiliniň orunbasary we edaranyň ýolbaşçysynyň wezipesini ýerine ýetirijisi jenap Ennio Boati bilen duşuşdy. Olaryň söhbetdeşligi adam hukuklaryny goramak boýunça milli institutlary berkitmek, raýat jemgyýeti bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek we Türkmenistanyň Adam hukuklary boýunça Hereketleriň milli meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegini goldamak meselelerine gönükdirildi.

Bu duşuşyklar milli ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryny goldamak üçin sebitleýin bilermenlikden we hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerinden peýdalanmak arkaly Birleşen Milletler Guramasynyň ulgamynda has ýakyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin mümkinçilikleri tassyklady.

Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy 2026–2030-njy ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasy bilen Türkmenistanyň arasynda durnukly ösüş babatda hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasynyň çäklerinde inklýuziw, durnukly we adamlaryň bähbitlerine gönükdirilen ösüşi ilerletmek üçin Türkmenistanyň Hökümeti, Mejlis, milli institutlar we halkara hyzmatdaşlar bilen bilelikde işlemäge ygrarly bolup galýar.

enar_berdiyeva

Enar Berdiýewa

RCO
Sanly aragatnaşyk işleri boýunça maslahatçy

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

OHCHR
BMG-niň adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň müdirligi
RCO
United Nations Resident Coordinator Office
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz