Duşuşyga Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri we BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy bilelikde ýolbaşçylyk edilip, onuň esasy maksady bilelikdäki maksatnamany amala aşyrmak üçin döredilen dolandyryjy komitetiň we iş toparynyň wezipe-jogapkärçiliklerine gaýtadan seretmeklik we tassyklamaklykdan ybarat boldy.
Dolandyryjy komitetiň agzalylygyna giren Türkmenistanyň ministrlikleri, Türkmenistanyň Mejlisi, we BMG-niň dürli gulluklary Iş meýilnamasyna gaýtadan seretdiler we bu meýilnamany amala aşyrmaklygyň indiki basgançagy, has takyky, 45 sany durmuş taýdan hyzmat berýän işgärleri işe almaklyk barada ylalaşdyrlar.
“Durmuş taýdan berilýän hyzmatlary kämilleşdirmeklik birnäçe ýylyň dowamynda Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygynda ileri tutýan ugurlarynyň biri bolup gelýär. Bu BMG-niň durmuş taýdan berilýän hyzmatlaryň modelini düýpgöter özgertmeklige köptaraplaýyn çemeleşmekligi hödürleýän ilkinji bilelikdäki tagallasy bolup durýär” diýip, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa belledi.
Bilelikdäki maksatnama şu aşakdaky maksatlary amala aşyrmaklyk üçin üç bölümden ybaratdyr:
- Inklýuziw jemgyýetçilik esasda durmuş taýadan hyzmat ediş modelini onuň esasy bölümleriniň nusgasyny döretmek arkaly ösdürmek;
- Täze jymgyýetçilik esasly durmuş taýdan hyzmatlar ulgamyny döretmek üçin institusional gurallary döretmek we kanunçylyk ulgamyny we normatiw-hukuk bazasyny üpjün etmek;
- Ýurt möçberinde durmuş taýdan hyzmat ediş ulgamyny güýçlendirmek we onuň işçi güýjini artdyrmak