Ýewropa we Merkezi Aziýa: saglyk we durmuş gorag ulgamlary, şeýle-de işewür goldaw raýatlaryň saglygyny we ýaşaýyş derejesini saklamak üçin möhümdir
08 aprel 2020
- WAŞINGTON, 2020-nji ýylyň 8-nji apreli – Saglygy goraýyş ulgamlaryna maýa goýumlaryny ileri tutýan we ilat, esasan hem, onuň iň ejiz gatlaklar üçin durmuş goragy üpjün edýän syýasatyň aýgytly çäreleri COVID-19 pandemiýasynyň (koronawirus) Ýewropada we Merkezi Aziýada täsirini azaltmak üçin möhümdir. Bu barada Sebitiň ykdysadyýetine 2020-nji ýylyň ýaz pasly üçin synynda aýdylýar.
Mundan başga-da, sebitdäki ýurtlar kärhanalara wagtlaýyn karz bermek, salgytlary azaltmak ýa-da salgytlary yza süýşürmek arkaly hususy pudagy goldamagyň üsti bilen ykdysady işjeňligi dowam etdirip bilerler. Maksatly döwlet subsidiýalary hem zyýan çeken kiçi we orta kärhanalara ep-esli kömek berip biler.
Bütindünýä bankynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça wise-prezidenti Siril Müller: “Bu gaty kyn döwürde syýasatçylar aýgytly hereket etmeli, ýagny saglygy goraýyş we durmuş gorag ulgamlaryny güýçlendirmek, hususy pudagy goldamak we maliýe durnuklylygyny hem-de ynamy saklamak üçin tiz çäreleri görmeli, çünki bu çäreler adamlary halas etmek üçin iňňän möhümdir.”
COVID-19-yň ykdysady täsirini çaklamak ep-esli näbellilik döredýär. Şonuň üçin hasabatda pandemiýanyň ykdysady ösüşe nähili täsir edip biljekdigini görkezýän birnäçe nusga hödürlenýär*. Bu ssenariýalara görä, 2020-nji ýylda sebitdäki koronawirus epidemiýasy sebäpli ululygy -4,4-den -2,8 göterime çenli ykdysady çökgünlik ýüze çykar, şondan soň 2021-nji ýylda syýasatyň kabul edilýän çäreleri, çig malyň dünýä bahalarynyň kem-kemden dikeldilmegi we söwdanyň täzeden işjeňleşmegi sebäpli, ykdysadyýet täzeden ösüp başlar.
Bütindünýä bankynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça baş ykdysatçysy Asla Demirgüç-Kunt: "Sosial aralyk, möhüm däl kärhanalary, şeýle hem mekdepleri ýapmak - pandemiýanyň öňüni almak we jany halas etmek üçin zerur çäreler" – diýip aýtdy. "Şol bir wagtyň özünde, häzirki syýasatyň maksatlarynyň biri şeýle çäreleriň ykdysady çykdajylaryny azaltmak we pandemiýa bes edilenden soň uzak wagtlaýyn däl-de, tiz dikeltmäni üpjün etmekden ybarat bolmaly."
Hasabatda nagt pul geçirimleri ýa-da ejiz adamlara we maşgalalara saglyk subsidiýalary, şeýle hem wagtlaýyn karzlar we salgyt ýeňillikleri ýaly ykdysady çäreleriň ykdysady çökgünligiň täsirini azaltmakda we iş ýerlerini goramakda möhüm rol oýnap biljekdigi bellenilýär.
COVID-19 pandemiýasy sebitiň eýýäm durnuksyz ýagdaýa düşen döwründe ýüze çykýar. 2019-njy ýylda Ýewropada we Merkezi Aziýada bazary kemala gelýän we ösýän ýurtlarda ykdysady ösüş 2,2 göterime çenli azaldy. Fewral aýyndan bäri sebitdäki ýurtlar barha artýan meseläni çözmeli boldular - saglygy goraýyş pudagynda häzirki çökgünligi ýeňip geçmeli we global pandemiýa sebäpli ýüze çykýan uzak möhletli meseleleri çözmeli.
Bütindünýä bankynyň topary ösýän ýurtlara pandemiýa garşy göreşde netijeliligini ýokarlandyrmak, epidemiologiki gözegçiligi güýçlendirmek, lukmançylyk çäreleriniň hilini ýokarlandyrmak we hususy sektora işini dowam etdirmäge we iş ýerlerini saklamaga mümkinçilik bermek ugrunda goldaw bermek üçin giň gerimli, amaly çäreleri görýär. Geljekki 15 aýyň dowamynda Bank garyplary we ejizleri goramak, işewürligi goldamak we ykdysadyýetiň dikeldişini çaltlaşdyrmak üçin ýurtlara 160 milliard dollar maliýe kömegini berer.
* Hasabatda beýan edilen ssenariýler 2020-nji ýylyň 20-nji mart aýyndaky maglumatlara esaslanýar.
Metbugat habarnamasy №: 2020/ECA/70
Habar almak üçin
Washington
Carl Hanlon
(202) 460-8526