Waka
04 noýabr 2025
Lebap welaýatyndaky owgan we ýerli jemgyýetlerden 119 zenanlar we gyzlar hünär mümkinçiliklerine eýe boldular
Lebap welaýatynyň owgan we ýerli jemgyýetlerinden bolan ýüz on dokuz zenan we gyz üç aýlyk tikinçilik hünär okuwyny üstünlikli tamamlady. Okuwlar Halkara migrasiýa guramanyň “Owganystan we Goňşy ýurtlar üçin toplumlaýyn hereket meýilnamasy” atly sebitleýin taslamasynyň çäginde, “Ynamly Durmuş” jemgyýetçilik guramasynyň goldawy bilen geçirildi. Gatnaşyjylar Seýdi nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň 15-nji hünär-tehniki mekdebiniň tejribeli mugallymlarynyň ýolbaşçylygynda, Dänew etrabynyň 23-nji orta mekdebinde 30 adamlyk toparlarda bilim aldylar. Okuwlar nazary we amaly sapaklary öz içine aldy. Mugallymlaryň aýtmagyna görä, gatnaşyjylar ýokary höwes bilen okaýarlar we täze zatlary öwrenmäge uly isleg bildirýärler. Ähli gatnaşyjylar üstünlikli synag tabşyrdylar we özleriniň tikin önümlerini görkezmek arkaly okuwlaryny tamamladylar. Uçurymlaryň ählisine tikinçi hünärine degişli resmi şahadatnamalar gowşuryldy. Şeýle hem, olara Halkara migrasiýa guramasy tarapyndan satyn alnan hünär derejeli tikin maşynlary berildi, bu bolsa okuwlaryň dowamlylygyny üpjün edip, olaryň täze alan başarnyklaryny ulanmaga we durnukly girdeji çeşmesini döretmäge mümkinçilik berýär. “Bu okuw meniň özbaşdak hünär durmuşymyň hakyky başlangyjy boldy. Tikinçilik kursunyň kömegi bilen bilim aldym, şahadatnama we ýokary hilli tikin maşynyny sowgat aldym. Birnäçe dostlarym bilen öý şertlerinde öz kiçi işimizi açdyk, indi ol bize girdeji getirýär. Bu mümkinçilik üçin örän minnetdar!” diýip, okuwlary üstünlikli tamamlan Bahar Muhammetosmanowa aýtdy. Bu başlangyç, Türkmenistanda ýaşaýan owgan jemgyýetiniň zenanlaryna we gyzlaryna, şeýle hem ýerli jemgyýetleriň wekillerine isleg bildirilýän hünärler boýunça okuwlary üpjün etmek arkaly, durnukly girdeji çeşmelerini döretmek we ykdysady mümkinçiliklerini giňeltmek maksadyny göz öňünde tutýar. Bu topar, tikinçilik hünäri boýunça taýýarlanan we şahsy tikin maşynlary bilen üpjün edilen ikinji zenanlar toparydyr. Şonuň netijesinde, jemi uçurymlaryň sany 239-a ýetdi.Halkara migrasiýa guramasynyň sebitleýin taslamasy — “Owganystan we Goňşy ýurtlar üçin toplumlaýyn hereket meýilnamasy” — Türkmenistanda ýaşaýan owgan jemgyýetine, aýratyn hem zenanlara we gyzlara, olaryň uzak möhletleýin durnukly ösüşine we ýerli derejede sosial bitewüligine ýardam bermek maksadyna eýedir.Hünär okuwlaryndan başga-da, taslamanyň çäginde hereket edýän Mobil Resurs Merkezi şu güne çenli Ahal we Lebap welaýatlarynyň obalarynda ýaşaýan owgan we ýerli jemgyýetlerden bolan 6 müňden gowrak adama lukmançylyk we hukuk boýunça maslahat hyzmatlaryny berdi. Mundan başga-da, taslamanyň goldawy bilen Ahal welaýatynyň Parahatçylyk obasyndaky saglyk merkezi täzeden abatlandy we indi owgan hem-de ýerli ilata uzak möhletleýin, ýokary hilli saglyk hyzmatlaryny berýär.Habarlaşmak üçin Halkara migrasiýa guramasynyň Türkmenistandaky wekili:
Aýsoltan Muradowa, Taslama kömekçisi
Tel.: +99365 85 65 68
E-poçta: amuradova@iom.int
Aýsoltan Muradowa, Taslama kömekçisi
Tel.: +99365 85 65 68
E-poçta: amuradova@iom.int