DÖM-iň Ýaş ilçileri Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde goşan goşantlary üçin sylaglandy
Bu çärede DÖM-iň 2022-2024-nji ýyllar üçin Ýaş ilçileriniň Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryny öňe sürmekde gazanan üstünlikleri bellenildi.
15-nji fewral 2024 ý. Aşgabat, Türkmenistan – BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy Durnukly ösüş maksatlarynyň Ýaş ilçilerini – DÖM-iň ilçilerini sylaglamak dabarasyny gurady. Bu çärede DÖM-iň 2022-2024-nji ýyllar üçin Ýaş ilçileriniň Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryny öňe sürmekde gazanan üstünlikleri bellenildi.
DÖM-iň ilçileri bu BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasynyň Daşary işler ministrligi we Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen bilelikdäki başlangyjy bolup, ol Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlary barada habardarlylygy artdyrmak boýunça işlere türkmen ýaşlarynyň işjeň gatnaşmagyny göz öňünde tutýar. Her bir ilçi öz jemgyýetiniň işjeň lideri bolup, ol Global maksatlaryň birini saýlaýar we şol maksat barada ýaşlaryň arasynda habardarlylygy artdyrýar.
BMG-niň binasynda geçirilen dabara 60-dan gowrak ýaşlar, şol sanda ýokary okuw jaýlarynyň talyplary we beýleki gyzyklanma bildirýänler gatnaşdylar. Dabara ýurdy durnukly ösüşe tarap alyp gitmekde saldamly goşant goşan DÖM-iň ilçileriniň öz işine ygrarlylyklaryny hormatlamagyň platformasyna öwrüldi. Dürli başlangyçlar, taslamalar we habardarlygy artdyrmak boýunça işler arkaly bu ilçiler, ähmiýetli jemgyýetçilik we daşky gurşaw meselelerini çözmekde nusgawy görelde boldular.
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy jenap Dmitriý ŞLAPAÇENKO: "Bu ýaşlar döwrüň hakyky gahrymanlary bolup, olar kynçylyklardan gorkmaýarlar we ýagty geljege ynanýarlar" -diýdi. "Olaryň ýadawsyz tagallalary, hyjuwy we innowasion çemeleşmesi ýurtda Durnukly ösüş maksatlary barada habardarlylygy artdyrmakda we jemgyýeti bu maksatlara ýetmek üçin çärelere işjeň gatnaşmaga çagyrmakda örän möhümdir."
2019-njy ýyldan başlap, Durnukly ösüş maksatlarynyň ilçileri bolmak maksady bilen “DÖM-iň ilçileri” bäsleşigine Türkmenistanyň dürli künjeklerinden 100-den gowrak höwesjeň gatnaşdy. Häzirki üçünji topar, ýagny 2022-2024-nji ýyllar üçin ilçiler 18 agzadan ybarat bolup, olar iýulda öz işini tamamlar we DÖM-iň ilçileriniň estafetasyny indiki topara geçirmäge taýýarlanýarlar.
Bu günki çäre geljekdäki meýilnamalary hem hem göz öňünde tutdy. BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy ýakyn wagtda DÖM-iň 2024-2025-nji ýyllar Ýaş ilçiligine saýlawlaryň başlaýandygyny yglan eder. Şol sebäpli hem çäräniň maksady indiki topara goşulmak isleýän ýaş gatnaşyjylaryň arasynda DÖM-iň ilçileriniň işi barada habardarlygy artdyrmakdan ybarat boldy.
Häzirki wagtda ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynda okuw tejribesini geçýän hanym Sabrina Guseýnowa özüniň DÖM-iň ilçisi hökmünde gazanan tejribeleri we ilçileriň başlangyçlarynyň ähmiýeti barada aýdyp berdi. “DÖM-iň ilçisi bolmak bu hakykatdanam bahasyna ýetip bolmajak tejribe. Bilelikdäki tagallalarymyz bilen Durnukly ösüş maksatlary barada habardarlylygy artdyrmagy, we adamlary bu ugurdaky çärelere işjeň gatnaşmagyny başardyk, şeýle-de bu maksatlara ýetmekde möhüm öňe gidişlik gazandyk. Jemgyýetimde we başga ýerlerde oňyn özgerişlere goşant goşmaga döredilen mümkinçilik üçin minnetdarlyk bildirýärin.”
Bu günki günde DÖM-iň ilçileri Türkmenistandaky halkara guramalar we döwlet edaralary tarapyndan guralýan ýokary derejeleri çärelere gatnaşýarlar. Bu çärelerde ilçiler öz garaýyşlaryny beýan edýärler we durnukly ösüşiň “hiç kimi ünsden düşürmezlik ” ýörelgesini öňe sürýärler. DÖM-iň ilçisi bolmak bu hyjuwly we höwesli adamlar üçin Türkmenistanda we dünýäde has adalatly we abadan gurmaga goşant goşmak üçin ajaýyp mümkinçilikdir.
DÖM-iň ilçileri, ýaşlaryň durnukly ösüş ýörelgelerine esaslanýan geljegi gurup biljekdiginiň aýdyň mysalydyr. Olaryň ýerine ýetirýän işi Türkmenistanyň 2030-njy ýyla çenli Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmekde möhümdir. DÖM-iň ilçileriniň gazanan üstünliklerini buýsanç bilen belläp, BMG-niň Türkmenistandaky Ýurt boýunça topary olaryň işlerini dowam etdirjek indiki ýaş liderleri goldamagy we olar üçin mümkinçilikleri döretmegi dowam edýär.