Press reliz

Durmuş hyzmatlary barada Türkmenistanyň Hökümetiniň we BMG-niň alyp barýan Bilelikdäki maksatnamasy durmuş işi boýunça hünärmenlere hünär okuwlaryny geçýär

17 noýabr 2020

  • Ýerli derejede edilýän durmuş hyzmatlary barada Türkmenistanyň Hökümetiniň we BMG-niň alyp barýan Bilelikdäki maksatnamasy Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň ähli welaýatlardan, şol sanda Aşgabat şäherinden işe alan durmuş işi boýunça hünärmenlerine birnäçe tapgyrdan ybarat bolan hünär okuwlaryny geçirýär.

Geljek ýyl ýerli derejede edilýän hemmetaraplaýyn we ýokary hilli durmuş hyzmatlarynyň synagdan geçirilmeginiň öňüsyrasynda başlanan bu okuwlar durmuş işi hünärmenleriniň durmuş işi boýunça bilimlerini we başarnyklaryny artdyrmaga gönükdirilendir. Hünär okuwlary Bolgariýanyň Durmuş işjeňligi we tejribeligi institutynyň (SAPI) onlaýn okuwlaryny üstünlikli tamamlan ýerli hünärmenler tarapyndan geçirilýär.  

Interaktiw görnüşde geçirilýän hünär okuwynda durmuş işi hünärmenleri halkara tejribä esaslanýan durmuş işiniň nazaryýetini, durmuş işi boýunça hadysalary dolandyrmak gurallaryny, ugrukdyrma mehanizimini we beýleki tejribeleri öwrenýärler. On günlük hünär okuwynyň ahyrynda, durmuş işi hünärmenleri Türkmenistanyň ähli künjeginde durmuş taýdan ynjyk gatlaklaryň zerurlyklaryny bahalandyrmak tejribesini ulanmaga başlarlar. Bu durmuş hyzmatlarynyň täze nusgasyny girizmekde örän wajyp ädim bolup durýar.      

Durmuş işi hünärmenlerine geçilýän okuw giň möçberde, sekiz aý dowam etjek hünär okuwlarynyň bir tapgyry bolup, bu okuwlar durmuş hyzmatlary ulgamyny kämilleşdirmekde wajyp orny bolan durmuş hyzmatlary bilen bagly beýleki hünärleriň wekillerine, durmuş işi boýunça menejerlere we durmuş işini üpjün edijilere hem geçiler.

"Ýerli derejede hemmetaraplaýyn ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny girizmek arkaly durmuş goraglylygy ulgamyny kämilleşdirmek” barada Bilelikdäki maksatnama boýunça hyzmatdaşlyk edýän BMG-niň edaralary: BMG-niň Çagalar gaznasy, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Ilat gaznasy we BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirligi. BMG-sy we Türkmenistanyň Hökümeti tarapynda amala aşyrylýan Bilelikdäki maksatnama durmuş hyzmatlarynyň ýerli derejede edilýän täze nusgasyny girizmegi, degişli kanunçylyga syn bermegi we hünärmenleriň durmuş hyzmatlary boýunça bilimlerini we başarnyklaryny artdyrmagy maksat etýär. Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi esasy milli hyzmatdaş bolup, beýleki milli hyzmatdaşlar Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligidir.

Ýerine ýetirilmeli möhleti: 2020-2022. 

Guljahan Gochova

UNDP Project Specialist/Communication Specialist for Joint Programme

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz