Durmuş işi boýunça hünärmen – täze hünäri öwrenmegiň ýolunda
07 dekabr 2020
Mähri Rejepowa ýerli banklaryň birinde işlän döwründe onuň jogapkärçilikleriniň biri hem bank bilen bagly işlerinde kynçylyk çekýän adamlara kömek etmekdi.
Ol bank meseleleri boýunça kömek almak üçin özüne ugradylan ýaşuly adamlara iş stolunyň ýanynda oturgyç we içimlik suw goýuşyny ýatlap, şeýle gürrüň berýär:
“Öz aladalary bilen başagaý bolan bu adamlar, kä mahal gaty gaharjaň bolup, köşeşýänçäler maslahatyňam alanokdylar.”
Mähri kömege mätäç adamlara bank ulgamynyň işleýişini ýadamany, ýaltanmany bilmezden düşündirýärdi, şeýle-de, ol adamlara kömek etmek bilen bagly hünärler barada gaty gyzyklanýardy. Onuň bu islegi bank-maglumat ulgamy bilen bagly ýokary biliminiň we ýerli banklaryň birinde hasabatçylyk bölüminiň baş hünärmeni tejribesiniň bolmagyna garamazdan, pedagogika we psihologiýa boýunça tälim almagyna getirdi. Mähri Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň yglan eden iş orunlary baradaky habaryndan täze hünäri, ýagny durmuş işi boýunça hünärmen kärini saýlap alan adamlaryň toparyna goşulmaga mümkinçiligiň dörändigini bilip, gaty begendi. Bu topar 45 hünärmenden ybarat bolup, olar BMG-niň we Türkmenistanyň Hökümetiniň arasyndaky “Hemmetaraplaýyn, ýokary hilli, ýerli derejede durmuş hyzmarlaryny girizmek arkaly durmuş goraglylygy ulgamyny kämilleşdirmek” atly Bilelikdäki maksatnamanyň çäginde işlemäge başlaýardy. Mähri hem edil beýleki üstünlik gazanan dalaşgärler ýaly bu işe kabul edildi we ol hem durmuş hyzmatlaryny etmeklik ulgamyny kämilleşdirmäge öz goşandyny goşar.
Durmuş işi boýunça hünärmen wezipesine kabul edilmeklik Mährä we onuň kärdeşlerine Bilelikdäki maksatnamanyň çäginde alnyp barylýan hünär kämilligi boýunça okuwlara gatnaşmaga mümkinçilik döretdi. Bu okuwlaryň ilkinji 10 günlük tapgyry eýýäm amala aşyrylyp, ony Bolgariýanyň Durmuş işjeňligi we tejribeligi institutynyň durmuş işi boýunça onlaýn okuwyny üstünlikli tamamlan milli hünärmenler Türkmenistanyň ähli welaýat merkezlerinde geçirdiler.
Mähri şeýle diýýär: “Men özümi tolerantlyk babatynda kem göremokdym welin, bu okuwlar meniň tolerantlyk baradaky düşünjämi has giňeltdi, ýagny durmuş taýdan kömege mätäç adamlaryň meselelerine düşünmekligi we olar bilen işlemäge bolan hünär ukybymy ýokarlandyrdy.”
Durmuş işi boýunça hünärmenleriň ýene-de biri Aýbölek Hudaýberdiýewa bolsa durmuş işiniň nazaryýetini öwrenmek bilen bir hatarda, durmuş taýdan kömege mätäç adamlar bilen işleşmek babatynda zerur bolan kommunikatiw endiklerini kämilleşdirendigini we olaryň durmuşyny gowulaşdyrmakda öz käriniň ornuna has oňat düşünendigini aýdýar.
Ol “Durmuş taýdan kömege mätäç adamlaryň durmuş taýdan işjeň bolmaklary üçin biziň jemgyýetimiziň hem inklýuziw bolmagy örän wajypdyr” diýýär.
Durmuş işi boýunça hünärmen käri, pikir edilişi ýaly, diňe zenanlaryň arasynda meşhur däldigine göz ýetirmek gaty gyzyklydyr. Işe kabul edilen 45 hünärmeniň 27-si erkeklerdir.
Bu hünärmenleriň biri bolan Seýdylla Mustapaýew özüne ynam bilen şeýle diýýär: “Indi men kyn durmuş ýagdaýyna düşen adamlaryň zerurlyklaryny nähili bahalandyrmalydygyny bilýärin we biz olary şahsy goldaw bermek baradaky meýilnamalary işläp düzmekde ulanarys. Durmuş işinde şahslaryň zerurlyklaryna görä iş alyp barmak örän wajypdyr.”
Okuwyň ilkinji tapgyrynda durmuş işi boýunça hünärmenler durmuş işiniň esasy nazaryýetlerini, durmuş goraglylygy ulgamy bilen bagly kanunlary öwrenmek bilen, maýyplygy bolan ýa-da kyn durmuş ýagdaýyna düşen adamlara kömek etmek boýunça hünär ukyplaryny ýokarlandyrdylar. Mundan başga-da, olar durmuş işiniň ýörelgelerini we etikasyny, hem-de ýerli derejede durmuş hyzmatlaryny etmek üçin adamlaryň şahsy zerurlyklaryna baha bermekligiň dürli usullaryny öwrendiler.
BMG-niň we Türkmenistanyň Hökümetiniň arasyndaky “Ýerli derejede hemmetaraplaýyn ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny girizmek arkaly durmuş goraglylygy ulgamyny kämilleşdirmek” atly Bilelikdäki maksatnama durmuş işi boýunça işgärleriň hünär kämilligini artdyrmagy, ýerli derejede durmuş hyzmatlarynyň täze nusgasyny synagdan geçirmegi we özgerişleri durnukly etmek üçin degişli kanunçylyga teklipler taýýarlamagy maksat edinýär.
Tarapyndan ýazylan
Guljahan Gochova
UNDP Project Specialist/Communication Specialist for Joint Programme