Press reliz

BMG-niň we Türkmenistanyň Hökümetiniň durmuş hyzmatlary baradaky Bilelikdäki maksatnamasy ýaşlar we olaryň maşgalalary bilen işleýän hünärmenleriň hünär kamilliklerini artdyrýar

20 aprel 2021

  • 2021-nji ýylyň 12-16-njy apreli aralygynda BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirligi Aşgabat şäherinde we Lebap, Mary, Daşoguz welaýatlarynda “Ýerli derejede hemmetaraplaýyn ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny girizmek arkaly durmuş goraglylygy ulgamyny kämilleşdirmek” atly Türkmenistanyň Hökümetiniň we BMG-niň Bilelikdäki maksatnamasynyň çäginde “Özüni alyp barşyň bozulmagy bilen bagly meseleleri bolan ýetginjekler üçin maşgala terapiýasynyň elementleri” atly ýurt boýunça okuw maslahatyny geçirdi.

Bu okuw maslahatynyň esasy maksady ýerli derejede ýöriteleşdirilen täze durmuş hyzmatlarynyň synagdan geçiriljek etraplaryndan degişli hünärmenleriň hünär taýýarlygyny artdyrmakdan ybaratdyr. Okuw maslahatyna gatnaşyjylar özüni alyp barşyň bozulmagy bilen bagly meseleleri bolan ýetginjeklere we olaryň maşgalalaryna bu ugurda öňdebaryjy dünýä tejribelerini ulanmak arkaly durmuş goldawyny bermek üçin gerekli bolan maşgala terapiýasynyň esasy ýörelgelerini öwrendiler. Olar ylmy taýdan esaslandyrylan maşgala psihoterapiýasynyň esasy elementlerine esaslanýan we özüni alyp barşyň, niýetiň we özara täsiriň kadalaryna oňyn täzeçe garamak, baglanşykly pikirlenmek, ýagdaýy we oňa goşulyşmagy gaýtadan gözden geçirmek, ýagdaýa başga adamlaryň nukdaýnazaryndan hem seretmegi başarmak, iş alyp barmakda dürli ulgamlaryň gatnaşmagy, garşylygy we inkär etmegi azaltmak, maşgalanyň güýçli taraplaryny ýüze çykarmak we ýagdaýa görä çäre geçirmek ýaly terapiýa usullaryny öz içine alýan “Treatnet Family” usulyýeti bilen tanyş boldular.

Okuw maslahatyna BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň Wenadaky baş edarasynyň we Taşkentdäki sebitleýin wekilhanasynyň wekilleri gatnaşdylar. Okuw maslahatynyň guramaçylygy onlaýn we ýüzbe-ýüz okuw tertibiniň utgaşdyrylan görnüşinde amala aşyryldy. Aşgabat şäherinden 15 gatnaşyjy araçägi saklamak düzgünlerini ýerine ýetirmek bilen Ýyldyz myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda okuw maslahatyna gatnaşan bolsa, welaýatdan gatnaşyjylar we halkara trenerler onlaýn tertipde gatnaşdylar.

Okuw maslahatyna gatnaşyjylar töwekgelçilik toparyna girýän ýetginjeklere, psihoaktiw serişdeleri ulanmak bilen bagly meseleleri bolan maşgalalara we jenaýatçylyk bilen bagly meseleleri bolan ýetginjeklere ýerli derejede ýöriteleşdirilen durmuş hyzmatlaryny etmekligi synagdan geçirmäge öz goşantlaryny goşmaklaryna garaşylýar.

“Ýerli derejede hemmetaraplaýyn ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny girizmek arkaly durmuş goraglylygy ulgamyny kämilleşdirmek” atly Bilelikdäki maksatnama BMG-niň hyzmatdaşlyk edýän edaralary, ýagny BMG-niň Çagalar gaznasy, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Ilat gaznasy we BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirligi hem-de Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan durmuşa geçirilip, ol BMG-niň Durnukly ösüş maksatlary boýunça Bilelikdäki Gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilýär. Bilelikdäki maksatnama durmuş hyzmatlarynyň ýerli derejede edilýän täze nusgasyny döretmegi, degişli kanunçylyga syn berip, teklipler taýýarlamagy we degişli hünärmenleriň durmuş hyzmatlary boýunça bilimlerini we başarnyklaryny artdyrmagy maksat edýär. Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi, BMG tarapyndan BMG-niň Çagalar gaznasy Bilelikdäki maksatnama boýunça alyp baryjy edara hökmünde çykyş edýär. Beýlekiler milli hyzmatdaşlary Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligidir.

Ýerine ýetirilmeli möhleti: 2020-2022. 

Guljahan Gochova

UNDP Project Specialist/Communication Specialist for Joint Programme

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz