Durmuş işi boýunça hünärmenlere hünär superwiziýasy berilýär
06 maý 2021
- Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň ýerli derejede durmuş hyzmatlaryny etmek boýunça BMG-niň we Türkmenistanyň Hökümetiniň alyp barýan Bilelikdäki maksatnamasynyň çäginde işe kabul eden 45 durmuş işi boýunça hünärmeni tejribeli halkara hünärmenler tarapyndan berilýän durmuş işi boýunça hünär superwiziýasyny aldylar.
Bu duşuşyklar BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen ýakyn hyzmatdaşlygy esasynda onlaýn görnüşde gurnaldy. Olarda 20 synag etrapdan 45 durmuş işi boýunça hünärmeni ýerli derejede ilatyň durmuş taýdan ynjyk toparlarynyň zerurlyklaryny bahalandyrmak we ýagdaýy alyp barmak, iş tejribelerini paýlaşmak we bilelikde durmuş goldawyna mätäç maşgalalar üçin goldaw strategiýalaryny işläp düzmek üçin duşuşdylar.
2020-nji ýylyň ahyrynda Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi durmuş işi boýunça hünärmenleriň utgaşdyryjysyny işe kabul etdi. Ol durmuş işi boýunça hünär superwiziýasy tejribesini ornaşdyrmagyň ilkinji basgançagy hökmünde ýerlerdäki durmuş işi boýunça hünärmenlere usulyýet kömegini berýär. Şeýle hem ol durmuş işi boýunça ýokary hilli hünär superwiziýasyny girizmek üçin durmuş işi hünärmenleri bilen bilelikde durmuş işi boýunça nazary we amaly endiklerini artdyrýar.
BMG-niň Çagalar gaznasynyň “Her bir çaga üçin hyzmatdaşlyk” atly halkara şereketi bilen şertnama baglanyşdy we olar ýerli derejede durmuş hyzmatlary boýunça Bilelikdäki maksatnamanyň Baş maslahatçy topary hökmünde, durmuş işi boýunça hünärmenleriň utgaşdyryjysyna dowamly hünär okuwyny geçirip durýarlar. Bu okuwlarda olar zerurlyklara baha bermek boýunça gollanma we durmuş işi boýunça hünärmenleriň ýygnan maglumatlaryna syn bermek boýunça meselelere serdýärler.
Şeýle hem her aýda durmuş işi boýunça hünärmenler we olaryň utgaşdyryjysy Bilelikdäki maksatnamanyň Baş maslahatçy toparynyň goldamagynda synag geçirilýän etraplarda durmuş goldawyna mätäç adamlaryň şahsy zerurlyklaryny ýüze çykarmak, ýagdaýy alyp barmagyň gurallary, durmuş işinde jemgyýetde bar bolan çeşmeleri ulanmak, şeýle hem olaryň Türkmenistanda täze hünäriň wekilleri hökmünde duş gelýän meseleleri barada maslahatlaşýarlar. Bu duşuşyklar gatnaşyjylaryň hemmetaraplaýyn we ýokary hilli durmuş hyzmatlary boýunça düşünjelerini artdyrdy, hem-de maşgalalaryň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen şahsy goldaw meýilnamalaryny işläp düzmek ýaly durmuş işinde ýagdaýy alyp barmagyň gurallaryny has gowy ulanylmagyna ýardam edýär.
Durmuş işinde hünärmen superwiziýasynyň ähmiýeti uludyr. Bu aýratyn hem täze hünär hökmünde kemala gelýän durmuş işi boýunça hünärmenler üçin has wajypdyr. Hünär superwiziýasy hünärmenleriň işi boýunça esasan üç meseläni çözmäge gönükdirilendir: durmuş goldawyny alyjylara edilýän hyzmatyň hilini gowulandyrmak, wagtyň rejeli ulanylmagyny gazanmak we hünär ýadawlylygynyň öňüni almakdyr.
“Ýerli derejede hemmetaraplaýyn ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny girizmek arkaly durmuş goraglylygy ulgamyny kämilleşdirmek” atly Bilelikdäki maksatnama BMG-niň hyzmatdaşlyk edýän edaralary, ýagny BMG-niň Çagalar gaznasy, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Ilat gaznasy we BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirligi hem-de Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan durmuşa geçirilip, ol BMG-niň Durnukly ösüş maksatlary boýunça Bilelikdäki Gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilýär. Bilelikdäki maksatnama durmuş hyzmatlarynyň ýerli derejede edilýän täze nusgasyny döretmegi, degişli kanunçylyga syn berip, teklipler taýýarlamagy we degişli hünärmenleriň durmuş hyzmatlary boýunça bilimlerini we başarnyklaryny artdyrmagy maksat edýär. Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi, BMG tarapyndan BMG-niň Çagalar gaznasy Bilelikdäki maksatnama boýunça alyp baryjy edara hökmünde çykyş edýär. Beýlekiler milli hyzmatdaşlary Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligidir.
Ýerine ýetirilmeli möhleti: 2020-2022.