Press reliz

Ýerli derejede durmuş hyzmatlaryny Türkmenistanyň durmuş goraglylygy ulgamyna girizmek üçin degişli hukuk binýadyny berkitmek

07 maý 2021

  • BMG-niň Ilat gaznasy durmuş hyzmatlary boýunça BMG-niň we Türkmenistanyň Hökümetiniň alyp barýan Bilelikdäki maksatnamasynyň ýurduň durmuş goraglylygy ulgamyna hemmetaraplaýyn we ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny girizmek boýunça milli hukuk binýadyny döretmäge we ony kämilleşdirmäge degişli maksatlaryny amala aşyrmaga goldaw bermek üçin onlaýn ýygnaklaryň birnäçesini gurnady. 

Bu ýygnaklara Bilelikdäki maksatnama gatnaşýan BMG-niň edaralary, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi, Türkmenistanyň Mejlisi we beýleki milli hyzmatdaşlar işjeň gatnaşdylar.

Milli we halkara maslahatçylaryň topary bilen bilelikde BMG-niň Ilat gaznasy milli hyzmatdaşlary durmuş hyzmatlary ulgamy boýunça hereket edýän milli kanunçylylga berlen hemmetaraplaýyn syn bilen tanyşdyrdylar. Şeýle hem duşuşyklara gatnaşyjylar milli kanunçylygy halkara ülňülere laýyklykda mundan beýläk hem kämilleşdirmäge degişli maslahatlar we oňa üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça taslamalar bilen tanyş boldular. Durmuş hyzmatlaryny etmek boýunça kanunçylyga üýtgetmeler girizmäge degişli teklipler ýerli derejede durmuş hyzmatlaryny etmek babatynda ýurduň kanunçylyk binýadyny berkitmäge gönükdirilendir.

Durmuş hyzmatlaryny etmek bilen bagly kanunçylyga üýtgetmeler girizmek barada teklip taslamalaryna durmuş işi we onuň ýerli derejede durmuş hyzmatlaryny etmekdäki orny barada birnäçe täze düşünjeler girizildi. Şeýlelikde durmuş hyzmatyny etmekligiň hukuk binýadynyň berkidilmegi durmuş hyzmatlaryny medisina paradigmasyndan çykarmaga we onuň adamlaryň şahsy zerurlyklaryna we olaryň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen täze nusgasyny durmuş goraglylygy ulgamyna girizmeklige şert döretmegine garaşylýar. Teklip edilýän üýtgetmeler Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýa, Maýyplaryň hukuklary hakyndaky Konwensiýa, we Zenanlara garşy kemsitmeleriň ähli görnüşini ýok etmek hakyndaky Konwensiýa we beýleki halkara ülňülere we kadalara laýyklykda adam hukuklaryny goramak ýörelgelgesine esaslanýar.  

Iş toparynyň agzalary Bilelikdäki maksatnamanyň maslahatçylaryna degişli kanynçylyga üýtgetmeler girizmek boýunça teklip taslamalaryny taýýarlamakda ýerine ýetiren saldamly işi üçin minnetdarlygyny bildirdiler. Şunuň bilen baglylykda, taýýarlanan teklip taslamalary milli hyzmatdaşlara, ýagny iş toparynyň agzalaryna degişli kanunçylyga üýtgetmeler girizmek boýunça mundan beýläk ýerine ýetirilmeli işleri amala aşyrmak üçin ugradylmagy barada ylalaşyldy.   

“Ýerli derejede hemmetaraplaýyn ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny girizmek arkaly durmuş goraglylygy ulgamyny kämilleşdirmek” atly Bilelikdäki maksatnama BMG-niň hyzmatdaşlyk edýän edaralary, ýagny BMG-niň Çagalar gaznasy, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Ilat gaznasy we BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirligi hem-de Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan durmuşa geçirilip, ol BMG-niň Durnukly ösüş maksatlarynyň Bilelikdäki Gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilýär. Bilelikdäki maksatnama durmuş hyzmatlarynyň ýerli derejede edilýän täze nusgasyny döretmegi, degişli kanunçylyga syn berip, teklipler taýýarlamagy we degişli hünärmenleriň durmuş hyzmatlary boýunça bilimlerini we başarnyklaryny artdyrmagy maksat edinýär. Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi, BMG tarapyndan BMG-niň Çagalar gaznasy Bilelikdäki maksatnama boýunça alyp baryjy edara hökmünde çykyş edýär. Beýlekiler milli hyzmatdaşlary Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligidir.

Ýerine ýetirilmeli möhleti: 2020-2022. 

Guljahan Gochova

UNDP Project Specialist/Communication Specialist for Joint Programme

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz