Press reliz

Bilelikdäki maksatnamasynyň Dolandyryjy komitetiniň ýanyndaky iş topary ýerli derejede täze durmuş hyzmatlarynyň synagdan geçirilmeginiň öňüsyrasynda duşuşýar

11 maý 2021

  • Ýerli derejede durmuş hyzmatlary boýunça Bilelikdäki maksatnamanyň Dolandyryjy komitetiniň ýanyndaky iş topary Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň we BMG-niň Çagalar gaznasynyň ýolbasçylyk etmeginde täze durmuş hyzmatlarynyň synagdan geçirilmeginiň öňüsyrasynda ýurduň synag etraplarynda Bilelikdäki maksatnamanyň ýerine ýetirilişini ara alyp maslahatlaşmak üçin dördünji duşuşygyny geçirdi.

Wideokonferensiýa görnüşinde geçirilen ýygnaga BMG-niň Bilelikdäki maksatnama boýunça hyzmatdaşlyk edýän edaralarynyň, ýagny BMG-niň Çagalar gaznasynyň, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, BMG-niň Ilat gaznasynyň, we BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Türkmenistanyň saglyk we derman senagaty ministliginiň wekilleri gatnaşdy. Şeýle-de, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti, Ýeňme, Keýik Okara we Türkmenistanyň Körler we kerler jemgyýeti ýaly guramalar hem gatnaşdy.

Duşuşyga gatnaşyjylar Bilelikdäki maksatnamanyň öňde goýan her bir maksady boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijelerine seretdiler. Dolandyryjy komitetiniň ýanyndaky iş toparyň sekretary we Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň wekili Maral Ýaýlyýeýa hyzmatdaşlyk edýän ähli taraplaryň bilelikde edýän tagallalary netijesinde Bilelikdäki maksatnamanyň ýerine ýetirilmeginde uly öňegidişlikler gazanylandygy belledi.

BMG-niň Çagalar gaznasynyň Durmuş goraglylygy we çagalary goramak boýunça maksatnamasynyň ýolbaşçysy Furkat Lutfulloýew ähli hyzmatdaşlyk edýän taraplaryň, şol sanda milli hyzmatdaşlaryň ünsüni Bilelikdäki maksatnamanyň durnuklylygy bilen bagly meselelerine çekdi. Muňa 500-den gowrak alnyp barylan ýagdaýyň derňewiniň, 12 ýerli derejede durmuş hyzmatynyň synagdan geçirilmeginiň, durmuş hyzmatyny etmek boýunça kanunçylyga syn bermegiň esasynda taýýarlanan taslamalar arkaly Bilelikdäki maksatnamanyň kanunçylyk babatynda alyp barýan işleri çaltlaşdyrmagyň, hem-de ýurduň bilim ulgamyna durmuş işi boýunça täze hünäriň girizilmegi bilen bagly alnyp barylýan işleriň esasynda durmuş hyzmatlary boýunça meýilnamalaryň döredilmegini hem öz içine alýar. Şeýle-de, ol täze ýerli derejede durmuş hyzmatlarynyň ykdysady seljermesiniň bir bölegi hökmünde ýurtda häzirki döwürde bar bolan durmuş hyzmatlaryň ykdysady derňewini geçirmekde milli hyzmatdaşlaryň ýakyn hyzmatdaşlyk etmeginiň wajypdygyny hem agzap geçdi.

Duşuşyga gatnaşyjylar durmuş işi boýunça hünärmenler barada gysgaça wideo materiala tomaşa edip, bu täze hünäriň Türkmenistanda kemala gelişi barada maglumat aldylar.

“Ýerli derejede hemmetaraplaýyn ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny girizmek arkaly durmuş goraglylygy ulgamyny kämilleşdirmek” atly Bilelikdäki maksatnama BMG-niň hyzmatdaşlyk edýän edaralary, ýagny BMG-niň Çagalar gaznasy, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Ilat gaznasy we BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirligi hem-de Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan durmuşa geçirilip, ol BMG-niň Durnukly ösüş maksatlarynyň Bilelikdäki Gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilýär. Bilelikdäki maksatnama durmuş hyzmatlarynyň ýerli derejede edilýän täze nusgasyny döretmegi, degişli kanunçylyga syn berip, teklipler taýýarlamagy we degişli hünärmenleriň durmuş hyzmatlary boýunça bilimlerini we başarnyklaryny artdyrmagy maksat edinýär. Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi, BMG tarapyndan BMG-niň Çagalar gaznasy Bilelikdäki maksatnama boýunça alyp baryjy edara hökmünde çykyş edýär. Beýlekiler milli hyzmatdaşlary Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligidir.

Ýerine ýetirilmeli möhleti: 2020-2022. 

Guljahan Gochova

UNDP Project Specialist/Communication Specialist for Joint Programme

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz