Ýöne Rahatjyk (ady üýtgedilen) welin näme bilen oýnajagyny gaty gowy bilýär. Ol özüne laýykja bir taýajyk tapar-da, ony aty edip oýnar. Belki başga bir taýajykdan kakasy we bäş dogany bilen ýaşaýan kiçijik öýlerini gorap oýnamak üçin gylyç ediner. Oglanjygyň oýlap tapjak zatlary entäk ummasyz bolar.
Rahadyň uly agasy, ekiz gyz doganlary bar, onuň özi hem üçem doganlaryň biri bolup dünýä inipdir. Üçemleriň ikisi gyzjagaz bolup, olaryň ikisiniň hem maýyplygy bar. Gynansagam, Rahat iki ýaşyndaka olaryň ejelerem ýogalypdyr. Mekdebe gitmeli döwri gelende, ol öýüniň deňinden geçýän kiçijik ýodajyk bilen gidip, soňra saga öwrüler. Şeýdip, oba mekdebine ýekeje özi gatnar. Agyr maýyplygy sebäpli üçem doganlary okuwa gidip bilmezler. Belki, olaryň okamaga-da hiç hili mümkinçiligi bolmaz. Bolsa-da, Rahadyň mekdebe gatnaýyşy öz uly doganlaryňkydan hem has şowly bolar. Kakalary hepdäniň alty güni irden-agşama çenli işe gitmeli bolýandygy sebäpli, onuň uly doganlary gezekleşip, okuwdan galyp, maýyp jigilerine seretmeli bolýar.
Ýakynda, Rahadyň kakasynyň täze dosty peýda boldy. Ol maşgala üçin käbir gerekli egin-eşikleri we azyk önümlerini getirdi. Şeýle hem, maýyplygy bolan doganlaryna maýyplygy bolan adamlar üçin niýetlenen bir sany oturgyç getirdi. Ýerli derejede bar bolan mümkinçiliklerden peýdalanyp, kyn durmuş ýagdaýyndaky maşgalalara durmuş goldawyny bermek durmuş işi boýunça hünärmenleriň ulanýan iş usullarynyň biridir. Jemgyýetçilik guramalary bilen hyzmatdaşlykda, olar ýerli çeşmelerden peýdalanyp, maýyplygy bolan çagaly maşgalalara gerekli durmuş goldawyny berýärler.
Birleşen Milletler Guramasynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň alyp barýan ýerli derejede durmuş hyzmatlary boýunça Bilelikdäki maksatnamasynyň çäginde, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi 45 durmuş işi boýunça hünärmeni işe aldy. Olar şu wagta çenli 2300 adamy öz içine alýan 500-den gowrak durmuş işi boýunça ýagdaýy alyp barýarlar. Olaryň içinde ilatyň durmuş taýdan ynjyk toparlarynyň ählisi, şol sanda maýyplygy bolan dürli ýaşdaky uly adamlar we çagalar hem bar. Alnyp barylýan ýagdaýlaryň 81 göteriminde maşgalalaryň bir ýa-da ondan artyk agzasy pensiýa ýa-da durmuş taýdan kömek puluny alýarlar. Durmuş işi boýunça hünärmenler agzalan toparlaryň zerurlyklaryny ýüze çykardylar, olar bilen bilelikde şahsy goldaw meýilnamasyny işläp düzdiler we ýerli derejede hünärmen goldawyny bermäge başladylar.
Ýerli derejede durmuş hyzmatlary boýunça Bilelikdäki maksatnama Türkmenistanyň Hökümeti we BMG-niň Çagalar gaznasy, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Ilat gaznasy we BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirligi tarapyndan ýerine ýetirilip, ol BMG-niň Durnukly ösüş maksatlarynyň Bilelikdäki Gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilýär. Maksatnamanyň çäginde durmuş işi boýunça täze hünärmenler durmuş işi boýunça başlangyç, çuňlaşdyrylan we ýöriteleşdirilen okuw maslahatlaryna gatnaşdylar. Şeýle-de, döwlet we jemgyýetçilik guramalaryndan durmuş işi boýunça 106 ýolbaşçy, durmuş hyzmaty edýän guramalaryň 67 wekili we durmuş işi bilen baglanyşykly hünärleriň 79 wekili durmuş işi we durmuş hyzmatlary boýunça başlangyç okuw maslahatlaryna gatnaşdylar. Indi, durmuş işi boýunça bu işçi güýji maýyplygy bolan çagaly maşgalalary hem öz içine alýan ýerli derejede durmuş hyzmatlaryny synagdan geçirmäge taýýar.
Rahatjygyň geljek barada köp etsem-goýsamlary bar ýaly görünýär. Ol daş-töweregine seredip durşuna, indi näme oýlap tapsamkam diýip pikirlenýän ýaly. Belki, gök asmanda ganat açyp, uçmak üçin bir jübüt ganat, belki-de, üçem doganlarynyň birine maýyplar üçin oturgyç yasar. Onuň ýaşyna görä ulurajyk görünýän bakyşlarynda geljege bolan uly umyt bar.