Durmuş işi boýunça hünärmenler çagalara durmuş goldawyny bermek üçin ýerli çeşmelerden peýdalanýarlar
08 iýun 2021
Halkara Çagalar gününde Balkanabat şäheriniň durmuş işi boýunça hünärmenleri durmuş goldawyna mätäç çagalar üçin baýramçylyk dabarasyny gurnadylar.
Dabarada aýdym-saz çykyşlary bilen bir hatar-da, çagalar üçin dürli oýunlar geçirildi. 150-den gowrak çagalaryň we olaryň maşgalalarynyň gatnaşmagynda geçirilen baýramçylyk dabarasy Balkanabat şäheriniň durmuş işi boýunça hünärmenleri Myrat Gylyçmammedow we Orazmuhammed Rejeptaganow tarapyndan gurnaldy. “Balkanenergo” Önümçilik birleşiginiň binasynda gurnalan dabara durmuş işi boýunça hünärmenleriň çakylygy boýunça ýerli aýdym-saz toparlary hem gatnaşyp, olar öz gyzykly çykyşlary bilen çagalary şatlandyrdylar.
Myrat Gylyçmammedow: “Bu çäre çagalar we olaryň ene-atalary üçin şeýle gyzykly boldy. Ol biziň şäherimizde Halkara çagalar gününde gurnalan dabaralaryň biri bolup, oňa çagalaryň şadyýan gatnaşmagy biziň üçin örän ýakymly boldy” diýip, belledi.
Geçirilen dabara gatnaşyjylaryň aglabasy durmuş işi boýunça hünärmenleriň durmuş goldawyna mätäç maşgalalaryň zerurlyklaryny ýüze çykarmak boýunça geçiren bahalandyrmalarynyň esasynda häzirki wagtda bile işleşýän maşgalalarydyr. Jemgyýetiň käbir beýleki agzalary we çagalar hem geçiriljek dabara barada habardar bolup, oňa gatnaşmaga gelipdirler.
Bu çäre durmuş işi boýunça hünärmenleriň durmuş işi boýunça ýöriteleşdirilen okuwy bilen gabat gelendigi sebäpli Balkan welaýatynyň Gyzylarbat we Türkmenbaşy şäherlerinden hem durmuş işi boýunça hünärmenler we durmuş işi hünär taýýarlygy boýunça ýerli hünärmenler hem gatnaşdylar. Rustam Geldiýew, durmuş işi hünär taýýarlygy boýunça hünärmen, durmuş işi boýunça hünärmenler diňe çäräni geçirmek bilen çäklänmäni, eýsem durmuş işinde ýerli çeşmeleri ulanmagyň nädereje wajypdygyny hem subut etdiler.
Ol: “Bu çäre durmuş işi boýunça hünärmenleriň maşgalalar we çagalar bilen işlemäge bolan höweslerini görkezdi. Şeýle hem, olar öz işinde diňe bir gezek gurnalýan çäreler bilen çäklenmäni, eýsem durmuş işi bilen baglanşykly beýleki hünärleriň wekilleri bilen hyzmatdaşlykda maksat toparlary bilen köptaraplaýyn we kyn durmuş ýagdaýyna düşmekligiň öňüni almak üçin durmuş işiniň geçirilmeginiň nädereje wajypdygyna düşündiler” diýip, belledi.
Çärä gatnaşan ene-atalar durmuş işi boýunça hünärmenlere we çagalar üiçn bu çäreniň geçirilmegini goldan hemaýatkärlere öz minnetdarlygyny bildirdiler. Olar çagalary we ene-atalary ýakynlaşdyrýan şeýle şatlykly çäreleriň geçirilmeginiň örän wajypdygyny bellediler. Öz gezeginde, durmu işi boýuça hünärmenler çärä gatnaşyjylary, çäräni geçirmek boýunça goldaw beren taraplary we ýerli aýdym-saz toparlarynyň meýletinçilerini çagalar üçin geçirilen baýramçylyk dabarasyny goldandyklary üçin minnetdarlygy bildirdiler.
45 durmuş işi boýunça hünärmen Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi tarapynda işe kabul edilip, olar şu wagt ýurduň 20 etrabynda zähmet çekýärler. Olar belli bir aralyklar bilen dokuz aýyň dowamynda durmuş işi boýunça 45 gün berilýän durmuş işi boýunça okuwyň soňky tapgyryny tamamlap barýarlar. Hünärmenler, şeýle hem, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligiň durmuş işi boýunça utgaşdyryjysyndan hem hünär goldawyny alýarlar.
Tarapyndan ýazylan
Guljahan Gochova
UNDP Project Specialist/Communication Specialist for Joint Programme