Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň wekilleri Türkmenistan hökümetiniň durmuş goraglylyk syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny hödürlediler.
Bütindünýä bankynyň we UNICEF-iň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin edarasynyň tehniki hünärmenleri ýeterliklilik we netijelilik ýaly ugurlaryň üstünde durup, durmuş goraglylyk ulgamlarynyň alternatiw modellerini, ýagny ilaty durmuş taýdan goramaga gönükdirilen çäreleriň uniwersal modellerini görkezip, halkara tejribesini we öňdebaryjy tejribesini, şeýle hem her bir model üçin zerur bolan şertleri we global Covid-19 pandemiýasy döwründe durmuş goraglylyk boýunça çäreleriniň ýurt tejribesiniň görnüşlerini hödürlediler.
Türkmenistanda BMG-niň Hemişelik Utgaşdyryjysynyň wezipesini w.ý.ý. hanym Kristin Weýgand şeýle belledi: “Görüşimiz ýaly, global Covid-19 pandemiýasy dünýädäki ýurtlarynyň ählisiniň diýen ýaly durmuş goraglylyk ulgamlary üçin kyn ýagdaýlary döretdi we olaryň köpüsiniň kuwwatyny, şeýle hem gowşak taraplaryny aýdyň görkezdi.”
Bu gurnalan çäre, Türkmenistanyň pandemiýa garşy jogap hökmünde işlap düzen durmuş-ykdysady meýilnamasyny bilelikde durmuşa geçirmegiň çäginde geçirildi.
Durmuş taýdan goraglylyk syýasatlarynyň we dünýädäki tejribeleriň çylşyrymlylygyny, şeýle hem çemeleşmeleriň giňligini we dürlüligini göz öňünde tutup, şu okuw seminaryny iki sessiýa bölmek barada ylalaşyldy.
2-nji sessiýa 2021-nji ýylyň Iýun aýynyň 10-na meýilleşdirilýär we maliýe durnuklylygyny saklamak bilen, esasan-da Covid-19 pandemiýasy döwründe durmuşl taýdan goraglylyk boýunça maksatnamalaryny amala aşyrmak üçin maliýe giňişligini ýaýbaňlaşdyrmak boýunça halkara tejribelerini öwrenmäge gönükdiriler.