Press reliz

Meýilleşdirilmedik göwrelilik we zenanlara garşy zorlugyň öňüni almak maksady bilen Türkmenistanda täze ýöriteleşdirilen durmuş hyzmatlary synagdan geçirilýär

06 awgust 2021

  • Aşgabat we Türkmenabat şäherlerinde meýilleşdirilmedik göwrelilik we zenanlara garşy öýde edilýän zorluk ýagdaýlarynyň ýüze çykmagynyň öňüni almak maksady bilen ýöriteleşdirilen we ýerli derejede iki täze durmuş hyzmaty synagdan geçiriler.

BMG-niň we Türkmenistanyň Hökümetiniň durmuş hyzmatlary baradaky Bilelikdäki maksatnamasynyň çäginde bu durmuş hyzmatlarynyň ählitaraplaýyn synagdan geçirilmegine tehniki goldaw bermek maksady bilen BMG-niň Ilat gaznasy onlaýn seminarlar gurnady.

Reproduktiw saglygy boýunça Rumyniýanyň Gündogar Ýewropa Instituty agzalan durmuş hyzmatlary boýunça okuw-seminarlaryny geçirdi we oňa saglygy goraýyş, hukuk goraýjy edaralaryň, şeýle hem jemgyýetçilik birleşmeleriniň wekilleri hem-de durmuş işi boýunça hünärmenleriň topary gatnaşdy.

“Şu iki maksada ýetmek wajyp bolup durýär: her bir göwrelilik islenilýän bolmaly we her bir gyz we zenan zorlukdan azat durmuşda ýaşamaly. Geçirilen seminarlaryň maksady synagdan geçirilýän durmuş hyzmatlarynyň zenanlaryň, gyzlaryň, şol sanda maýyplygy bolanlaryň şu iki hukugynyň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen bolmagyny üpjün etmek üçin goldaw bermekden ybaratdyr” diýip, Gündogar Ýewropa institutynyň meýilnama boýunça utgaşdyryjysy Ýelena Miçeu aýtdy. Ol “Okuw-seminarynyň esasy gatnaşyjylary durmuş hyzmatyny edýän edaralaryň wekilleri bolmagyna garamazdan, bu üç günüň dowamynda tejribe alyşmaklyk zenanlara garşy zorlygyň we meýilleşdirilmedik göwereliligiň öňüni almak boýunça durmuş hyzmatlarynyň meýilleşdirilmegi, ösdürilmegi, ýerine ýetirilmegi ýa-da onuň mahabatlandyrylmagy bilen gyzyklanýan ähli taraplar üçin gymmatly çeşme boldy” diýip, belledi.

Bilelikdäki maksatnamada hyzmadaşlyk edýän BMG-niň edaralary jemi 12 täze ýöriteleşdirilen we ýerli derejede durmuş hyzmatyny işläp düzdüler. Meýilleşdirilmedik göwrelilik we zenanlara garşy zorlugyň öňüni almak üçin durmuş goldawyny etmeklik  boýunça durmuş hyzmatlary “Beýik Eýýam” we “Keýik Okara” jemgyýetçilik birleşikleri tarapyndan BMG-niň Ilat gaznasy bilen hyzmatdaşlykda synagdan geçirilip, bu hyzmatlara krizis ýagdaýynda maglumat we maslahat bermek, gyzgyn telefon liniýasy, howpsyz ýaşamak üçin ýer, hukuk maslahatlary, psihologiki goldaw we maslahat, öýde zorluga duçar bolan zenanlaryň we meýilleşdirilmedik göwrelilik bilen ýüzbe-ýüz bolan zenanlardyr gyzlaryň ykdysady taýdan özbaşdaklyklaryny gazanmaklary üçin berilýän goldaw girýär.  Ýokarda agzalyp geçilen täze durmuş hyzmatlary Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi, Türkmenistanyň Saglyk we derman senagaty ministrligi we Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi bilen hyzmatdaşlyk etmekde synagdan geçiriler.

***

“Ýerli derejede hemmetaraplaýyn ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny girizmek arkaly durmuş goraglylygy ulgamyny kämilleşdirmek” atly Bilelikdäki maksatnama BMG-niň hyzmatdaşlyk edýän edaralary, ýagny BMG-niň Çagalar gaznasy, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Ilat gaznasy we BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirligi hem-de Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan durmuşa geçirilip, ol BMG-niň Durnukly ösüş maksatlarynyň Bilelikdäki Gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilýär. Bilelikdäki maksatnama durmuş hyzmatlarynyň ýerli derejede edilýän täze nusgasyny döretmegi, degişli kanunçylyga syn berip, teklipler taýýarlamagy we degişli hünärmenleriň durmuş hyzmatlary boýunça bilimlerini we başarnyklaryny artdyrmagy maksat edinýär. Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi, BMG tarapyndan BMG-niň Çagalar gaznasy Bilelikdäki maksatnama boýunça alyp baryjy edara hökmünde çykyş edýär. Beýlekiler milli hyzmatdaşlary Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligidir.

Ýerine ýetirilmeli möhleti: 2020-2022.

Guljahan Gochova

UNDP Project Specialist/Communication Specialist for Joint Programme

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz