Biologiýa sapaklarynda ekologiýa taýdan durnukly durmuş ýörelgelerini öwretmek
Türkmenistanyň Köýtendag şäherindäki 8-nji mekdepde sapak gidip dur.
Ýaş biologiýa mugallymy DNK-nyň gurluşy we onuň genetiki maglumatlaryny daşaýjy hökmünde ýerine ýetirýän wezipesi barada düşündirýär. Adaty türkmen mekdebinde adaty biologiýa sapagy bolup dur. Şeýle-de bolsa, has ýakyndan seretseň, bu mekdebiň şertleriniň gaty bir täsin aýratynlygy bar. Synp otagynyň ähli okuw gollanmalary plastik galyndylardan ýasalan.
Mahliýe Gurbanowa, ýaşaýyş we janly organizmler barada öwredýän ylmyň bir pudagy -biologiýa dersini okadýar. Mahliýe çagalara ýaşaýşyň dürli görnüşlerini çuňňur düşündirip, köplenç olaryň ünsüni ekologiýa, janly organizmleriň daşky gurşaw bilen arabaglanyşygyna çekýär. Ylym arkaly ol çagalaryň bilimini we daşky gurşawy öwrenmäge bolan höwesini artdyrýar, hem-de daşky gurşawy goramak üçin ekosistemany dikeltmekde her bir adamyň tutýan ornuny nygtaýar.
Mahliýe okuw kitaplaryndaky materiallaryň üstüni ýetirmek we okuwçylara çylşyrymly ylmy düşünjeleri öwrenmäge ýardam etmek üçin okuwçylary bilen bilelikde hapalanan ýerlerden plastik galyndylaryny çöpleýär we olardan DNK, adam organlaryny, amýobalary, molekulalary, bir öýjükli haýwanlary, oňurgaly haýwanlary, şeýle hem beýleki şekillendiriş gollanmalary ýasaýar.
Bu amaly tejribe okuwçylara diňe bir okuw materiallaryny öwrenmäge ýardam etmän, eýsem tygşytly sarp etmek we galyndylary dolandyrmak bilen baglanyşykly endiklerini üýtgetmäge kömek edýär. Bilim bermegiň şeýle usullary okuwçylara plastik galyndylaryny azaltmagyň, olary gaýtadan ulanmagyň we gaýtadan işlemegiň zerurdygyny düşünmäge itergi berýär, şeýle hem jemgyýetiň jogapkär we aladaly agzalary bolmaga ýardam edýär.
“Adamlaryň plastik ulanmak we öndürmek endikleri bütin dünýäde plastik galyndylarynyň artmagyna sebäp boldy. Plastik daşky gurşawymyza zyýan ýetirýär we saglygymyza howp salýar "- Mahliýe belleýär.
“Bilim jemgyýetiň habardarlygyny we bilimini ýokarlandyrmak, şeýle hem plastik hapalanmasyny aradan aýyrmak üçin ekologiýa taýdan amatly endikleri ösdürmekde möhüm orna eýedir. Tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak ýaly meseleler barada aýdyp geçmek bilen biz okuwçylary ekologiýa taýdan amatly başlangyçlara gatnaşmaga çekýäris we olara daşky gurşaw bilen baglanyşykly global meselelerine şahsy çözgütlerini hödürlemäge mümkinçilik berýäris.”
Mundan başga-da, Mahliýe ekologiýa taýdan amatly beýleki mekdep başlangyçlarynyň çäginde daşky gurşaw medeniýetini ösdürmäge, şeýle hem okuwçylaryň we olaryň ene-atalarynyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini öňe sürmäge gönükdirilen “Gök guşak” atly mekdep jemgyýetçilik çäresini alyp barýar. Galyndylary gaýtadan ulanmagyň ähmiýetini bellemek üçin Mahliýe we onuň okuwçylary plastik galyndylardan ajaýyp gülleri ýasaýarlar.
"Biz peýdaly we bezeg önümlerini döretmek üçin taşlanan plastik paketleri we çüýşeleri ulanýarys" – Mahliýe diýýär.
Mahliýe Köýtendagyň 8-nji mekdebiniň daşky gurşaw medeniýetini we bilimi ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini buýsanç bilen belleýär:
“Daşky gurşaw abadançylygyny üpjün etmek we ýaşlara tebigaty aýamaklygy ündemek maksady bilen alnyp barylýan döwlet syýasatyna laýyklykda, biz köplenç tebigat we daşky gurşaw barada gyzykly sapaklary gurnaýarys, ýowar geçirip, mekdeplerimizi arassa saklaýarys we planetanyň hapalanmagynyň öňüni almak üçin çagalara galyndylary dolandyrmagyň usullaryny öwredýäris.”
Mahliýe we beýleki mekdep mugallymlary okuwçylaryň tebigat bilen aragatnaşygyny ösdürmek, daşky gurşaw baradaky habardarlygyny ýokarlandyrmak, şeýle hem howanyň üýtgemegi, plastik hapalanmasy ýaly meselelere düşünmäge ýardam etmek, hem-de gündelik durmuşynda daşky gurşaw taýdan amatly we oňyn endikleri ulanmaga ýardam etmek üçin daşky gurşawy goramak boýunça sapaklary yzygiderli gurnaýarlar.
Bütindünýä daşky gurşaw günine bagyşlanan jemgyýetçilik maglumat kampaniýasyna gatnaşmak
Bu ýyl Mahliýe 5-nji iýunda, Bütindünýä daşky gurşaw güni mynasybetli BMG-niň Türkmenistanda düzümleýin edaralary tarapyndan taýýarlanan köpçülikleýin maglumat kampaniýasynyň çäginde geçirilen “Siz plastik hapalanmasyny bes etmek üçin näme ederdiňiz?” atly wideo bäsleşigine işjeň gatnaşdy we ýeňiji boldy.
Wideo bäsleşigiň netijesinde BMG-niň düzümleýin edaralary tebigaty goramak üçin plastik önümlerini ekologiýa taýdan arassa bir önüme çalyşmak ýa-da bir gezeklik ulanylýan plastik önümini gaýtadan ulanmak boýunça usullary görkezýän köp sanly gyzykly wideolary aldylar.
“BMG-niň bu wideo bäsleşigi biziň ekologiýa taýdan amatly başlangyçlarymyzy we gobal derejede daşky gurşaw meseleleriniň çözgütlerini tapmagyň ähmiýetini görkezmek üçin ajaýyp mümkinçilik berdi. Ýeňiji bolanym meni ruhlandyrdy we ekologiýa taýdan amatly täze başlangyçlary başlamaga itergi berdi "- diýip, Mahliýe bäsleşigiň oňa eden täsiri barada aýdýar.
Daşky gurşawy barada bilim durnukly ösüşe tarap jemgyýetçilik özgerişleriniň esasy serişdesi bolup hyzmat edýär we adamzadyň ösüşi ugrunda gün tertibini durmuşa geçirmäge ýol açýar. Şol bir köpçülikleýin kampaniýanyň çäginde BMGÖM-niň Türkmenistandaky ýurt boýunça edarasy BMG-dan beýleki kärdeşleri bilen bilelikde Gökderede ýerleşýän “Altyn Damja” tomusky dynç alyş lagerinde çagalar üçin daşky gurşaw meseleleri boýunça okuw sapagyny geçirdi.
Bu çäre BMG-niň beýleki edaralary, Bilim ministrligi, Türkmenistanyň tebigaty goramak boýunça jemgyýeti we Türkmenistanyň DÖM-nyň ýaş ilçileri bilen hyzmatdaşlykda, Global Daşky Gurşaw Gaznasynyň maliýeleşdirýän Türkmenistanda BMGÖM-niň we Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak baradaky ministrliginiň "Türkmenistanda durnukly şäherler: Aşgabatda we Awazada toplumlaýyn ýaşyl şäherleriň ösüşi" atly taslamasy tarapyndan gurnaldy.
Bu çäre çagalaryň arasynda ekologiýa taýdan habardarlygy ýokarlandyrmaga we tebigata, suw baýlyklaryna, ösümlik we haýwanat dünýäsine ideg etmekligi we durnukly endikleri ulanmaklygy ündemage gönükdirildi.
BMGÖM-niň hünärmenleri tarapyndan, çagalaryň galyndylary dolandyrmak baradaky bilimlerini artdyrmak üçin köplenç ulanýan bu resmi däl çemeleşmesi, çagalara şagalaňly oýun görnüşinde bilimlerini we çeşmelerden rejeli peýdalanmak üçin endiklerini ösdürmäge ýardam edýär.
"Bu çäräniň esasy maksady çagalara oýnuň üsti bilen plastigyň tebigatymyza we saglygymyza salýan howpyny görkezmek, olara ekologiýa taýdan arassa usullary öwretmek we planetany halas etmekde olaryň her biriniň goşýan goşandynyň möhümdigini düşündirmekdir" – BMGÖM-niň taslamasynyň hünärmeni Jemal Durdykowa bu çäräniň maksadyny beýan edip aýtdy.
Bu köpçülikleýin maglumat kampaniýasy, syýasy mehanizmlerini gözden geçirmek, has güýçli gözegçilik ulgamlaryny ornaşdyrmak, innowasion çözgütleri hödürlemek we sarp edijileriň endiklerini üýtgemek arkaly plastik hapalanmak bilen baglanyşykly kynçylyklara garşy göreşmekde milli hyzmatdaşlaryň alyp barýan tagallalaryny goldamak üçin BMGÖM-niň birnäçe başlangyçlarynyň bir bölegi boldy.
Has giňişleýin
Türkmenistanda howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meselelere ýokary ähmiýet berilýär. Howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleriň milli we halkara derejede durnukly ykdysady ösüşe laýyklykda çözülmeginiň möhümdigini we derwaýysdygyny ykrar edip, Türkmenistan BMG-niň howanyň üýtgemegi baradaky birnäçe konwensiýasyna goşuldy we planetany halas etmäge gönükdirilen global tagallalara goşulmak üçin howanyň üýtgemegi baradaky Pariž şertnamasyny ykrar etdi.
BMGÖM-niň ýurt boýunça edarasy suwuň we ýeriň hapalanmagy, ýyladyşhana gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak, şeýle hem howanyň hapalanmagynyň täsirini azaltmak üçin ilat ýerlerine agaç ekmek we howanyň üýtgemegine garşy pes uglerodly we durnukly çözgütleri girizmek ýaly ugurlara aýratyn üns bermek bilen howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleriň çözgüdini tapmak ugrunda milli ileri tutulýan ugurlara goldaw bermek üçin Türkmenistanyň Hökümeti bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär.
BMGÖM-niň ýurt boýunça topary Türkmenistanyň Hökümeti bilen bilelikde ýurduň uýgunlaşma ukybyny ýokarlandyrmak we howanyň üýtgemeginiň täsirlerini azaltmak üçin täsirli mehanizmleri işläp düzmek işine ýolbaşçylyk edýär. BMGÖM-sy Milli hyzmatdaşlar bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edip, Türkmenistanyň galyndylary dolandyrmak hem-de ýurduň howa we suw baýlyklaryny dolandyrmak we gözegçilik etmek ugrunda bar bolan kadalaşdyryjy resminamalaryna täzeden garamak üçin Milli strategiýany işläp düzmekde goldaw berýär.
Häzirki wagtda BMGÖM-niň goldawy bilen ýurduň paýtagtynda köp mukdarda plastik galyndylar ýygnalýar, saýlanýar we gaýtadan işlenýär. Geçen ýyl BMGÖM-niň taslamasy bilim edaralarynda, seýilgählerde we beýleki köpçülik ýerlerinde galyndylary gaýtadan işlemek üçin gaplary ornaşdyrdy, bu bolsa 50 tonnadan gowrak plastik galyndylaryň ýygnalmagyna we gaýtadan işlenmegine sebäp boldy. Kampaniýa 8 kg plastik galyndylaryň deregine agaç nahallaryny hödürlemek bilen halky plastik galyndylary ýygnamaklyga höweslendirdi.
Daşky gurşaw barada biliminiň möhümdigine göz ýetirip, BMGÖM-sy orta mekdepleriniň okuw meýilnamasyna Climate Box -yň (Howa gutusy) ýurda laýyklykda nusgasyny girizmegi hödürledi, ol BMGÖM-niň gyzykly we interaktiw görnüşde dünýä derejesinde howanyň üýtgemegi barada möhüm maglumatlary öz içine alýan okuw gollanmasydyr. “Howa gutusy” gollanmasynyň milli nusgasy Russiýanyň ösüş ugrunda Trast gaznasynyň goldamagynda BMGÖM-niň “Howa gutusy: Bilim we howanyň üýtgemegi barada habardarlygy ýokarlandyrmak” atly sebitleýin taslamasynyň çäginde Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde işlenip düzüldi we ornaşdyryldy.
“Howa gutusynyň” 400-den gowrak nusgasynyň ýaýradylmagynyň netijesinde, ýurt boýunça ýüzlerçe mugallym bu gollanmadan alan bilimlerini ekologiýa, geografiýa, taryh we biologiýa sapaklarynda okatmagyň interaktiw usullaryny ulanyp we çagalary ekologiýa taýdan arassa durmuş ýörelgerine iterip peýdalandy.
Mundan başga-da, BMGÖM-iň ýurt boýunça edarasy habardarlygy ýokarlandyrmak, şeýle hem ekologiýa taýdan howpsuz we jogapkärli çözgütleri we oňyn durmuş ýörelgelerini öňe sürmek maksady bilen bilimleri we tejribeleri paýlaşmak üçin jemgyýetçilik bilen yzygiderli resmi däl gepleşikleri alyp barýar. Şeýle innowasion başlangyçlary adamlara antropogen hapalanmanyň adamlaryň saglygyna we ekosistema edýän täsirini düşünmäge ýardam edýär we durnukly durmuş ýörelgelerini alyp barmak üçin endikleriň üýtgedilmegi bu meseläniň çözgüdini tapmak ugrunda nädip goldaw berip biljekdigi baradaky maslahatlary has hem ýaýbaňlaşdyrýar.
Özgerişiklere tarap
Mahliýe mekdepde bilim beriji maksatnamalar arkaly tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak we galyndylardan ýerlikli peýdalanmak baradaky ýörelgeleri öňe sürýän biologiýa mugallymydyr. Mahliýe okuwçylaryny daşky gurşaw barada alada edip başlamaga, gatnaşmaga we ýerli jemgyýetleriň daşky gurşaw barada habardarlygy ýokarlandyrmak we tebigatyň peýdasyna olaryň endiklerini üýtgetmek üçin täze bir usul oýlap tapyp we ony işe girizmegi höweslendirýär.
“Her bir adamyň amallary planetamyzy goramaga ýardam edýär. Her birimiziň endiklerimiziň täsiri uly we şeýlelik bilen, milli we global tagallalara bahasyna ýetip bolmajak goşant goşýar. Indi adamzat planetar derejede betbagtçylyga gaty ýakyn bolanda, endikleri üýtgemek diňe bir isleg däl, eýsem hemmämiziň ekologiýa taýdan amatly we durnukly durmuş ýörelgelerini alyp barmagymyz üçin borjumyzdyr "- diýip Mahliýe aýdýar.