Press reliz

BMG-niň we Türkmenistanyň Hökümetiniň ýerli derejede durmuş hyzmatlary baradaky Bilelikdäki maksatnamasynyň Dolandyryjy komitetiniň iş topary maksatnamany durmuşa geçirmek üçin alnyp barylýan işlerde gazanylan üstünlikler barada syn berýär

21 oktýabr 2021

  • Ýerli derejede durmuş hyzmatlary baradaky Bilelikdäki maksatnamasynyň Dolandyryjy komitetiniň iş topary Bilelikdäki maksatnamany durmuşa geçirmek ugrunda alnyp barylýan işleri gözden geçirmek we ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň we ÝUNISEF-iň bilelikdäki ýolbaşçylygynda onlaýn görnüşde bäşinji ýygnagyny geçirdi.

BMG-niň Çagalar gaznasynyň, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň, BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň we BMG-niň ilat gaznasynyň wekilleri we milli gyzyklanýan taraplar, şol sanda Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi ýaly öňdebaryjy milli hyzmatdaşlar, şeýle hem Milli Gyzyl Ýarymaý Jemgyýeti, Yeňme, Keýik Okara we Türkmenistanyň kerler we körler jemgyýeti ýaly raýat jemgyýeti guramalary Bilelikdäki maksatnamany durmuşa geçirmek ugrunda alnyp barylýan işlerde gazanylan üstünliklere syn berdiler.

Bilelikdäki maksatnamany durmuşa geçirýän hyzmatdaşlar synagdan geçirilýän täze durmuş hyzmatlarynyň, şol sanda etraplarda durmuş hyzmatlary bilen üpjün etmegiň; Çagalar üçin ýöriteleşdirilen durmuş hyzmatlarynyň; Maşgalada zorlugyň we islenilmeýän göwreliligiň öňüni almak üçin ýöriteleşdirilen durmuş hyzmatlarynyň; Ötüşen keseli bolan adamlar üçin öýde ýöriteleşdirilen durmuş we lukmançylyk hyzmatlarynyň, şeýle hem agyr gylyk-häsiýetli ýetginjekli maşgalalar üçin ýöriteleşdirilen durmuş hyzmatlarynyň ilkinji netijelerini hödürlediler.

Şeýle hem, gatnaşyjylar durmuş hyzmatlaryny dolandyrýan Türkmenistanyň hukuk we kadalaşdyryjy-hukuk binýadyna syn bermegiň netijeleri, hem-de ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde durmuş işi ugry boýunça bakalawr maksatnamasyny girizmek üçin düzülen meýilnama bilen tanyşdylar. Bu işleriň durmuşa geçirilmegi ýerli derejede durmuş hyzmatlarynyň teklip edýän nusgasynyň dowamlylygyny üpjün etmek üçin möhümdir. Mundan başga-da, gatnaşyjylar ýurtda ýerli derejede täze durmuş hyzmatlarynyň ulgamy üçin salgyt giňişligini döretmek maksady bilen pudagara utgaşdyryş işleriniň milli mehanizmini we ykdysady seljeriş işlerini ara alyp maslahatlaşmagy dowam etdiler.

Duşuşyga dowamynda Iş toparynyň agzalary ýerli derejede öz içine alyjy durmuş hyzmatlaryny durmuşa geçirmegiň mehanizmini mundan beýläk-de ösdürmek üçin geljekde amala aşyrylmaly işler barada ylalaşyga geldiler. DÖM-niň Bilelikdäki gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilýän "Ýerli derejede, öz içine alyjy ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny ornaşdyrmak arkaly durmuş taýdan goraglylyk ulgamyny kämilleşdirmek" atly Bilelikdäki maksatnama BMG-niň Çagalar gaznasy, BMG-niň Ösüş Maksatnamasy, BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirligi, BMG-niň ilat gaznasy we Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan durmuşa geçirilýär. Bilelikdäki maksatnamanyň maksady kanunçylyk synlaryna laýyklykda we durmuş hyzmatlary boýunça milli hünärmenleriň ukyplaryny ýokarlandyrmak bilen bilelikde ýerli derejede durmuş hyzmatlaryň täze nusgasyny girizmekdir. Milli tarapdan ýolbaşçylyk edýän edara Türkmenistanyň Zähmet we Ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi we BMG-sy tarapyndan BMG-niň Çagalar gaznasydyr. Beýleki esasy milli hyzmatdaşlar Milli Geňeşiň Mejlisi, Bilim ministrligi, Maliýe we Ykdysadyýet ministrligi, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi we Içeri işler ministrligidir.

Durmuşa geçirilmeli möhleti: 2020-2022.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz