Ýurduň durmuş hyzmatlary ulgamyny gowulandyrmak üçin Türkmenistanda jemgyýetçilik işi boýunça hünärmenler nähili işleri alyp barýandygy barada bilmek isleýärsiňizmi?
10 noýabr 2021
Aşgabat şäherinden Mergen Sähetliýew we ýurduň 20 synag etraplaryndan onuň beýleki kärdeşleri maşgalalara we çagalara goldaw berýärler.
Aşgabat şäherinden Mergen Sähetliýew we ýurduň 20 synag etraplaryndan onuň beýleki kärdeşleri ýurt boýunça ilatyň ejiz gatlaklaryndan dürli toparlara ýerli derejede 12 täze durmuş hyzmatlaryny synagdan geçirmek arkaly maşgalalara we çagalara goldaw berýärler.
Psihologiýa ugrunda ýokary bilimine eýe bolan Mergen, hünär taýdan ösmek üçin başga ýol saýlamagy karara geldi. Ol işe kabul edilmek üçin çylşyrymly saýlaw prosesini üstünlikli tamamlady we BMG-niň we Türkmenistanyň Hökümetiniň arasynda durmuş hyzmatlary boýunça bilelikdäki maksatnamanyň çäginde Zähmet we Ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi tarapyndan işe kabul edilen durmuş işi boýunça 45 hünärmeniniň biri hökmünde işe başlady.
"Durmuş hyzmatlary ulgamynda täze hünärmenler hökmünde alyp barýan işlerimizi amala aşyrmak üçin öňünden ýörite taýýarlyk ýa-da hünär başarnyklaryny gazanmak zerur däl diýip aýtmak ýalňyş bolar"- diýip Mergen aýdýar. "Ol bu ugurda diňe bir okuwy talap etmek bilen çäklenmän, eýsem bu ugur bilen täze tanyşan işgärler üçin ýakyndan hünär gözegçiligini hem talap edýär" - diýip, ol durmuş işinde hünär taýdan ökde bolmagyň ähmiýetini nygtaýar.
Ilkinji bolmak hiç wagt aňsat däl. Birnäçe okuwlary geçen we hünär boýunça tälim alan Türkmenistanda durmuş işi boýunça ilkinji hünärmenleriň hatarynda bolmak bilen, Mergen diňe agyr durmuş şertlerinde ýaşaýan maşgalalary durmuş hyzmatlary bilen üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem durmuş hyzmatlary boýunça teoretikler we amaly işgärler toparynyň işjeň agzasy bolup, uniwersitetleriň mugallymlary bilen amaly bilimlerini paýlaşýar we şeýlelik bilen durmuş işi babatynda türkmen hünärmentçilik mekdebiniň döremegine we bu uguryň türkmen uniwersitetleriniň okuw meýilnamasyna girizilmegine goşant goşýar.
Durmuş işiniň esaslaryny öwrenmek boýunça okuwdan başga-da, iýun aýynda Mergen jenaýat adalaty bilen aragatnaşykdaky ýa-da howp astyndaky çagalary bolan maşgalalara goldaw bermek boýunça hünär okuwuny tamamlady. BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň goldawy bilen guralan okuwlaryň ahyrynda, Mergen we Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň garamagyndaky Durmuş hyzmatlary merkezindäki kärdeşleri “Berk maşgala” maksatnamasy boýunça birnäçe okuwlary geçirdiler. Bu okuwlaryň dowamynda Mergen ene-atalar we çagalar bilen işleşip, stresa garşy göreşmek, birek-birek bilen düşünişmek we durmuşda agyr ýagdaýlary ýeňip geçmek üçin maşgalalarda çydamlylygy ösdürmäge ýardam etdi.
Bu okuwlara 10 ýaşly gyzy bilen gatnaşan Dana Aýdarowa bu çärani özüniň we gyzynyňhalandygyny aýdtdy we geljekde şuňa meňzeş çäreleriň köp geçirilmegi barada uly höwes bildirdiler.
“Biz biri-birimiz barada köp zatlar öwrendik. Şeýle hem biz sabyrly bolmagy öwrendik, birek-birege has gowy düşünip başladyk"- Dana aýdýar.
Mergen we onuň topary maşgalalara baha berdiler we "Berk Maşgala" maksatnamasynyň çäginde olaryň käbirleri bilen işleşmegini dowam etdirerler. Bu okuwlar durmuş işi boýunça hünärmenler maşgalalaryň durmuş taýdan berkändigi barada mälim eden wagtyna çenli weolar öz mümkinçiliklerinden we jemgyýetde bar bolan çeşmelerden peýdalanyp durmuşyň kynçylyklaryny ýeňip geçmegi başarýança birnäçe aýyň dowamynda geçiriler.
“Bu gün biz çeken zähmetimiziň miwesini görýäris, okuwlaryň birnäçesini biz “Yeňme” jemgyýetçilik guramasynda we birnäçesini Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň gartaşan adamlar we maýyplygy bolan adamlar üçin merkezlerinde geçirdik”- diýip Mergen aýdýar.
BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň hünärmeni Annatäç Mämedowa şeýle diýýär:
“Raýat jemgyýeti guramalary we döwlet edaralary bilen hyzmatdaşlyk edip, BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirligi ýerli derejede üç sany durmuş hyzmatlaryny synagdan geçirýär, durmuşynda agyr ýagdaýa düşen maşgalalary durmuş hyzmatlary bilen üpjün etmek olaryň biridir. Mergen we milli hyzmatdaşlarymyzyň wekilleri ýerli derejede durmuş hyzmatlary bilen üpjün etmezden ozal, hyzmat etmek barada okuwlara gatnaşdylar."
Şeýle hem, ol bu okuwlarda Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň hünärmenlerinden başga-da,mekdepleriň mugallymlarynyň hem gatnaşandygyny aýtdy. Bu gatnaşyjy guramalarynyň her biri ýerli derejede şuňa meňzeş hyzmatlaryny hödürlemek üçin öz toparlaryny döredendigini aýtdy.
Mergen we onuň kärdeşleri bu maşgalalara hyzmat etmek üçin dürli döwlet we döwlete dahylsyz guramalar bilen hyzmatdaşlyk edýärler.
“Durmuş işi ugry boýunça dürli gulluklar we guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmek ýeňill däl, eger-de siziň hünär taýdan ýokary derejede taýýarlygyňyz bolmasa. Zerur bolan hünär ukybyny ösdürmek üçin bize birneme wagt gerek boldy, indi kärdeşlerimiň köpüsi durmuş hyzmatlaryndan peýdalanýan adamlaryň öz jemgyýetlerinde elýeter bolan serişdelerini ulanmaga mümkinçilikleriniň bolmagy üçin dürli guramalar we durmuş hyzmatlaryny üpjün edijiler bilen hyzmatdaşlyk edýärler"- Mergen diýýär.
Durmuş hyzmatlardan peýdalanýan adamlar, şeýle hem dürli durmuş hyzmatlaryny üpjün edijiler bilen düşünişmek durmuş işi boýunça hünärmenlere öz işlerini has netijeli alyp barmaga ýardam edýär. Işleriniň gysga möhletine garamazdan, durmuş işi boýunça täze hünärmenler jogapkärçiliklerini ýerine ýetirmekde uly üstünlik gazanandylar. Olar durmuş hyzmatlary bilen üpüjn edýän döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň hormatyna mynasyp boldular.
Türkmenistanyň Hökümeti durmuş hyzmatlarynyň täze nusgasyny girizmek arkaly ýurduň durmuş hyzmatlaryny üpjün etmek ulgamyny gowulandyrmak boýunça täze başlangyçlary giňden goldaýar. Bilelikdäki maksatnamanyň çäginde synag edilýän täze hyzmatlaryň peýdaly boljakdygy we mätäç adamlaryň durmuş kynçylyklaryny ýeňip geçmekleri üçin öz jemgyýetlerinde mümkinçilikleriniň has köp boljakdygy garaşylýar. Bu ähli adamlaryň özleriniň gatnaşmagynda karar kabul etmek we durmuş hyzmatlaryny üpjün etmek arkaly durmuş şertlerini gowulandyrmak üçin hukuklaryny üpjün etmek üçin möhümdir.
Tarapyndan ýazylan
Guljahan Gochova
UNDP Project Specialist/Communication Specialist for Joint Programme