Ideg we goldaw arkaly durmuş taýdan inklýuziýany öňe sürmek
21 dekabr 2021
Dowamly keseli bolan adamyň durmuşynyň nähili agyr bolup biljekdigini göz öňüne getirip bolmaz.
Beýleki adamlaryň adaty hökmünde kabul edýän zady - gowy durmuşda ýaşamak üçin ägirt uly kynçylyklara duçar bolan adamlar üçin ykbalyň sowgady bolup biler. Oguljereniň her bir güni saglyk ýagdaýy sebäpli göreşe öwrülýär.
Altmyş bäş ýaşly aýal düwnük keseli kesgitlemesi goýlandan we operasiýa edilenden soňra özbaşdak ýaşamakda kynçylyk çekýär. Mundan başga-da, onuň süýji keseli bar, gan basyşy ýokary we ol ýürek işemiýa (koronar) keselinden ejir çekýär.
Dokuz ýyl ozal Oguljereniň kiçi gyzy bejerip bolmaýan kesel sebäpli aradan çykdy. Bu gamgyn hadysany başdan geçirmegiň netijesinde, Oguljeren saglygyna zyýan ýetirdi. Oňa onkologiki kesel diagnozy goýuldy we ol agyr operasiýany başdan geçirdi. Oguljeren düwnük keselini ýeňip geçdi, ýöne ol `häzirki wagtda hem bedenine we akyl saglygyna täsir edýän we durmuşynyň hilini peseldýän bu keseliň uzak möhletli täsirini duýýar.
“Bu meniň üçin gaty kyn döwür boldy. Keselim sebäpli meni adaty durmuşda ýaşamaga mümkinçiligim bolmady"- diýip, Oguljeren ýatlaýar. “Maňa ýardam gerekdi, uly gyzym bolsa işleýändigi sebäpli meni bütin gün öýde ýeke goýup gidýärdi. Hiç kim maňa ýardam edenokdy".
Soňky üç aýyň dowamynda, Durnukly Ösüş Maksatlarynyň Bilelikdäki Gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilýän BMG-niň we Türkmenistanyň Hökümetiniň “Ýerli derejede inklýuziw ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny ornaşdyrmak arkaly durmuş taýdan goraglylyk ulgamyny gowulandyrmak” atly bilelikdäki maksatnamanyň çäginde synagdan geçirilýän durmuş-lukmançylyk hyzmatlaryny etmek üçin Oguljereni yzygiderli görmäge gelýän şahsy kömekçiniň goldawy bilen onuň ýagdaýy gowulaşdy.
Dowamly keseli bolan adamlar üçin öýde durmuş-lukmançylyk hyzmatlary, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) grant serişdeleri bilen Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýeti (TGÝMJ) tarapyndan synag görnüşde ýerine ýetirilýär.
"Dowamly keseli bolan adamlara durmuş-lukmançylyk hyzmatlaryny bermek bilen biz olara durmuşyň kyn ýagdaýlaryny ýeňip geçmegine we olaryň ýerli jemgyýetleriň durmuşyna gatnaşmagyna ýardam etmek arkaly, olaryň durmuşynyň hilini ýokarlandyrmaga synanyşýarys" – diýip, TGÝMJ-niň işgäri we dowamly keseli bolan adamlar üçin durmuş-lukmançylyk hyzmatlarynyň utgaşdyryjysy Bahargul Öwezowa aýtdy.
Bu hyzmatyň şahsy kömekçileri bu hyzmatdan peýdalanýan adamlaryň aýratyn zerurlyklaryna baglylykda dikeldiş prosesini tizleşdirmek we özbaşdak ýaşamak ukybyny güýçlendirmek üçin yzygiderli durmuş-lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün edýärler. Olar dikeldiş işleriniň tizlenmegine ünsi jemlemek, özbaşdak ýaşamak ukybyny güýçlendirmek we sosial taýdan goşulmaga has köp mümkinçilik döretmek arkaly köptaraplaýyn ýardam edýärler.
“Men köplenç gan basyşyny barlamak, onuň dermanlary babatynda ýardam bermek we ýüze çykýan zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin Oguljereni görmäge barýaryn," – diýip, şahsy kömekçi Aýgul Ballyýewa aýdýar. “Men Oguljereniň maňa garaşýandygyny duýýaryn. Ol men gelenimde hemişe begenýär we meniň galyp, söhbetdeş bolmagymy haýyş edýär. Men özümiň gereklidigimi we bu meni ruhlandyrýar."
Şahsy kömekçi otaga girende Oguljereniň ýylgyrýandygyny görüp, bu durmuş hyzmatynyň onuň üçin möhümdigine düşünip bolýar.
“Aýgul elmydama jaň edýär we meniň halymdan habar alýar. Ol yzygiderli meniň gan basyşymy ölçemek, adaty lukmançylyk barlagy üçin saglyk öýüne gitmekde ýoldaş bolmak üçin gelýär, şeýle hem durmuşymda bolup geçýän wakalary diňlemek üçin elmydama taýýar. Maňa Aýgül ýaly adam diňe bir lukmançylyk zerurlyklary üçin däl , eýsem özümi ýalňyz duýmazlyk we özgelerden üzňe bolmazlyk üçin gerek,"- diýip Oguljeren aýdýar. "Ol indi meniň gyzym ýaly boldy."
Bu jemgyýetçilik hyzmatynyň maksady dowamly keseli bolan adamlara öz jemgyýetlerinde, ýaşaýan ýerlerinde galmagy üçin agyr durmuş ýagdaýlaryny ýeňip geçmäge ýardam etmekdir.
"Oguljeren ýaly dowamly keseli bolan adamlar üçin ýöriteleşdirilen edaralara ýerleşdirilmän, öýde galmak möhümdir," – diýip, Bahargul Öwezowa aýdýar. "Bu ýagdaý laryň fiziki we psihologiki ýagdaýyny gowulaşdyrýar we dowamly kesele uýgunlaşyp, durmuşda özbaşdak ýaşamaga ýardam edýär."
“Men şular ýaly durmuş hyzmatyny we lukmançylyk goldawyny alýandygyma örän begenýärin. Men şeýle hyzmatlaryň meniň ýaly adamlara ýardam etmek üçin dowam etmegini arzuw edýärin,"- diýip Oguljeren aýdýar. Bu bize keselimiz bilen baglanyşykly ähli kynçylyklary ýeňip geçmäge umyt we kuwwat berýär. Bu bolsa bize adaty durmuşda ýaşamaga ýardam edýär."
Tarapyndan ýazylan
Jahan Saparmamedowa
UNDP
Jemgyýetçilik we aragatnaşyk işleri boýunça hünärmen