Press reliz

Bilelikdäki maksatnamanyň Ýolbaşçy Komiteti maksatnamanyň netijelerini, şeýle hem onuň dowamlylygyny üpjün etmek üçin indiki ädimleri ara alyp maslahatlaşdylar

30 mart 2022

  • Bilelikdäki maksatnamanyň durmuşa geçirilişine syn bermek we onuň dowamlylygyny üpjün etmek üçin amala aşyrmaly işler barada ylalaşyga gelmek üçin inklýuziw, ýerli derejede ýokary hilli durmuş hyzmatlary boýunça Bilelikdäki maksatnamanyň Ýolbaşçy komitetiniň dördünji ýygnagy geçirildi.

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri Muhammetseýit Sylapowyň we BMG-niň hemişelik utgaşdyryjysy jenap Dmitriý Şlapaçenkonyň bilelikde ýolbaşçylyk eden ýygnagynda, Mejlisiň başlygynyň orunbasary, pudaklaýyn ministrlikleriň ministrleriniň orunbasarlary, şeýle hem BMG-niň düzümleýin edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdy.

Gatnaşyjylar Bilelikdäki maksatnamanyň çäginde durmuş taýdan goraglylyk ulgamyny özgertmek ugrunda gazanylan esasy sepgitleri bellediler:

• Taýýarlanan durmuş işi boýunça hünärmenler tarapyndan berilýän ýöriteleşdirilen durmuş hyzmatlarynyň täze görnüşlerinden peýdalanýan 3 100-den gowrak adamlaryň, şol sanda 235 ejiz çagalardan we uly ýaşly adamlardan ybarat bolan 5 000 ejiz adamlaryň zerurlygyna baha beren inklýuziw durmuş hyzmatlarynyň täze nusgasyny üstünlikli synagdan geçirmek;

• 2021-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan kabul edilen durmuş hyzmatlary baradaky Kanunyň işlenip düzülmegi. Ol 2022-nji ýyldan başlap, durmuş işi boýunça taýýarlanan işgärleriň işini Döwlet býudjetinden maliýeleşdirmäge mümkinçilik berdi;

• Durmuş hyzmatlaryny üpjün edijileriniň 700-den gowragynyň, durmuş hyzmatlarynyň we degişli bölümleriň ýolbaşçylarynyň, durmuş işi boýunça hünärmenleriň we ylmy işgärleriň durmuş işi boýunça esasy ukyplaryny 200 günden gowrak dowam eden okuw arkaly ösdürmek, şeýle hem “Durmuş işi” hünäri boýunça bakalawr derejesini almak üçin maksatnamany ýola goýmak.

Şeýle-de, bar bolan durmuş hyzmatlar ulgamy bilen deňeşdirilende, durmuş işiniň täze nusganyň peýdaly taraplary, ykdysady taýdan tygşytlylygy we ýerlikliligi häzirki wagtda tamamlanyp gelýän, ýerli derejede durmuş hyzmatlarynyň teklip edilýän täze nusgasynyň durmuş-ykdysady derňewinde öz beýanyny tapar.

Duşuşygyň dowmaynda gatnaşyjylar Türkmenistanda synag edilýän täze ýöriteleşdirilen durmuş hyzmatlary barada gysga wideo tomaşa etdiler, şeýle hem etraplaryň we ýöriteleşdirilen hyzmatlaryň durmuş işi boýunça işgärleriniň beren bahalary barada maglumatlary görkezýän Jemleýji seljeriş hasabatynyň netijeleri bilen tanyşdylar. Derňew, ýöriteleşdirilen hyzmatlary etrap derejesinde giňeltmek boýunça maslahatlary we bu hyzmatlary ýurt boýunça paýlamak üçin subutnamalara esaslanýan teklipleri öz içine alýardy.

Soňra, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň hünärmenleri 2022-2030-njy ýyllar üçin durmuş hyzmatyny ösdürmegiň Milli meýilnamasyny hödürlediler we Bilelikdäki maksatnamanyň dowamlylygyny üpjün etmek üçin indiki ädimleri ara alyp maslahatlaşmak üçin söz açdylar.

“Ýerli derejede inklýuziw ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny girizmek arkaly durmuş taýdan goraglylyk ulgamyny kämilleşdirmek” atly Bilelikdäki maksatnama BMG-niň hyzmatdaşlyk edýän edaralary, ýagny BMG-niň Çagalar gaznasy, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Ilat gaznasy we BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirligi hem-de Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan durmuşa geçirilip, ol BMG-niň Durnukly ösüş maksatlarynyň Bilelikdäki Gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilýär. Bilelikdäki maksatnama durmuş hyzmatlarynyň ýerli derejede edilýän täze nusgasyny döretmegi, degişli kanunçylyga syn berip, teklipleri taýýarlamagy we degişli hünärmenleriň durmuş hyzmatlary boýunça bilimlerini we başarnyklaryny artdyrmagy maksat edinýär. Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi, BMG tarapyndan BMG-niň Çagalar gaznasy Bilelikdäki maksatnama boýunça alyp baryjy edara hökmünde çykyş edýär. Beýlekil milli hyzmatdaşlar Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligidir.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz