Press reliz

BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara ýaşlar forumyna gatnaşdy

04 oktýabr 2023

Arkadag şäheri, 2-nji oktýabr, 2023ý. – BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara ýaşlar forumyna gatnaşdy. Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mejlisler zalynda geçirilen çäre ýaşlaryň dawa-jenjelleriň öňüni almakda we çözmekde, şeýle hem parahatçylygy öňe sürmekde eýeleýän ornuny öwrenmäge gönükdirildi.

Maslahata Türkmenistanyň Bilim ministri Gurbangül Ataýewa, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy Ýazpolat Keriýew, Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa (wideo arkaly ýüzlenme), şeýle-de Türkmenistanyň hökümet edaralarynyň we ýokary okuw jaýlarynyň wekilleri, BMG-niň Türkmenistandaky agentlikleriniň wekilleri, telekeçiler we DÖM-iň ýaş ilçileri gatnaşdylar.

Forumyň çäklerinde BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko ýaşlar we howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly bölümine ýolbaşçylyk etdi. Bu bölüme gatnaşyjylar “Howanyň üýtgemegi: Daşky gurşawyň durnuklylygy we parahatçylygy gurmagyň arasyndaky baglanyşygy göz öňünde tutmak” temasy boýunça çykyş etdiler. Mundan başga, forumyň dowamynda parahatçylyk üçin ýaşlaryň başlangyçlary, parahatçylygy üpjün etmekde sanly diplomatiýanyň orny, oňyn parahatçylygy üpjün etmek üçin tehnologiýalary we sosial torlary ulanmak, şeýle-de medeniýetiň we sungatyň üsti bilen parahatçylygy pugtalandyrmak ýaly temalar boýunça çykyşlar boldy.

Forumyň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň ýaşlar dialogyny esaslandyrmak boýunça mejlisi, Merkezi Aziýa döwletleriniň ýaşlar dialogynyň Ähtnamasyna gol çekmek dabarasy, Türkmenistanyň amaly-haşam sungatynyň sergisi, Arkadag şäherine gezelenç we Türkmenistanyň Döwlet sirki tarapyndan ahal-teke atlarynyň tanyşdyrylyşy geçirildi.

Jenap Şlapaçenkonyň bu foruma gatnaşmagy BMG-niň sebitde we bütin dünýäde parahatçylyk we durnukly ösüş üçin hyzmatdaşlygy pugtalandyrýan başlangyçlary we tagallalary goldaýandygyny aýdyň görkezýär. Bu çäre parahatçylygy pugtalandyrmak, jemgyýetiň, galyberse-de, bütin dünýäniň ýaşaýşyny gowulandyrmak boýunça maslahatlara ýaşlaryň gatnaşmagynyň we olaryň potensialyndan peýdalanmagyň möhümdigini subut etdi.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

RCO
United Nations Resident Coordinator Office
UNRCCA
United Nations Regional Centre for Preventive Diplomacy for Central Asia

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz