Türkmenistanyň Daşary Işler Ministri we BMG-yň Türkmenistandaky Hemişelik Utgaşdyryjysy Türkmenistanda birinji gezek amala aşyryljak bilelidäki resminama gol çekdiler.
Iki resmi ýokary jogapkärçilikli wekiller Türkmenistanda bar bolan berilýän sosial hyzmatlar ulgamyny gowylandyrmaga gönükdirilen bilelikdäki maksatnamanyň wajyplygyny bellediler. Bu maksatnama ilatyň has ynjyk toparlaryny öz içine alar, olaryň aýdyň zerurlyklaryny kanagatlandyrar we adamlary öz jemgyýetlerinde garaşsyz ýaşamaklaryny goldar.
“Meniň üçin biziň bilelikdäki maksatnama başlaýandygymyz örän begençli pursat. Bu maksatnama BMG we Türkmenistanyň Hökümetiniň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygyň wajyp döwüri bolup durýar. Bu maksatnamanyň netijeleri 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň esasy ýörelgesi bolup durýan – Hiç kimi ýatdan çykarmaly däl diýen ýörelgäni amala aşyrmaga ýardam berer”, diýip BMG-yň Türkmenistandaky Hemişelik Utgaşdyryjysy Ýelena Panowa belledi.
Bu maksatnama jemgyýet tarapyndan brilýän sosial hyzmatlarynyň ýöriteleşdirilen nusgalaryny ýerine ýetirmäge synanşar, bu hem taýýarlygy bolan tejribeli işgärler tarapyndan işleri ýüze çykarmak, baha bermek we alyp barmak arkaly amala aşyrylar.
Umumy býüjeti 2,45 mln ABŞ dollary bolan bilelikdäki maksatnama BMG-yň Köphyzmatdaş maksatlaýyn gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilmegi makullandy – Bilelikdäki DÖM gaznasy, ol maksatnamanyň çägindäki işler üçin 1.92 mln ABŞ dollary bilen üpjün eder.
Maksatnamanyň çägindäki çäreler 2020-nji ýylyň Ýanwar aýynda başlanar. UNIСEF we Türkmenistanyň Zähmet we ilaty sosial taýdan goramak Ministrligi maksatnamany amala aşyrmakda esasy edaralar bolup durar. Başga ýerine ýetiriji hyzmatdaşlar bolup BMGÖM, UNFPA, UNODС we Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Saglygy goramak we derman serişdeler Ministrligi, Bilim Ministrligi, Maliýe we Ykdysadyýet Ministrligi, Içeri Işler Ministrligi, Döwlet, Kanun we Demokratiýa Instituty we Hökümete degişli bolmadyk guramalar çykyş ederler.