Press reliz

BMG Hökümete adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk we olara jogap bermek boýunça gollanmany görkezýär

10 fewral 2020

  • BMG-niň utgaşdyryjysynyň ofisi, Ynsanperwer meseleleri utgaşdyrmak boýunça BMG-niň ofisi, UNICEF (BMG-niň Çagalar gaznasy) we Gyzyl haç halkara federasiýasy adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygy üpjün etmek we olara jogap bermek boýunça gözükdiriji ýörelgeleri, şol sanda ynsanperwer hereketler (CCC), Köpklasterli deslapky tiz baha beriş (MIRA) boýunça borçlary Türkmenistanyň Hökümetine görkezmek babatda iki günlük seminary geçirdi.

Bu 2020-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda BMG bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasynda gol çekilen ýyllyk Iş meýilnamasynyň tassyklanan işlerini durmuşa geçirmek boýunça ilkinji çäre bolup durýar.​

Onuň esasy maksady milli hyzmatdaşlaryň adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygyny ýokarlandyrmakdan we betbagtçylyklaryň howpuny azaltmak üçin milli potensialy döretmekden ybarat.

​Goranmak ministrliginiň ýanyndaky Raýat goraglylygy we halas ediş amallary boýunça baş bölüminiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Bilim ministrliginiň, Zähmet we ilatyň durmuş goraglylygy ministrliginiň, şeýle-de welaýat we paýtagt şäheriniň häkimlikleriniň raýat goraglylygy boýunça bölümleriniň esasy hünärmenleri esasy ynsanperwer ýörelgeleri we ülňüleri, şeýle-de ynsanperwer amallarda çagalar babatda esasy borçlar bilen tanyşdyryldy.

​“BMG-niň Baş Sekretarynyň bellemegine görä, “Durnukly ösüş ugrunda 2030-njy ýyla çenli Gün tertibini, Sendaý maksatnamalaryny we Howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygyny durmuşa geçirmäge toplumlaýyn çemeleşmäni güýçlendirmek” zerur. Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin, betbagtçylyklaryň howpuny azaltmak işini durmuş-ykdysady ösüş boýunça esasy meýilnamalara girizmek zerur” diýip, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy hanym Ýelena Panowa belledi.  ​

Seminaryň dowamynda köpklasterli deslapky tiz baha beriş usulyýeti ara alnyp maslahatlaşylypdy. Bu usul BMG-niň ulgamynyň güýçleri tarapyndan kömegi birikdirmek üçin tebigy betbagtçylykdan soň ilkinji günlerde ejir çeken ilatyň zerurlyklaryna baha bermäge ýardam berýär.​                                       

Seminaryň dowamynda gatnaşyjylar howplara garady we howplaryň matrisasyny işläp düzdi hem-de bu meseleler boýunça BMG bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasynda utgaşykly gatnaşyklary güýçlendirmek boýunça pikir alyşdy.

Chary Nurmuhammedov

Çary Nurmuhammedow

RCO
BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy BMG-niň utgaşdyryş işleri boýunça hünärmen

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

OCHA
Ynsanperwer meseleleri utgaşdyrmak müdirligi
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz