Press reliz

Greta Tunberg we “Human Act” jemgyýetçilik guramasy UNICEF üçin çaganyň hukuklaryny berjaý etmäge esaslanýan koronawirusa garşy göreş boýunça kampaniýasyny başladylar

30 aprel 2020

  • Eko-aktiwist ýaşlary we beýleki tarapdarlary UNICEF-iň çagalaryň janyny halas etmek baradaky möhüm işine goldaw bermäge çagyrýar.

Nýu-Ýork, 2020-nji ýylyň 30-njy apreli. Şu gün Eko-aktiwist Greta Tunberg Daniýanyň hökümete degişli bolmadyk “Human Act” guramasy bilen bilelikde COVID-19 pandemiýasyna garşy göreşmek we çagalary onuň göni we gytaklaýyn netijelerinden goramak üçin UNICEF-iň tagallalaryna goldaw bermek üçin çaga hukuklaryna esaslanýan kampaniýa başlady. Şeýle netijelere azyk ýetmezçiligi, saglyk ulgamyna aşa köp agram salynmagy, zorluk we bilim mümkinçilikleriniň ýitmegi degişli.

Tunberg: «Howa krizisi ýaly, koronawirus pandemiýasy hem çagalaryň hukuklary ugrundaky krizisdir» - diýip belledi. – «Ol häzirki wagtda we uzak möhletde ähli çagalara täsir eder, ýöne ejiz toparlar üçin netijeler iň agyr bolar. Hemmelerden maňa goşulmagyny we UNICEF-iň çagalaryň janyny goramak, saglygyny goramak we dowamly bilim almak ugrundaky örän möhüm işine goldaw bermegini soraýaryn.»

Kampaniýa indi «Human Act» guramasynyň we Greta Thunberg gaznasynyň adyndan UNICEF-e 200 000 ABŞ dollary peşgeş bermek bilen başlaýar. Ýaňy-ýakynda Greta Tunberg «Human Act» guramasyndan global işjeň hereketleri üçin pul baýragyny aldy, bu gurama onuň gaznasyna 100 000 dollar baýrak berdi. Indi bu möçber «Human Act» guramasyndan goşmaça 100 000 dollar möçber bilen UNICEF-e tölener.

Kampaniýanyň dowamynda toplanan serişdeler UNICEF-iň COVID-19 garşy göreş boýunça gyssagly meýilnamalaryna, şol sanda sabyny, maskalary, ellikleri, arassaçylyk enjamlaryny, gorag enjamlaryny, möhüm maglumatlary we saglyk ulgamlaryna beýleki goldawlary üpjün etmek üçin ulanylar.

Birleşen milletler guramasynyň şu aýda çap edilen hasabatynda çagalaryň COVID-19 pandemiýasynyň iň erbet täsirine düşmek howpy abanýandygy barada duýduryş berildi. Şu güne çenli çagalar bu keseliň saglyga gönüden-göni täsirinden halas bolýandyklaryna garamazdan, häzirki krizis olaryň umumy hal-ýagdaýyna ep-esli täsir edýär. Ähli ýaşdaky we ähli ýurtlardaky çagalar, hususan-da, durmuş-ykdysady netijelerden we käbir ýagdaýlarda keseliň ýaýramagynyň öňüni almak üçin durmuşa geçirilýän çärelerden ejir çekýärler.

UNICEF-iň COVID-19-a bilen baglanşykly global jogap beriş hereketleri, ilkinji nobatda, çagalara esasy hyzmatlary hödürlemek bilen bir hatarda, wirusyň ýokaşmagyny azaltmak we onuň çagalara edýän täsirini peseltmek üçin hyzmatdaşlar bilen işleşmäge gönükdirilendir. Bu aşakdakylary öz içine alýar:

  • Çagalar, aýallar we ilatyň ejiz toparlary üçin esasy materiallaryň we hyzmatlaryň bar bolmagyny we elýeterliligini üpjün etmek.
  • El bilen sabyn bilen ýuwmak barada maglumatlylygy ösdürmek.
  • Saglygy goraýyş işgärleri üçin hammam, ellik we maska, şeýle hem kislorod konsentratorlary we dermanlar ýaly şahsy gorag enjamlaryny satyn almakda hökümetlere goldaw bermek.
  • Mekdebe gatnap bilmeýän çagalar üçin uzak aralykdan okuw üçin goldaw bermek.
  • Zeper ýeten çagalar we maşgalalar üçin akyl saglygyny we psihososial goldawy üpjün etmek.
  • Zerur immunizasiýany durmuşa geçirmäge we çagalara beýleki hyzmatlary bermäge kömek etmek.

UNICEF-iň ýerine ýetiriji direktory Genrietta Fer: “Koronawirus pandemiýasyna garşy göreş dünýäde birnäçe nesilleriň gören iň uly göreşdir” - diýip nygtady. – “Çagalar we ýaşlar, COVID-19-yň gytaklaýyn netijeleriniň iň uly derejede ejir çeken şahslar, şonuň üçin olaryň COVID-19 garşy göreşe gatnaşmaga bolan islegi tebigy zat. Greta Tunberg özüniň işjeň hereketleri bilen ýaşlaryň berk pozisiýany eýelemäge we dünýädäki üýtgeşmelere ýolbaşçylyk etmäge taýýardygyny subut etdi. UNICEF Greta we onuň tarapdarlarynyň bu pandemiýa garşy göreşe UNICEF bilen hyzmatdaşlykda işjeň gatnaşmak kararyna gelendigine begenýär.”

###

Redaktorlar üçin bellikler

Multimediýa mazmuny şu ýerde ýükläp bolar.

Kampaniýa barada

Bu salgyda kampaniýa barada aýratyn sahypa ser.: www.unicef.org/coronavirus/join-greta

UNICEF barada

UNICEF dünýäde iň kyn ýagdaýdaky çagalara kömek bermek üçin, iň meseleli ýerlerde işleýär. 190 ýany ýurtda we araçäkde işläp, biz çagalar üçin, ähli adamlar üçin gowy dünýäni gurmak ugrunda işleýäris. UNICEF we onuň çagalar babatda alyp barýan işleri barada has giňişleýin maglumaty www.unicef.org sahypasyndan tapyp bilersiňiz.

 «Human Act» gaznasy barada

«Human Act» aşa garyplyga garşy göreşmek we hemmeler üçin erkinligi, parahatçylygy we adalaty goramak ugrunda halkara derejesinde işleýän, Daniýanyň hökümete degişli bolmadyk guramasydyr.

Goşmaça maglumat üçin aşakdakylara ýüz tutuň:

Hanym Ingeborg Eklom (Ingeborg Ekblom), UNICEF, Şwesiýa, tel.: +46709955916, el. poçta: ingeborg.ekblom@unicef.se

Jenap Kertis Kuper (Kurtis Cooper), UNICEF, Nýu-Ýork, tel.:  +917 476 1435, el. poçta: kacooper@unicef.org

Jenap Daýlo Alonso (Dailo Alonso), UNICEF, Ženewa tel.: + 41 79 601 9917, el. poçta: dalonso@unicef.org

 

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz