Press reliz

Hyzmatdaşlar betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak, adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk we çäreleri görmek ugrunda bilelikdäki hereket meýilnamasynyň durmuşa geçirilişini gözden geçirýärler

17 iýun 2020

  • BMG-niň, Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň we Milli Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň hünärmenleri 2020-nji ýyl üçin adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygy we oňa garşy çäreleri utgaşdyrmak boýunça bilelikdäki ýyllyk hereket meýilnamasynyň ýerine ýetirilişini ara alyp maslahatlaşmak üçin ýygnandy. Bu meýilnama betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak, töwekgelçilige baha bermek, adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk we olara garşy göreş, şeýle-de mümkinçilikleri ýokarlandyrmak boýunça ýurda BMG-niň kömegini üpjün etmegi maksat edinýär. Ondan başga-da, duşuşyga gatnaşyjylar mümkin bolan dürli adatdan daşary ýagdaýlara garşy göreşmek babatda bilelikdäki utgaşdyrmagyň, taýýarlygyň we jogap bermegiň mehanizmlerini ara alyp maslahatlaşdylar.  

Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar BMG-niň ýurt boýunça topary we Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan ýerine ýetirilen bilelikdäki çäreler barada maglumat alyşdylar we ýurtda adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk görmek üçin geljekki meýilnamalary beýan etdiler. Olar adatdan daşary ýagdaýlara jogap bermek boýunça okuwlary we simulýasiýalary hem-de howanyň üýtgemegi we saglygy goramak pudagynda ewakuasiýany öz içine alýar.

Mundan başga-da, Halkara ynsanperwer kömegi baradaky Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmeginiň mümkinçiligi, şeýle-de adatdan daşary ýagdaýlarda bilelikdäki utgaşdyrmak we hyzmatdaşlyk boýunça Adaty iş tertibini işläp düzmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu nukdaýnazardan, milli hyzmatdaşlar BMG bilen Türkmenistanyň arasynda Betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça Sendaý çarçuwasyna laýyklykda adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygy we oňa garşy çäreleri utgaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlyk baradaky özara düşünişmek boýunça Ähtnamanyň durmuşa geçirilmeginiň 2020–2030-njy ýyllar üçin Döwlet raýat goranyşy maksatnamasynda aýratyn orun eýeleýändigini bellediler.

Gatnaşyjylar BMG-niň Betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça ofisiniň durnuklylygy üpjün etmek boýunça sebitleýin taslamalary, şeýle-de onuň Türkmenistandaky maksatlary we wezipeleri bilen tanyşdyryldy. Ondan başga-da, duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak we adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk boýunça sebit gepleşiklerini başlatmagynyň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar.

Maslahatdan soň, hünärmenler adatdan daşary ýagdaýlar boýunça mundan beýläkki hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmak üçin gepleşikleri dowam etdirmäge ylalaşdylar. Duşuşygy jemläp, taraplar hyzmatdaşlygy has ýokary derejä çykarmak üçin noýabr aýynda degişli ministrleriň orunbasarlarynyň we BMG-niň guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda indiki ýygnagy guramak barada ylalaşdylar.

###

Has giňişleýin maglumat üçin BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň ofisine ýüz tutmagyňyzy haýyş edýäris chary.nurmuhammedov@un.org ýa-da +99312 488325 (231).

Chary Nurmuhammedov

Çary Nurmuhammedow

RCO
BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy BMG-niň utgaşdyryş işleri boýunça hünärmen

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

IOM
Halkara migrasiýa guramasy
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNDRR
BMG-niň Betbatçylyklaryň howplulyklaryny azaltmak boýunça müdirligi
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi
BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz