Press reliz

Bilelikdäki maksatnamanyň Dolandyryjy komitetiniň ýanyndaky iş topary durmuş hyzmatlaryny girizmek baradaky Bilelikdäki maksatnamanyň çäginde ýerine ýetirilýän işleri ara alyp maslahatlaşýarlar

23 iýun 2020

  • Birleşen Millet Guramasy we Türkmenistanyň hökümeti “Ýerli derejede hemmetaraplaýyn ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny girizmek arkaly durmuş goraglylygy ulgamyny kämilleşdirmek” atly Bilelikdäki maksatnamanyň Dolandyryjy komitetiniň ýanyndaky iş toparynyň ikinji maslahatyny geçirdi.

Bu maslahata BMG-niň Çagalar gaznasynyň, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, BMG-niň Ilat gaznasynyň, we BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň wekilleri we Bilelikdäki maksatnama boýunça Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi, Türkmenistanyň Mejlisi we Türkmenistanyň Bilim ministrligi ýaly ýolbaşçy edaralar bilen bir hatarda beýleki milli hyzmatdaşlar hem gatnaşdy. Ýygnakda Bilelikdäki maksatnama boýunça ýerine ýetirilen işler boýunça hasabat berildi we mundan beýläk ýerine ýetirilmeli işler barada pikir alyşyldy.

Bilelikdäki maksatnamanyň çäginde  hyzmatdaşlyk edýän BMG-niň edaralarynyň wekilleri milli hyzmatdaşlarymyza  Bilelikdäki maksatnama degişli işleriň ýerine ýetirilişi barada maglumat berdiler. Olar Türkmenistanyň 20 sany etraplarynda we şäherlerinde durmuş işi boýunça 45 hünärmeniň işe alynmagy; durmuş işi boýunça hünär kämilligini artdyrmaga gönükdiriljek okuwlaryň geçirilmegi; durmuş hyzmatlary baradaky kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek üçin teklipleri bermek boýunça maslahatçylaryň işe alynmagy; hem-de ýurdumyzda bar bolan durmuş hyzmatlarynyň sanawynyň döredilmegi bilen bagly alnyp barylýan işler bilen tanyş boldular. Şeýle-de, bu maslahata gatnaşyjylar durmuş işi we durmuş hyzmatlary boýunça milli bilim hünärmenleriniň toparynyň döredilmegi barada edilýän işler bilen hem tanyş boldular.

Dolandyryjy komitetiň ýanyndaky iş toparynyň agzalary amala aşyrylmaly işler barada pikir alyşdylar we Bilelikdäki maksatnamanyň indiki ädimleri barada ylalaşdylar. Olar Bilelikdäki maksatnamanyň ýerine ýetirlişiniň hasabaty taýýarlamak we onuň möhletiniň uzadylmagy barada teklip bermek, hem-de Dolandyryjy komitetiň ýanyndaky iş toparynyň düzümine durmuş hyzmatlaryny berýän jemgyýetçilik guramalarynyň goşulmagy barada Bilelikdäki maksatnamanyň dolandyryjy komitetine teklip bermek barada ylalaşdylar.

Bilelikdäki maksatnamanyň çäginde BMG-niň dört edarasy we Türkmenistanyň hökümeti Türkmenistanda durmuş hyzmatlary ulgamyny kämilleşdirmek we oňa çagalaryň, maýyplygy bolan adamlaryň, zenanlaryň hukugy baradaky halkara konwensiýalara laýyklykda hem-de Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmäge gönükdirilen hemmetraplaýyn ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny girizmek barada bilelikde hyzmatdaşlyk edýär.

Guljahan Gochova

UNDP Project Specialist/Communication Specialist for Joint Programme

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz