Press reliz

Merkezi Aziýanyň saglyk hünärmenleri we halkara hünärmenler COVID-19 döwründe çagalaryň we ýetginjekleriň saglygyny ara alyp maslahatlaşýarlar

20 awgust 2020

  • Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) we Birleşen milletler guramasynyň Çagalar gaznasynyň (UNICEF) sebit we ýurt bölümleriniň goldawy bilen, Türkmenistanyň Hökümeti şu gün COVID-19 döwründe çagalaryň we ýetginjekleriň saglygy barada web maslahaty geçirdi.

Bu maslahata Merkezi Aziýa ýurtlaryndan, şeýle hem Ermenistandan, Azerbaýjandan, Germaniýadan, Russiýa Federasiýasyndan we Angliýadan gelen saglyk hünärmenleri gatnaşdy, bu maslahatyň maksady tejribe alyşmak we Merkezi Aziýada COVID-19 pandemiýasy wagtynda çagalara ýeterlik lukmançylyk kömegini bermek meselelerini ara alyp maslahatlaşmakdy.

Merkezi Aziýadaky saglyk ulgamlary, beýleki sebitler ýaly, COVID-19 pandemiýasy zerarly çalt ösýän talap bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Häzirki maglumatlar COVID-19 pandemiýasynyň çagalara erbet täsir etmeýändigini görkezýän hem bolsa, olar pandemiýanyň gytaklaýyn täsirinden ep-esli derejede ejir çekip biler. Dünýäniň köp ýurtlarynda pandemiýa zerarly kabul edilen ilkinji çäreleriň arasynda mekdepleriň ýapylmagy, çagalara ideg edaralarynyň ýapylmagy we jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň çäklendirilmegi boldy. Käbir ýurtlar doly izolýasiýa geçirdiler.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary Çary Agamyradow we Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Çaga we ýetginjekleriň saglyk maksatnamasynyň sebit dolandyryjysy Martin Weber bilen maslahaty açan UNICEF-iň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin müdiri Afşan Han: “Dowam edýän COVID-19 pandemiýasy dünýä ýaramaz täsir etdi we adamlary goramaga we halas etmäge mejbur edýär” – diýip belledi. “Merkezi Aziýa, sebitiň beýleki bölekleri ýaly, halas edilmedi. UNICEF şahsy gorag enjamlary, kislorod konsentratorlary we esasy saglyk işgärleri üçin okuw ýaly möhüm serişdeleriň elýeterliligini üpjün etmek üçin sebitdäki hökümetler bilen ýakyndan işleşdi we işleşmegini dowam etdirýär. Şeýle hem, möhüm hyzmatlaryň täzeden ýola goýulmagyny we adamlara özlerini we maşgalalaryny kesellerden goramak üçin maglumatyň we bilimleriň elýeterli edilmegi üçin gurallaryň işlenip düzülmegini goldaýarys” – diýip, hanym Afşan Han belledi.

Doktor Martin Weber “Çagalar kesellän halatynda, saglyk ulgamlarynyň taýyn bolmalydygyny” aýratyn belledi. “BSGG bu maslahatyň çäginde bu ýagdaý bilen iş salyşmak boýunça görkezmeleri çap etdi. Kisloroddan başga anyk bejergisi bolmadyk gorkunç täze keseli subutnamalara esaslanmaýan ähli bejergiler bilen bejermek töwekgelçiligi bar. Adaty bejeriş görkezmelerine eýermek we diňe kliniki synaglaryň çäginde täze bejergileri ulanmak möhümdir. BSGG bu synaglaryň birnäçesini utgaşdyrýar. Has agyr öýken sowuklama keseli bolan çagalar we ulular üçin kislorod möhümdir we BSGG bu ulgamlaryň ýeterlikliligine baha bermäge kömek etdi” – diýip, doktor Martin Weber belledi.

Maslahatyň dowamynda çagalar we ýetginjekler boýunça saglyk hünärmenleri COVID-19 döwründe çagalara dogry saglyk hyzmatlaryny bermekde global, sebitleýin we ýurt tejribelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, olar COVID-19 bolan çagalaryň epidemiologiýasynda we kliniki dolandyryşynda, dowamly keselleri bolan çagalar üçin zerur hyzmatlaryň dowamlylygynda, izolýasiýanyň çagalara we ýetginjeklere täsirinde, pandemiýadan soňky adaty saglygy goraýyşa geçişde we mekdeplerde hem-de saglygy goraýyş edaralarynda COVID-19 zerarly iýmitlenmek bilen baglanyşykly meselelerde ünsüni jemledi.

***

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz