Ýerli derejede hemmetaraplaýyn ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny girizmek arkaly durmuş goraglygy ulgamyny kämilleşdirmek

Surat: © UN Turkmenistan

Turkmenistan

Başy 2020-03-05
Soňy 2022-06-30

Türkmenistanyň Hökümeti orta möhletli Milli ösüş maksatnamasynda we adam hukuklary boýunça Hereketleriň milli Meýilnamasynda durmuş hyzmatlaryny kämilleşdirmegi ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde kesgitledi. Türkmenistan BMG-niň ýurt boýunça toparynyň goldamagynda Durnukly ösüş maksatlaryna hem laýyk gelýän ýerli derejede hemmetaraplaýyn ýokary hilli durmuş hyzmatlarynyň milli nusgasyny döretmek arkaly durmuş taýdan hyzmat edýän ulgamy döwrebäplaşdyrmagy meýilleşdirýär. Şu maksat bilen BMG-sy we Türkmenistanyň Hökümeti 2019-njy ýylyň dekabr aýynda Türkmenistanda durmuş goraglylygy ulgamyny kämilleşdirmek barada Bilelikdäki maksatnama gol çekdiler.

Bilelikdäki maksatnama BMG-niň Durnukly ösüş maksatlarynyň Bilelikdäki Gaznasy hem-de BMG-niň Çagalar gaznasy, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Ilat gaznasy we BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirligi tarapyndan maliýeleşdirilip, onuň umumy býujeti 2 350 000 ABŞ dollaryna barabardyr.

Bilelikdäki maksatnama boýunça BMG-niň edaralarynyň esasy hyzmatdaşy Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligidir. Beýleki hyzmatdaşlarymyz Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi.

Bilelikdäki maksatnama Türkmenistanyň durmuş goraglylygy ulgamyny ýerli derejede hemmetaraplaýyn ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny bermäge taýýarlamagy maksat edinýar. Bu bolsa durmuş goldawyna mätäç adamlara olaryň ýüzbe-ýüz bolýan dürli meselelerini çözmäge we özbaşdak durmuşlaryna dowam etmäge köp mümkinçilik döreder. BMG-niň edaralary we olaryň milli hyzmatdaşlary Bilelikdäki maksatnamanyň çäginde bilelikde işläp, ilatyň durmuş taýdan iň ejiz gatlagyny goldamak üçin ýerli derejede hemmetaraplaýyn ýokary hilli durmuş hyzmatlarynyň nusgasyny işläp düzerler we onuň esasy düzüm böleklerini synagdan geçirerler; ýerli derejede durmuş hyzmatlaryny etmegiň täze ulgamyny ornaşdyrmak üçin kanunçylyk binýadyny kämilleşdirip güýçlendirerler we institusional gurallaryny dörederler; hem-de durmuş işi we durmuş hyzmaty boýunça mümkinçilikleri artdyrarlar.

Bilelikdäki maksatnamanyň çäginde ýurduň durmuş taýdan hyzmat edýän ulgamyny özgertmek babatynda maksada okgunly ädimler ädiler. Täze işe kabul edilen durmuş işi boýunça hünärmenlere, şeýle-de, durmuş işi boýunça dolandyryjylara, durmuş taýdan edilýan hyzmatlary üpjün edijilere we durmuş hyzmatlary bilen bagly dürli hünärleriň wekillerine durmuş işi boýunça dürli ýygylykda gysga möhletli hünär okuwlary geçiriler. Hünär okuwlarynyň çäginde durmuş işi boýunça hünärmenler Bilelikdäki maksatnamanyň maksat toparlarynyň, ýagny Türkmenistanyň ilatynyň durmuş taýdan ynjyk gatlaklarynyň aýratyn şahsy zerurlyklaryna baha bermegi öwrenerler. Mundan başga-da, ýurdumyzda bar bolan durmuş hyzmatlaryna seljerme berler we onuň esasynda hemmetaraplaýyn, ýerli derejede durmuş hyzmatlarynyň 15 nusgasy meýilleşdiriler we işlenip düzüler. Döwlete degişli durmuş taýdan hyzmat edýän edaralar we jemgyýetçilik birleşikleri ýerli derejede ýöriteleşdirilen durmuş hyzmatlaryny işläp taýýarlamaga we şol hyzmatlary etmäge bäsleşik esasynda çagyrylar. Şeýlelikde, Bilelikdäki maksatnamanyň çäginde durmuş taýdan hyzmat etmegiň dürli ýollary, şol sanda durmuş taýdan hyzmat etmek boýunça döwlet sargydy hem synagdan geçiriler.

Mundan başga-da, ilata durmuş taýdan hyzmat etmek boýunça kanunçylyk binýadyna syn berler we durmuş hyzmatlarynyň täze nusgalaryny synagdan geçirmekde gazanylan amaly netijelere esaslanyp, olary kämilleşdirmek barada teklipler taýýarlanar. Durmuş hyzmatlaryny etmegiň köp derejeli ulgamyny kesgitleýän döwlet sargyt gurallary we institusional gurluşy işlenip düzüler. Durmuş hyzmatlaryny etmegiň täze nusgasynyň ykdysady netijeliligi we artykmaçlyklary görkeziler. Bu bolsa Türkmenistanyň Hökümetine durmuş taýdan hyzmat edýän ulgamy özgertmek babatynda oňyn netijelere gelmäge ýardam eder. 

Şeýle hem, Türkmenistanda durmuş işiniň amaly we nazary esaslary Bilelikdäki maksatnamanyň çäginde durmuş işi boýunça hünär mümkinçiliklerini artdyrmak hem-de durmuş işi boýunça hünärmenlere we mugallymlara gysga möhletli okuwlar geçirmek arkaly kesgitlener. Maksatnama ýurduň ýokary okuw jaýlary üçin halkara ülňülere esaslanýan hem-de ýerli hukuk, durmuş we medeni şertlere laýyk gelýän durmuş işi boýunça ölçegleri, okuw meýilnamalaryny we maksatnamalaryny işläp düzmäge goldaw berer. Şeýle-de, durmuş işi hünäri boýunça ölçegler we onuň esasy hünär talaplary işlenip düzüler.

GARAŞYLÝAN NETIJELER

  • Bilelikdäki maksatnamanyň ýerine ýetirilmeli möhletiniň ahyryna çenli Türkmenistanyň Hökümeti durmuş taýdan hyzmat etmegiň täze nusgasyny dolulygyna kabul eder we 2025-nji ýyla çenli ony giň möçberde durmuşa geçirmäge başlar;  
  • 2022-nji ýylyň ortasyna çenli ýerli derejede edilýän täze durmuş hyzmatlary görkeziler, synagdan geçiriler we netijeliligine baha berler;  
  • 2022-nji ýyla çenli Bilelikdäki maksatnamanyň netijelerine we synagdan geçiriljek hyzmatlaryň netijeliligine esaslanyp, Hökümet ýerli derejede edilýän durmuş hyzmatlaryna goýberilýän býujet serişdeleriniň möçberini artdyrar;
  • 2022-nji ýyla çenli durmuş hyzmatyna mätäç bolan ähli adamlaryň şahsy zerurlyklaryny kanagatlandyrmak we olaryň durmuş ornaşdyrylmagyny üpjün etmek üçin ýerli derejede edilýän durmuş hyzmatlary durmuş işi boýunça ýörite hünärmenler we ygtyýarly durmuş taýdan hyzmatlary üpjün edijiler tarapyndan berler.
42 %
2020-03-05
2022-06-30

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz

Maglumat boýunça resminalar