Türkmenistanda maýyplygy bolan adamlar üçin durmuş hyzmatlary "Ýeňme" jemgyýetçilik guramasy tarapyndan üpjün edilýär
12 noýabr 2021
Güljahan Tanalowanyň aladasy ýetik.
Güljahan Tanalowanyň aladasy ýetik. Ol ogluny ýeke özi terbiýeleýär, şeýle hem ol Türkmenistanda, Aşgabat şäherinde maýyplygy bolan adamlary durmuş hyzmatlary bilen üpjün edýän täze taslamanyň utgaşdyryjysydyr. Onuň beden-skelet ulgamynyň bozulmalary sebäpli maýyplygy bar. Bu kesel ömürboýy onuň bilen galar we muňa garamazdan, ol öz işine wepaly.
"Men iň soňky pulumy meni çagyrylan okuwa gatnaşmak üçin ýol kireýime sarp etmäge taýýar"- diýip Tanalowa aýtdy. Onuň taslamasy "Ýeňme" jemgyýetçilik guramasy tarapyndan amala aşyrylýan taslamalarynyň biridir.
Taslamany ýola goýulandan bir aý soňra, ol eýýäm 23 töweregi maýyplygy bolan adamara hyzmat edip, olara özbaşdak ýaşamaga ýardam edýär.
“Meniň durmuşymda öwrülişik pursaty 2015-nji ýylda meniň Gazagystana giden wagtymda boldy. Maýyplygy bolan adamlaryň özbaşdak ýaşamagy üçin ukyplaryny ösdürmek boýunça bir hepdelik okuwlara gatnaşmak daşary ýurda meniň ilkinji saparym boldy. Men bu okuwlary meniň özüm ýaly maýyplygy bolan adamlar tarapyndan geçiriljekdigine garaşmaýardym. Men maýyplygy bolan adamlar özgerişikleriň bir bölegi bolup biljekdigini görüp, gaty geň galdym"- diýip Tanalowa aýtdy.
Şeýle hem, ol maýyplygy bolan aýallar üçin mümkinçilikleri ýokarlandyrmak boýunça başga bir okuwlara gatnaşmak üçin 2017-nji ýylda Täjigistana gitdi. Maýyplygy bolan aýal hökmünde bilimini we ösüşini, özbaşdak durmuşda ýaşamak ukybyny ýokarlandyrmak üçin ähli ýerli mümkinçiliklerden peýdalanyp, ol “Ýeňme” jemgyýetçilik guramasy tarapyndan geçirilýän çärelere gatnaşyp başlady.
Onuň toplan tejribesi oňa özgermäge ýardam etdi. "Men özüm üçin we beýleki adamlar üçin köp işleri amala aşyryp biljekdigime düşündim,"- diýip jemgyýetçilik guramasynda işe başlan Tanalowa aýtdy. "Munuň özi beýleki adamlara ýardam etmek üçin ukybymy durmuşa geçirmäge mümkinçilik beren ýokardan gelen sowgatdyr".
Türkmenistanda BMGÖM-niň tarapyndan bölekleýin maliýeleşdirilýän maýyplygy bolan adamlarüçin täze durmuş hyzmatlary BMG-niň we Türkmenistanyň Bilelikdäki maksatnamasynyň çägindesynagdan geçirilýän 12 sany täze durmuş hyzmatlarynyň biridir. Tanalowa tarapyndan edilýän hyzmatlar maýyplygy bolan adamlara goldaw bermäge gönükdirilendir. Şol bir wagtyň özünde, Bilelikdäki maksatnama BMG-niň düzümleýin guramalarynyň, şeýle hem olaryň Aşgabatda we beýleki sebitlerdäki hyzmatdaşlarynyň goldawy bilen ene-atasyz çagalara, töwekgelçilikdäki ýaşlara, jyns esasynda zorluga we islenilmeýän göwrelilige duçar bolýan aýallara, ýeke ýaşaýan gartaşan adamlara we ötüşen keselli adamlara gönükdirilen ýöriteleşdirilen hyzmatlary synagdan geçirýär.
"Durmuş hyzmatlary maýyplygy bolan adamlaryň şahsy kömekçiniň ýardamy bilen agyr durmuş ýagdaýlaryny ýeňip geçmek we ähli mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek, şeýle hem internat görnüşde ýöriteleşdirilen edaralara düşmezlikleri üçin zerur goldawy almaklary üçin döredildi" -diýip Timur Dosmamedow BMG-niň we Türkmenistanyň durmuş hyzmatlary boýunça bilelikdäki maksatnamasynyň BMGÖM-da işleýän dolandyryjysy aýtdy.
Aýratyn goldawa mätäçlik çekýän maýyplygy bolan adam “Ýeňme” jemgyýetçilik guramasyna ýa-da durmuş işi boýunça hünärmenlerine ýüz tutup biler. Tanalowa we onuň topary, şahsy zerurlyklara, şeýle hem maşgala saglygy, dikeldiş ýa-da bedenterbiýe ýaly ugurlarda hyzmatlar bilen üpjün etmekmümkinçiligine baha berýärler.
Özbaşdak durmuş - deň mümkinçiliklere, öz ykbalyňy kesgitlemäge we özüňe hormat goýmaga çalyşýan maýyplygy bolan adamlaryň bütindünýä hereketidir. “Ýeňme” jemgyýetçilik guramasyndan Tanalowanyň topary raýat jemgyýeti guramalary tarapyndan hödürlenýän hyzmatlary bermek arkaly Türkmenistanda bu çemeleşmäni synagdan geçirýär.
Bu synag hyzmatynyň üstünlikli tamamlanmagy karar berýänlere diňe bir maýyplygy bolan adamlaragoldaw bermek bilen çäklenmän, eýsem olaryň karar kabul etmek boýunça işlere gatnaşmagyna itergi berer diýip umyt edýäris.
"Maýyplygy bolmadyk adamlar biziň gündelik aladalarymyzyň ähli pursatlaryny görüp ýa-da duýup bilmeýärler" – Tanalowa diýýär. "Biz öz ýagdaýymyzyň ýeke-täk bilermenidiris".
Tarapyndan ýazylan
Guljahan Gochova
UNDP Project Specialist/Communication Specialist for Joint Programme